Zenan bagtynyň syry
Ene—mamalarmyzdyr ata—babalarymyzyň ýol—ýörelgelerine, edim—gylymlaryna salgylananmyzda, owal—ahyr ynsanyň, has hem zenan maşgalanyň durmuş gurmak, bagtly bolmak hakynda köp pikirlenýändigi bellidir. Elbetde, bu adamzat ýaşaýşyna mahsus häsiýet. Sebäbi adam dünýä inen gününden durmuşyň özboluşly kadalaryna, ýaşaýşyň manysyna düşünmek pelsepesini başyndan geçirýär. Ynsan mana düşünip ugran döwründen öz aňyýetini ösdürmek, bar bolan düşünjesini baýlaşdyrmak we ony kämilleşdirmek bilen meşgullanýar hem—de ony nesle geçirýär. Şol maksat bilen—de gyz maşgala kämillik ýaşyna ýetende, bagtly bolmagyň syrly ýumagyny çözlemäge başlaýar, täsinlikler dünýäsine aralaşýar. Eýsem, bu täzelikmi ýa-da öň bolmadyk ýagdaýmy?! Ýok. Bu durmuş öwrümleri owal—ahyr bar. Ýöne, ýaşaýşyň düýp özenini düzýän hemişelik zerurlyk bar. Ol bagtdyr, has anygy, bagtly bolmak meselesidir. Emma ony nädip gazanmaly, nähili ýagdaýda oňa ýetmeli? Ine, şu mesele welin adamzadyň öňinde hemişe ädimme—ädim keserip dur. Aslyýetinde bagtly bolamagyň özi, ony gazanmagyň syry her bir ynsanda “ýer bilen gök ýaly” diýilýän tapawutlylykda dowam edýär. Adamzat öz aňyýetini ösdürmäge, hemişe bagtly, döwrebap ýaşamaga, şol gymmatlygy perzendine geçirmäge dyrjaşýar. Şeýlelikde, diňe maddy bähbidiň hasabyna ýaşaýşy dowam etdirip bolmajakdygyna, baý ýaşamagyň ruhy taýdan baý bolmagy talap edýändigine dogry düşünipdir. Çünki bagt diňe baýlykda, mal—mülkde, görk—görmeginde däldir. Bagt ynsanyň öz—özüne bolan ynam—ygtykatynda, içki dünýäsiniň päkliginde wyždan arassalygynda, daşky gözellige hem—de ynsanyň arzuw—niýetleriniň söýgi sazlaşygynda jemlenmegindedir. Olar dutar kirişlerinden—de näzik duýgulardan, çuň manyly syrly sözler ulgamynyň içinde inçeden—inçe garaýyşlary özleşdirmegi talap edýän aňlatmalardan jynsy geçijilik genlerinden geçýändir Çünki perzent ilkinji duýgyny, söýgini ene mährinden alýar. Zenan balasynyň kalbyna çäksiz mähir—muhabbet ylahy söýgi, joşgun, çäksiz ruhubeletlik bagyş edýär. Şol sebäpli çaga dil açanda ilkinji nobatda aýdýan sözi zenany bagtyň çüň depesine çykarýan “Eje” diýen sözüdir. Perzendiň sallançakda ýatyrka ilkinji eşidýän aýdymy—ene hüwdüsi dünýäniň islendik dilinde birmeňzeş ýaňlanýar. Hemmelere düşnikli bolan ene kalbynyň owazy iň ajaýyp, iň beýik mukaddes söýgi bolup rahatlyk berýär. Şeýdip, çaga ýyllardan ýyllara sepleşýän wagt aralygyny geçýär. Perzent ynsana mahsus bolan gylyk—häsiýetleri ilkinji nobatda ene öwdünden, edim—gylymyndan, başarjaňlygyndan öwrenýär. Olary özüçe özleşdirýär. Şeýdibem, çaga gatnaşyklaryna, çagalar bagydyr mekdep terbiýesine, köpçüligiň täsirine aralaşýar. Heniz agy—garany doly saýgaryp ýetişmedik ýaş beýni kimiň—kimligini, ýagşy—ýamany saýgarmaga aňyýetijilik bilen garamagy başarmaýar. Ine, edil şu pursatda maşgala terbiýesi, esasan—da, käbe göreldesi uly hyzmaty ýerine ýetirýär. Şu ýerde türkmenleriň “Ýagşy ene ýagşy gyza görelde” diýen pähimini berjaý etmek meselesi orta çykýar. Göwnemakul maşgala gatnaşygy enäniň bagtyna bagt, şatlygyna şatlyk goşýar. Elbetde, zenan maşgalanyň bagtly bolmagynyň syry diňe bir belli bir ýagdaý bilen aňladylmaýar. Daş—töweregiň, goňşyçylyk, jemgiýetçilik, gatnaşyklarynyň, ýagny bile oýnaýan, okaýan, tirkeşýän deň—duşlarynyň häsiýeti täsir edýär. Olar: çagalyk, ýaşlyk, söýgi, gözellik, bagt, perzent ýaly närselerden düzülendir. Aslyýetinde, bu häsiýetleriň—de ynsandan ynsana geçýändigini nygtamak artykmaçlyk etmese gerek. Zenan bagtynyň syry diňe perzendi dünýä indermek bilen çäklenmeýär, eýsem ol ynsana bagly bolan we bagly bolmadyk ençeme zerurlyklary talap edýär: Çagalyk—adamzadyň iň bagtly pursady, çünki ynsan ömründäki arzuwlary amala