Mazmuna geçiň

Şokolat

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Häzirki wagtda öndürilýän şokoladyň  esasyny kakao agajynyň dänesinden  alynýan iki önüm  kakao bilen onuň ýagy düzýär.

   Kakaonyň düzüminde adamyň bedeni üçin zerur iýmitlendiriji maddalar : uglewodlar, beloklar,witaminler(esasan,B topara girýän witaminler) we minerallar bar. Düzümindäki  kakaonyň mukdaryna laýyklykda şokoladyň 3 görnüşi tapawutlandyrylýar. Ajy şokoladda kakaonyň 60%-den gowragy, süýtli şokoladda 30%-e golaýy saklanýar. Ak plita esasan, kakao ýagyndan ýasalýar.

   Dişleri, süňkleri pugtalandyrýan, derini çeýeleşdirýän, ýürek urgusyny kadalaşdyrýan, nerwleri köşeşdirýän kalsiniň esasy çeşmesi bolan süýt, sokoladyň tagamyny düýpgöter üýtgedýär,ony has peýdaly önüme öwürýär. Süýji şokolad plitkasyndaky ýaglar, uglewodlar ajy şokoladdakydan az däl, belok,kaliý, kalsiý, fosfor, B2 witamini bolsa has köp. Süýji şokolad ýokary kaloriýaly önüm. Düzümindäki ýaglar we süýji beden üçin esasy kuwwat çeşmesi bolup durýar. Kalsiý, magniý, myşsalaryň we nerwleriň kadaly işini üpjün etmek üçin ýeterlik. Şonuň üçin süýtli şokolad çagalar, sport we uly fiziki güýç talap edýän zähmet bilen meşgullanýan uly ýaşly adamlar üçin has peýdaly.

    Şokoladdaky uglewodlar tiz özleşýär. Düzümindäki kofein bir käse kofedäkiden 6 esse az.Ýöne ýürek–damar we nerw ulgamyna ýeňil stimulirleýji täsir etmek üçin ýeterlik. Üstesine ýürek  kesellerinden ejir çekýän adamlar üçin zyýanly däl.

     Ähli süýjileriň arasynda dişleriň sagdynlygyna has az howp salýany şokolad. Onuň düzümindäki kakao ýagy dişleri gorag perdejigi bilen örtýär.Şeýdip diş syrçasynyň ýumrulmagynyň öňüni alýar.

     Şokolad dürli reňkli, suratly, möçberli gutulara gaplanylyp ýa-da kagyzlara dolanylyp, satuwa çykarylýar, uzak wagtlap tagamyny, hilini, peýdaly elementlerini ýitirmeýär.Şonuň üçin ony satyn almak, ýanyňda götermek, öýde (sowadyjyda) saklamak artykmaç alada talap etmeýär. Adaty we baýramçylyk günlerinde saçaga goýmak, çagany begendirmek, birek-birege sowgat bermek üçin satyn almak, öýde saklamak oňaýly, amatly we ýakymly.