Eziz han
EZIZ HAN
1919-nji ýylyñ ýazynda akgwardiýaçylar Eziz han Çapyk ogluny atmak üçin Krasnowodskiniñ gyrak çetine çykarýarlar. „Ýüregimden atyň!” – ol barmagy bilen kükregini görkezýär hem-de: -- ýöne musulmançylyga laýyk jaýlaň diýip, han olardan towakga edýär. Eziz han özüni şeýle mert alyp barşyna hatda onuň jellatlary-da haýran galýarlar. Eziz han kim bolupdyr? Ol okuw kitaplarynda, edebi eserlerde, kinoda, teatrda häzirki döwre çenli “Galtaman”, „Milletçi”, “Öz halkynyñ duşmany” hökmünde düşündirilip gelindi. Dogry, ol öz ýaşan zamanasy ýaly gapma-garşylykly şahsyýetdi. “Kim biziň bilen bolmasa, onda ol bize garşydyr” diýen ýörelgä eýerleýän ýowuz döwrüň perzendidi. Çapyk(Gurbanmämmet) serdaryň ogly Eziz 1887-nji ýylda Ahalyň obasynda dogulýar. Çapyk serdar utamyş tiresiniň bagşy-miriş taýpasyndan bolup, alamançylaryň ýolbaşçysy hökmünde tanalypdyr. Eziz hanyň atasy Nepes kuwwat hem ýaşlyk döwründe alamançylyk edipdir. Hatda, ol üç ýyllap gyzylbaşlarda ýesirlikde hem bolupdyr. Eziz hanyň kakasy bilen atasy Gökdepe galasynyň goralyşyna aktiw gatnaşypdyrlar. Çapyk serdar kellesindäki we ýüzündäki alty sany ýara yzynyň ikisini Gökdepe urşunda alypdyr. Garyp düşen Çapyk serdar 1917-nji ýylda aýaly Ogulgerek, ogullary Salyh, Kasymguly hem-de Eziz bilen bilelikde Ahalyň TejeniňAgalaň obasyna göçüp barýar we daýhançylyk bilen meşgul bolýar. Birinji jahan urşunda türkmenleri goşuna çagyrmadyk patyşa hökümeti birdenkä erkek adamlary tyl işlerini çekmek barada perman berýär. Tejeniň daýhanlary mirap Eziz çapygyň başda durmagynda päleçilik üçin toplanylan adamlaryň ugradylmagynda päsgelçilik beripdirler, ýaragly toplaň turzurypdyrlar. Hökümet topalaňy basyp ýatyrmak üçin olaryň üstüne jeza beriji otrýady sürýär. Eziz han özüniň has wepaly adamlary bilen birlikde ilki Tejeniň aşak tarapynda gizlenýär, soň bolsa Eýrana, ondan hem Owganystana gidýär. Fewral rewoýusiýasyndan soñ Eziz han Tejene gaýdyp gelýär. Türküstaniň ähli ýerinde bolşy ýaly bu ýerde hem iki häkimistanlyk höküm sürýärdi. Garagçylyk, ogurlyk barha artardy, açlyk abanyp gelýärdi. Tire aksakgallary, Mollalar, Baýlar, daýhanlar Tejen ilatynyň geňeşinde Eziz handan nökerlere ýolbaşçylyk etmegi haýyş edýärler. Jemi 50 sany atly nöker oňa tabşyrylýar. Eziz han tiz wagtda talaňçylygyň tepbidin okap, baýlaryň artykmaç gallasyny elinden alyp, daýhanlara paýlaýar. Garamaýak halk şundan soň Eziz hanyñ töwerigine has pugta jebisleşip başlaýar. Halk Eziz hany Tejen deputatlar soweti bilen goşulyşan wolos ýerine ýetiriji komitetiniñ başlyklygyna hrm saýlaýar. Oktýabrdan soň Eziz han sowetleriň tarapyna geçýär. Sowetler Eziz hanyñ nökerlerini ýaraglandyrandan soň, olaryň bir bölegini Türküstan hökümetini goramak üçin Daşkende, beýleki bölegi bolsa A.I.Dutowyň Ak kazaklaryna garşy söweşmek üçin fronta iberýärler. 