Mazmuna geçiň

Çypar içýan

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Çypar içýan toprakda: ýer jaýryklarynda, daşlaryň aşaklarynda, sary garynjalaryň hinlerinde, ösümlik galyndylarynyň aşagynda ýaşaýar. Olar yssylygy, gyzgynlygy gowy görýärler. Içýan dürli mör-möjekler bilen iýmitlenýär.

Bedeni ýapbaşyk, gaty örtük bilen örtülip, guýma kellekükrekden we garyndan ybaratdyr. Kellekükrek 4 sany kelle we 2 sany kükrek bogunlarynyň birleşmesinden ybarat. Garyn iki bölümden: 7 bogundan we 5 bogundan ybarat, yzky garyndan durýar. Käbir adamlar içýanyň yzky garnyny, onuň guýrugy diýip ýalňyş düşünýärler. Içýanda guýruk bolmaýar. Yzky garyn bölüminiň ujundaky zäher öndürýän syna telson diýilýär. Telsonyň aşak tarapynda içýanyň artbujak deşigi ýerleşýär. Kellekükregiň arka tarapynda bir jübüt, onuň öň gyrasynda bolsa, topbak bolup duran 5 sany göz ýerleşýär. Kellekükregiň 6 bognunda jübüt ujaklar ýerleşýär. Olaryň 1-njy jübütinde heliserler diýilýär. Heliserler ýokary äňlerdir, olaryň kömegi bilen awlary tutýarlar, çeýneýärler. 2-nji jübütine pedipalplar diýilýär. Olaryň ujunda gysaç ýerleşip, olar awlary tutmak üçin hyzmat edýärler. Pedipalplaryň üstünde köpsanly tüýjagazlar bolup, olar duýujylygy amala aşyrýarlar. 3, 4, 5, 6-njy jübüt ujaklar bolsa aýaklarydyr. Içýanyň öňki garyn bogunlary örän az hereketli, yzky garyn bogunlary bolsa işjeň hereketli birleşen. Şoňa görä-de, içýan goranjak ýa-da hüjüm etjek bolanda yzky garnyny («guýrugyny») islendik tarapa, esasanda, üstbaşaşyr öňe uzadyp bilýär. Telsonda 2 sany zäher öndürýän mäz bar. Olardan aýrylyp gidýän zäher geçiriji ýoljagazlar birleşip, iňňäniň içinde zäher geçiriji ýoly emele getirýärler. Içýan duşmanyny ýa-da awlaýan haýwanyny pedipalplary bilen tutýar, yzky garnyny öňe ýarym aýlaw görnüşinde galdyrýar, soňra iňňeli ujuny kellekükrekden üstaşyr öňe uzadýar we iňňesini sançýar. Onuň zäheri ölüm howplydyr. Çypar içýan Türkmenistanyň çöllerinde, daglarynda, baýyrlyk ýerlerinde, oazislerinde, hat-da ýaşalýan ýerlerde, daşlaryň aşaklarynda giňden ýaýrandyr.