Mazmuna geçiň

Ýuriý Oleşa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ýuriý Oleşa

(1899-1960)

Tanymal rus ýazyjysy Ýuriý Oleşa Rus imperiýasynyň Ýelisawedgrad şäherinde, belorus dworýanlaryň maşgalasynda dünýä inipdir. Onuň kakasy salgytçy bolup işleýän eken. 1902-nji ýylda maşgala Odessa göçýär. Bu ýerde Ýuriý gimnaziýa okuwa girýär. Eýýäm 16 ýaşyndaka onuň «Klarimonda» atly goşgusy çap edilipdir. 1917-nji ýylda Oleşa Odessa uniwersitetine kabul edilýär. Okuwynyň daşyndan gälämgär bolup işleýär, goşgy ýazýar. 1922-nji ýylda ýazyjy Moskwa göçýär. Bu ýerde ol ilkibada felýeton hem makalalary bilen çykyş edip ugraýar.

1924-nji ýylda Oleşa «Üç sany çişik» atly erteki-romanyny döredýär. Emma eser diňe 1928-nji ýylda çap edilýär. Oňa çenli Ýuriý Oleşa özüniň «Görüplik» (1927) atly ikinji romanyny çap etdirip ýetişýär. Bu eser okyjylarda uly gyzyklanma döredýär, tankytçylar bolsa romany XX rus edebiýatynyň iň naýbaşy eserleriniň biri hasaplaýarlar. 1929-njy ýylda ýazyjy bu eseriniň esasynda «Duýgylaryň dilleşigi» pýesasyny döredýär. Hupbatly 30-njy ýyllarda ýurduň syýasy ýagdaýy sebäpli Oleşa köp eser döredip bilmeýär. 1936-njy ýyldan başlap onuň esasy eserleriniň çap edilmegi saklanylýar, gadagan edilýär.

Beýik Watançylyk urşy döwri Oleşa Aşgabatda ýaşapdyr. Soň ýene Moskwa dolanypdyr. Halkymyz uruş döwri görkezen ruhy berkligi, gujur-gaýraty hem tutanýerliligi bilen ýazyjyny haýran galdyrypdyr. Bu ýerde ol «Türkmen» atly hekaýasyny döredýär.

Ömrüniň ahyrynda Oleşa özüniň ömri barada, döwri barada kitap ýazyp ugrapdyr. Ol ýazyjynyň ýogalmagyndan bir ýyl geçeninden soň, 1961-nji ýylda «Setirsiz günüm geçmez» ady bilen çap edilipdir.

Oleşanyň ussatlyk bilen döredilen, metaforadan we allegoriýadan doly eserleri soňky dörän hem indiki dörejek ýazyjylara özboluşly mekdep bolup galdy.