1918-nji ýylyň iýulynda Zakaspy es-erleriñ we menşewikleriň pitnesi bolup, ol Sowet häkimiýetiniň ýykylmagyna we Türkmenistanyň Iňlis interwenleri tarapyndan eýelenilmegine getiripdir. Şol iýul günlerinde Eziz hanyň fronta we Daşkende iberilen nökerleri ýaragsyzlandyrypdyr. Komissarlarda ynamsyzlyk hem şübhe döreden pitne, Türkmen jigitleriniň Türküstan hökümetiniň gullugynda bolup-bolmazlygyň ykbalyny çözen bolmaga çemeli. Özüne edilen bu ynamsyzlygyñ Eziz hanyň Sowet häkimiýetine bolan gatnaşygyna täsir etmän durmajakdygy tebigi zatdyr. Şeýlelikde, Eziz han pitneçileriň tarapyna geçýär we milli akgwardiýaçy güýçleriň Oraz serdaryň ýolbaşçylygynda gulluk edýär. Ýöne ol hiç kimiň buýrugyny ýerine ýetirmeýär, hiç kime boýun synmaýar. Oraz serdaryň ilatyň gallasyny hem beýleki azyk önümlerini alýandygyny göz ýetirenden soň, Eziz han onuň bilen tersleşip, ol nökerlerini akgwardiýaçylaryň bolýan ýerinden aýyrýar we Agalaňa çekilýär. Şol ýerde onuň öňden tygşytlap goýan ep-esli bugdaýy bar eken. Bu iki serdaryň arasyndaky jetligiň soňunyň duşmanlyga ýazmagyň düýp sebäbi häkimiýet ugrundaky göreşdi. Tejen hem Mary oazisinde öz hanlygyny döretmäge çalyşýan Eziz han Türkmen topragyna hökümdar bolmagynyň arzuw edip ýören Oraz serdaryň garamagynda gulluk etmek islemändir. Eziz han Tejen oazisinde öz häkimiýetini berkarar edenden soň, häkimiýetleriň buýruglaryna garamazdan, Tejenden galla äkidilmegini gadagan edipdir.Salgyt hem gümrük ýygymny ýygnapdyr, geljekki hasylyň aladasyny edip ekiş, gazy-hasar işleri bilen meşgullanypdyr. Tejenleriň adamçylyk mertebesini özçe goramagy başarypdyr, gerek bolanda juda zabun daramakdan hem gaýtmandyr.Eziz han ýerli baýlardan duşmanlaryñ köpüsini tussag edipdir.Olaryñ birnäçesini öldüripdir,birnäçesini hununy talap edipdir.Tejen hanynyñ „ eden-etdiligi „ hökümetiñ we aklar armiýasynyñ başlyklaryny gaty gaharyny getiripdir.Emma Eziz han her näme-de bolsa öz ýolundan dänmändir.Ol gallany öz halky üçin gorap saklamakda örän tutanýerlilik görkezipdir.Hatda Agalañy basyp almak üçin ilki Gyzyllaryñ soñra aklaryñ çozuşyndaky ýaly gandöküşikler hem ony raýyndan gaýtaryp bilmändir. Daýhanlaryñ serdary hökmünde ykrar edilen Eziz hanyñ kakabaşlygyna,hüý-häsiýetine düşünmek hem-de onuñ edýän hereketlerini düşündirmek üçin Türkmen halkynyñ geçmiş taryhyny oñat bilmek gerek.Onuñ ýaşan döwrü- nde heniz patyşah goşunlarynyñ basabalyjylykly çozuşlary netijesinde Gökdepede dökülen nähak ganlar halkyñ añyndan çykyşmandy. Eziz han Türkmenleriñ 1916nji ýyldaky gozgalañyny patyşah goşunlarynyñ gana gark edenini gözi bilen görüpdi. Koloniýal systeme sezawar edilen Türkmen daýhanlarynyñ añynda Russlaryñ hemmesine bolan ynamsyzlyk pugta ornaşypdy,her bir Russ adamsyna eziji hökmünde garalýardy.