Ýalaňaçdepe

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ýalaňaçdepe edil Namazgadepe, Göksüýri, Garadepe we beýlekiler ýaly eneolit döwrüne degişli ýadygärlikleriň biridir. Ýalaňaçdepeden we Göksüýrüden tapylan keramikanyň ýüzündäki adam heýkeliniň töwereginde 15 sany tegelek Gün şekili bar. Şol ýerden tapylan başga bir heýkelde-de 15 sany oýma bellik bar. Bu duş gelýän 《15-lik》gadymy ekerançylaryň senenamasy bolup, 1 ýyl-15 aý, her aý bolsa 24 günden ybarat bolupdyr diýip alymlar çaklaýarlar (1 ýyl 360 gün bolupdyr). Şeýlelikde, iň gadymy senenama Türkmenistanyň çäklerinde IV müňýyllygyň ahyrlarynda III müňýyllygyň başlarynda ýüze çykypdyr diýip aýtmaga esas bar.