Mazmuna geçiň

Ýer eýeçiliginiñ görnüşleri

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ýer eýeçiliginiñ görnüşleri:

Ýer suw paýlamak we oña gözegçilik etmek işleri hem oba jemagaty tarapyndan amala aşyrylypdyr. Türkmen jemgyýetçilik hojalyk durmuşynyñ esasyny ýer – suwa bolan eýeçilik düzüpdir. Onuñ sanaşyk, mülk, atlyk, wakyf ýaly görnüşleri bolupdyr.

Ýer – suw oba jemagatynyñ agzalarynyñ sanyna görä öz aralarynda bije atmak arkaly paýlaşylan görnüşine köplenç sanaşyk ýer eýeçiligi diýipdirler. Türkmen adatyna görä jemagatyñ her bir agzasyna onuñ kimligine garamazdan diñe bir ýer-suw paýy berilipdir. Ölçeg birligi hökmünde ýer däl-de suw hasap edilipdir.

Her obanyñ hany, serdary, miraby işany, mollasy bolup, olaryñ ilat arasynda sarpasy uly bolupdyr, şonuñ ýalyda olaryñ jemagatyñ tabşyrygyny ýerine ýetirýänligini nazarda tutulyp olara goşmaça ýer-suw paýy berlipdir. Oña sylag suwy diýipdirler.

Mülk ýerler sanaşyk ýerler bilen berk baglanyşykly bolupdyr. Ýurt ýeri hökmünde berilýän ýerlere mülk ýeri diýlip atlandyrylypdyr. Mülk ýeriniñ möçberi hemme ýerde birmeñzeş bolmandyr.

Hywa we Lebap türkmenlerinde ýer-suw eýeçiligi başgarak görnüşde bolupdyr. Sebäbi ol ýerlerde ähli ekerançylyk we öri meýdanlary hökümdarlaryñky – döwletiñki hasaplanypdyr.