Mazmuna geçiň

Çynar Jumaýewa Şaýmerdanowna

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Çynar Jumaýewa Şaýmerdanowna
Doglan wagty we ýeri18.07.1975
Lebap wel. Dänew etr. Dostluk obasy.
KäriAýdymçy
MilletiTürkmen
BilimiAzady adyndaky dünýä dillerr instituty
Esasy baýraklary"Watana bolan söýgüsi ücin "(2024)

Çynar Jumaýewa Şaýmerdanowna - türkmen aýdymçysy

Biografiýasy

[düzet | çeşmäni düzet]

18.07.1975 ýylda Türkmenistanyñ Lebap welaýatynyñ Dänew etrabynyñ Parahat daýhan birleşiginiñ Dostluk obasynda eneden doglan.

Başlangyç bilimi obasyndaky 10-njy orta mekdebi gutaran. Orta bilimi alanyndan soñra, 1992-nji ýylda Lebap welaýatynyñ çägindäki Seýdi şäherindaki hünärment mekdebinde orta hünär bilimini aldy we şol orta hünärment mekdebiniñ tans toparynyñ ýolbaşçysy bolup zähmet ýoluna başlady. Şol ýyl Seýdi Şäheriniñ medeniýet bölüminde aýdymçy, çagalar bagynda terbiýeçi, aýdym-saz mugallymy, bolup hem zähmet çekdi. 1993-nji ýylda Sankt Peterburgyñ Ynsanperwer ylymlary boýunça ýokary okuw mekdebiniñ sungat bölüminiñ medeni çärelerini gurnaýjy we menejeri bölümine gaýybana ( Санкт-Петербургский гуманитарный университет профсоюзов) okuwa girdi.

1998-nji ýylda Dänew etrap medeniýet bölüminde aýdymçy hünärine iş başlady.

1999-njy Ýañlan Diýarym telebäsleşiginiñ gatnaşyjysy.

2001-nji ýylda "Saýatly-Hemra" spektaklynda Saýat hanyñ obrazyny ýerine ýetirdi.

2002-nji ýylyñ mart aýynda Türkmenistanyñ Prezidentiniñ "Türkmeniñ altyn asyry" bäsleşiginiñ ýeñijisi we Türkmenistanyñ Prezidentiniñ altyn zynjyry,

2002-nji ýylyñ maý ayynda "Türkmenistanyñ at gazanan artisti" hormatly adynyn eýesi boldy.

2002-nji ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Rus dili we edebiýaty fakultetine okuwa girdi we 2006-njy ýylda tamamlady.

instagram sahypa

Durasyň geler

Joş olmasyn

Durasyň geler

Ýoldaşy Döwranow Gurbangeldi. 04.02.1972. 2002-nji ýylda durmuşa çykan.

Döwranow Berdimuhemmet 2005

Döwranowa Aýnur 2013

Baýraklary

[düzet | çeşmäni düzet]
  • 2024-nji ýylda Türkmenistanyn Prezidentiniñ permany bilen "Watana bolan söýgüsi ücin " medaly bilen sylaglandy.