aşyrýan ganatly at. Sebäbi çaga ol wagt iş—aladadan, birsydyrgyn özüňe bagly bolmadyk hereketlerden üzňe. Çünki ynsan bu döwür öz—özüni özi dolandyryjy, erk—ygtyýarly, diýeni edilýän, islegi kanagatlandyrylýan şahsyýet. Ýaşlyk döwri ynsan ömriniň iň bir hyjuwly, işjeň döwrüdir. Her gün, her aý täzeliklerden, bütin älemiň syryny bilesigelijilikden, uzakdaky hadysalara akyl ýetirijiliklerden möwç urýar. Ukyp, zehin, başarnyk, bilesigeljilik, isleg arzuw, hyýallylyk, göwünjeňlik ýaşlygyň özenini düzýär, ynsany ganatlandyrýar. Şol ruhubelentlik näçe kämil berk, sagdyn, ynamly bolanda, ömürboýy ýaşaýyş manyly bolar. Söýgi—adama mahsus häsiýet. Çünki ynsana söýmek, söýülmek berlip, ol tebigatyň kanynydyr. Danalarymyz: “Söýginiň bar sagadynda tutuş ömür bar” diýýär. Durmuşyň düýp manysy birek—biregi söýüp ýaşamakdyr. Söýgi seniň bagtly ýaşamagyň, ýaşamaga bolan ynamyň altyn açarydyr. “Söýüljek bolsaň söýginiň özi bol!” diýilýär. Her kim söýgini özüçe göz öňüne getirýär, oňa özüçe düşünýär. Söýgi şowly bolanda, köňle rahatlyk berýär. Söýgi sabyr—kanagatlylyk, geçirimlilik, syrdaşlyk ynsany ganatlandyrýar, maşgala binýadyny pugtalandyrýar, adam özüni bagtly duýýar. Gözellik ynsana berilen peşgeşdir. Ol adama iki görnüş: içki we daşky dünýäsiniň baýlygy arkaly mahsusdyr. Sebäbi diňe owadan geýinmek, öz—özüňi dürli—dümen gymmat bahaly şaý—sepler bilen bezemek, özüňe serenjam bermek esasy gözellik däldir. Iň esasy gözellik—adamyň kalp arassalygy, lebzi halallygy, sadadan—sypaýy mylaýymlygy, akylly başly häsiýetleri, göwnemakul hereketleri, ýan—ýoldaşyna wepadarlygy bilen ölçenilýändir. Adama mahsus onuň däp—dessurlary özünde jemleýän maşgala ähli tarapdan gözeldir. Ine, muňa çyn gözellik diýmek mümkindir.Çyn gözelligiň bar ýerinde hem bagt bardyr. Bagt üçin adamyň jan saglygy, asuda durmuş ýörelgesi, kalbynyň rahatlygy, pespälligi, geçirimliligi ilkinji zerurlykdyr. Durmuşyň islendik synagly ýollaryna, ýagny ajysyna—süýjisine, şatlyk—gussasyna paýhasly hem—de başarjaň häsiýetde hötde gelmek, bagta ýetmegiň özenini düzýändir. Bagtlylyk ýa—da bagtsyzlyk her bir ynsanyň özüne bagly we bagly däl ýagdaýda ýüze çykýan—da bolsa, olary öz ýaşaýşyň amatly tarapyna öwürmek, şol ynsanyň sabyr—kanagaty bilen düzelýändir. Sebäbi könelermiz “Sabyrly il dura—bara şat bolar diýýär. Esasy ene keramaty, zenan mertebesini beýgeltmeli mukaddeslikler ýanýoldaşyň bilen kemally perzendi terbiýeläp, halka ýaramly nesil ýetişdirilmeginden hasyl bolýandyr. Maşgalada durmuş tejribesi ýetik, görelde hemde nusga alarlyk eneler öz jan tenden söýýän jigerbendine asylly ýörelgeler bilen ýiti täsir edýär. Olar öý—ojagy, maşgala mukaddesiligini pugta saklamagyň gözbaşynda gyz—geliniň durýandygyny nesle geçijilik häsiýetde dowam etdirýär. Şeýlelik bilen, türkmen zenanlary bagtly ýaşamagyň örän inçe syrlaryny perzentleriniň bagtynda görýär. Ata—baba aslyndan gaýdýan iň naýbaşy mukaddesligiň enedigi, çünki zenanyň ýaşaýşa gözellik hem mylaýymlyk paýlaýandygy düşnüklidir. Perzent bolsa durmuşymyzyň dowamaty bolmak bilen, ol öz häsiýetiniň goruny enäniň ak söýdünden, onuň halal terbiýesinden, sallançak başyndaky şirin hüwdüsinden, pent—nesihatlaryndan alyp gaýdýar. Dünýäni dörediji enäniň edep esbaplary çuň hem giň bolmak bilen maşgalanyň esasyny goýýar. Zenanyň maşgalada, jemgiýetde tutýan orny onuň abraý—mertebesiniň belentliginden habar berýär. Bagtly zenanlar bu günki ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýan her bir maşgala ojaklarymyzyň agzybirligini pugtalandyrmagyň söýesi bolup, ony nesilme—nesil dowam etdirýär.
Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetiniň Halkara Gatnaşyklar hünäriniň 2—nji ýyl talyby Aganýazow Allanur.