Şonuñ bilen birlikde wekilleriniñ agramly bölegi köne endik boýunça Türkmenlere ynam etmeýän ýa-da olara ulumsylyk bilen garaýan Russlardan ybarat bolan Sowet häkimiýetine hem Eziz hanyñ nä derejede ynanyndygyny aýtmak kyn. Eziz han bir zada anyk göz ýetiripdir ; Sowetleriñ barlygynda oña hanlyk ýetdirjek däldi.Dogry,Aşgabat hökümeti Eziz hanyñ halk arasyndaky abraýynyñ uludygyny göz öñune tutup,ilkibadalar oña päsgel bermän,gaýtan ýalyñjañlyk hem edipdi. Elbetde,“ ýeke-täk we bitewi Russiýanyñ „ dikeldilmegi hakyndaky monarhyk ideýany kalbyna besleýän A.I Denikin hem Zakaspynyñ „ özbaşdakdan soñ,Eziz han her nämede bolsa,Sowetleriñ tarapyna geçmegi dogry tapýar we öz maksadyny Sowet häkimiýetine ýetirmek üçin ýörite adam iberýär.Ýöne ol gijä galypdy – Eziz hanyñ takdyry eýýäm çözülipdi. Akgwardiýaçylar Inglisleriñ ýanyndan kömek etmekleri netijesinde Eziz hany tussag edýärler hem-de ony „ Galtaman „ hökmünde garalap atýarlar. Eziz han şahsy durmuşynda nähilli adam bolupdyr ? Ol dine ynanýan adam hökmünde ähli dini däp-dessurlary pugta berjaý edipdir, arakdan,neşeden arassa bolupdyr.Onuñ dört sany aýaly bolup,şolardan başga göz gyzdyr- mandyr.Birinji aýaly Orazdursun Hajymuhammet atly ogluny dogurup,ýaş üstünden ýogalypdyr.Ikinji aýaly ogul- näzik bolsa agasy kasymguly ölenden soñ oña dakylypdyr. Ondan ogulabat gyz,hem Eziz han ýogalandan dört aý geçensoñ,Döwranmuhammet atly ogul bolýar. Daýhanlar serdary nähak atylyp öldürlenden soñ ýarym ýyl geçen soñ bolsa üçünji aýaly Aýnabatdan Amanmuhammet (Hummat ) dünýä inýär.Tussag edilmeziniñ öñ ýanynda öýlenen asly maryly iñ ýaş – dördünji aýaly näzikden bolsa nesil galmandyr. Serdar ölenden soñ Eziz hanyñ agasy Salyh Aknäzigi Mara – atasy öýne äkidipdir.1937nji ýylyñ tutha-tutlygy Eziz hanyñ çagalaryndan,hatda onuñ doganlarynyñ agtyklaryndan hem sowlup geçmändir. Serdaryñ ogullarynyñ üçüside ýedi ýaşyndaka gören kakasynyñ keşbi çala ýadyna düşýän Hajymuhamet-de, hatda kakasyny görmedik,ol ýogalandan soñ dünýä inen Döwranmuhammetdir,Amanmuhammetde(Hummat) gözenegiñ añrysyna düşmeli boldy.Hajymuhammet bilen Amanmuhammet on ýyla ýakyn tussaklykda bolup,sag-aman öýlerine dolanyp gelipdirler. Eziz hanyñ agasy Salyh çapyk hem öz gyzy Amangözel(ýazyjy Baba japarowyñ aýaly)bilen birlikde sürgün edilýär we şol ýerde ýogalýar. Takdyr diñe Eziz hanyñ ýany-ýañylara çenli Aşgabat etrapynyñ „ Akdaşaýak „ (öñki sosýalizim) kolhozynda ýaşan ýalñyz gyzy Ogulabady tutha-tutlykdan aman saklapdyr. Muña-da onuñ durmuşa çykyp familiýasyny ütgetmegi sebäp bolupdyr.Eziz hanyñ iñ kiçi ogly Amanmuhammet ( Hummat) häzir owadandepede sag-aman ýasap ýör. Häzir Eziz hanyñ agtyk-çowlyklary dogduk obasy Herrikgalada ýasmansalyk obasynda,Aşgabatda we Türkmenistaniñ beýleki ýerlerinde ýaşaýarla.