Mazmuna geçiň

Çekişme:Eziz han

Page contents not supported in other languages.
Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Eyiz Han - 2022nji ýylyñ ýazynda akgwardiýaçylar Eyiz han Çapyk ogluny atmak üçin Krasnowodskiniñ gyrak çetine çykarýarlar. „ Ýüregimden atyñ ! – ol barmagy bilen kükregini görkezýär hem-de : -- ýöne musulmançylyga laýyk jaýlañ diýip,han olardan towakga edýär.Eziz han özüni şeýle mert alyp barşyna hatda onuñ jellatlary-da haýran galýarlar. Eziz han kim bolupdyr?Ol okuw kitaplarynda,edebi eserlerde,kinoda,teatrda häzirki döwre çenli „ Galtaman „Milletçi „,öz halkynyñ duşmany hökmünde düşündirilip gelindi.Dogry,ol öz ýaşan zamanasy ýaly gapma-garşy-lykly şahsiýetdi. „ Kim biziñ bilen bolmasa,onda ol bize garşydyr „diýen ýörelgä eýerleýän ýowuz döwrüñ perzendidi. Çapyk(Gurbanmämmrt) serdaryñ ogly Eziz 1887nji ýylda Ahalyñ Herrikgala obasynda dogulýar. Çapyk serdar utamyş tiresiniñ bagşy-miriş taýpasyndan bolup,alamançylaryñ ýolbaşçy hökmünde tanalypdyr.Eyiz hanyñ atasy Nepes kuwwat hem ýaşlyk döwründe alamançylyk edipdir.Hatda,ol üç ýyllap gyzylbaşlarda ýesirlikde hem bolupdyr.Eyiz hanyñ kakasy bilen atasy Gökdepe galasynyñ goralyşyna aktiw gatnaşypdyrlar. Çapyk serdar kellesindäki we ýüzündäki alty sany ýara iziniñ ikisini Gökdepe urşunda alypdyr.Garyp düşen Çapyk serdar 1917nji ýylda aýaly Ogulgerek,ogullary Salyh,Kasymguly hem-de Eyiz bilen bilelikde Ahalyñ Tejeniñ Agalañ obasyna göçüp barýar we daýhançylyk bilen meşgul bolýar. Birinji jahan urşunda Türkmenleri goşuna çagyrmadyk Patyşah hökümeti birdenkä erkek adamlary tyl işlerini çekmek barada perman berýär.Tejeniñ daýhanlary mirap Eziz çapygyñ başda durmagynda päleçilik üçin toplanylan adamlaryñ ugradylmagynda päsgelçilik berpdirler, ýaragly toplañ turzupdyrlar. Hökümet topalañy basyp ýatyrmak üçin olaryñ üstüne jeza beriji oterýady sürýär.Eziz han özüniñ has wepaly adamlary bilen birlikde ilki Tejeniñ aşak tarapynda gizlenýär,soñ bolsa Eýrana ,ondan hem Owganistana gidýär.Fewral rewoýusiýasyndan soñ Eziz han Tejene gaýdyp gelýär. Türküstaniñ ähli ýerinde bolşy ýaly bu ýerde hem iki häkimistanlyk höküm sürýärdi. Garagçylyk,ogurlyk barha artardy,açlyk abanyp gelýärdi Tire aksakgallary,Mollalar,Baýlar,daýhanlar Tejen ilatynyñ geñeşinde Eziz handan nökerlere ýolbaşçylyk etmegi haýyş edýärler.Jemi 50sany atly nöker oña tabşyrylýar.Eziz han tiz wagtda talañçylygyñ tepbidin okap,baýlaryñ artykmaç gallasyny elinden alyp,daýhanlara paýlaýar.

Start a discussion about Eziz han

Start a discussion