Mazmuna geçiň

Ärsary taýpasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ärsary uly türkmen nebereleriniň biri. Olar toparlaýyn bolup Türkmenistanyň günorta-gündogarynda, Owganystanyň demirgazygynda, Päkistanda ýaşaýarlar. Umumy sany 2,1 million töweregi(3 milliondan gowrak). Onuň takmynan 1 Türkmenistanda, 900 müňi (Owganystanda 1,5 milliondan gowrak Ärsary bar) Owganystanda, 200 000-de Päkistanda, Türkiýede, Özbegistanda,Täjigistanda, Russiyada,Eýranda, Germaniyada,Angliýada, ABŞ-da we beýleki ýurtlardadyr. Ärsary kabylasynyň dört sany baş goly bardyr. Bular Bekewül, Gara, Güneş, Uludepe. Ärsarylar Oguz (Dağhan oglundan Salyr agtygyndan)türkmenleriniň agtyklarydyr. Oguzlaryň ilkinji taýpasyna degişlidirler. Oguzlaryň Gynyk taýpasyndan bolan Seljuk türkmenleriň hem Ärsarylardyr diýlen düşünjelerde bardyr. Gepleýiş şiweleri türkmen dilinde bolup Türkmenistanyň resmi dili bilen seredilende, grammatik taýdan Türkiýa türkçesine has golaýdyr. XIII asyrda Mongol çozuşlaryndan soňra türkmenleriň uly bölegi günümizdäki Azerbeýjana we Türkiýa, Yraga, Siriya göçüş edipdirler. Yzda galan Türkmenler bolsa, Saýyn han türkmenleri adynyň astynda Mangyşlak ýarymadasy we Balkan daglarynyň töwereklerinde bir birleşigi gurupdyrlar. Ol wagtlarda Çingiz hanyň agtygy Baty han tarapyndan gurulan Altyn Orda döwletiniň hanlary Saýyn han unwanyny (lakam-dereje) göteripdirler we türkmenleriň ol ýerde ýaşan ýerleri Altyn Orda döwletiniň töwereklerine degişli bolany üçin bu ýerdäki Türkmenlere Saýyn han türkmenleri hem diýlipdir. XIII asyryň ortalarynda Salyr boýundan Ärsary baba (Batyr Ärsary, Ärsary baý) atly tûrkmen serdary Mongol çozuşlaryndan soňra Orta Aziýadaky dagynyk ýaşaýan türkmenleri Saýyn han türkmen birleşigi astynda onuň töweregine toplapdyr we türkmenler Iç Oguz we Daş Oguz bolup özlerini gorapdyrlar. Bu hakda Hywa hany Abi-Al-Gazy Bahadur hanyň «Şejereýi-Teräkime» atly eserinde ýazylypdyr. XVII asyrda Mangyşlak ýarym adasyndaky we Üstýurt töwereklerinde oturan türkmenler gündogara hereket edipdirler. ( Bir bölegi Çowdurlar we Igdirler bilen bilelikde Russiyanyñ Stawropol ülkesine göçüpdirler, Söyünjajy türkmenleri.)Sebäbi Jeýhun derýasynyň Hazar deňzine aýrylan golunyň kesilmegi we suwsuzlyk başlanandygy sebäplidir. Ärsary kabylalary ýaşaýyş şertleri gowy bolan ýerde Amyderýanyň (Jeýhun) orta akymlaryna tarap göçüş edipdirler we bu ýerleri mekan tutunypdyrlar. XIX asyra çenli bu ýerde garaşsyz bolup ýaşapdyrlar. XIX asyrda Buhara Emirligine bergi bermek we esger hökmünde adam bermek bilen kynçylykda ýaşaýarlar. Şol wagtlar Ärsarylaryň bir bölümi Rus häkimýeti astyna giripdir, galan bir bölegi-de, iňlis-rus serhet çekişmelerinde Owganystanda galypdyrlar. (Owganystanda orta asyrlardan bäri yaşayan Ärsarylar “watani” ady bilen belli, XX-nji asyryñ 20-30njy ÿullarynda göçenlere bolsa “gelmişekler”) Bu gün köplük hökmünde, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda, Mary welaýatynyň Türkmengala we Baýram-Aly etraplarynda, Aşgabat şäherinde, Owganystanyň Hyrat, Şibirgan, Anthoý (Antguýy), Mazary Şerif, Akja, Meýmene, Daş-Gurgan, Balh, Juzjan, Gunduz, ýerlerinde ýaşaýarlar. Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýaşaýan Alililer hem Ärsary kabylasynyň bir goly hasap edilýär. Ärsarylaryň belli şahsyýetleri: Seýitnazar Seýdi, Gaýyby, Soltannyýaz beg, Halypa Gyzylaýak, Kemal han Owgany, Rehmet Seýit, Muhammetnazar Gapurow.Idrisbaba, Nyýazguly Halypa, Abdyrahym Zynhary, Allaguly Allahy, Myrat Şahyr

www.sfbars.org/ersari.html

www.britannica.com/EBchecked/topic/191954/Ersari

www.rugreview.com/habibu.htm

www.spongobongo.com/her9997.htm

www.teknikportal.com/ulkeler-tarihi-arsiv-t15586.0.html

www.asilkan.org/sabit/afgan.htm