Mazmuna geçiň

Zahhak

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Zahhak Grek Taryhçysy Gerodotuň Taryh eserindäki agzalyp geçilýän Astiýagesiň çeper rowaýatlaşdyrylan şahsyýetidir. Ol Ajamlaryň hökümdary bolupdyr. Rowaýat ony şeýle suratlandyrypdyr.

ZAHHAK HYMÝARY

Rowaýat edilşine görä, ajam döwletiniň bili bükülip, Al-latagala halkyň düzgün-ýaşaýşyny üýtgedensoň, Päk we Beýik Ýaradyjynyň: «Biz zalym kimseleri özleriniň ele salan kespleri üçin biri-birlerine dost edip goýarys» diýşi ýaly, ol Zahhagy Jemşid: iň köp söwdaly oý-pikirindäki hudaýlyk dawasyny ýalaw gylyjy bilen ýok etmek üçin belläpdir. Jemşidiň güýç-kuwwatynyň möhleti gutaransoň, Zahhak zu-lum binasyny gurýar. Azap buludyndan duşmanlyk ýagşyny ýagdyrýar. Sütemkärleri galdyrýar, zulum edilenleriň arzlaryna gulak salmakdan el üzýär, ýaman pällileriň ba-zaryny rowaçlandyryp, ýagşyzadalaryň elini baglaýar. Ol ilki bilen kakasyna garşy aýaga galyp, ony öldürýär we hazynalaryna eýe bolup, leşgeri öz ýanyna jemleýär. Soňra Ýemenden Jemşidiň üstüne çozup, onuň döwlet tuguny ýere çalyp, ol sebitleri öz ygtyýaryna geçirýär we halka her hili jebir-sütemleri we dürli azaplary berýär. Aýtmaklaryna görä, Iblis onuň bilen dost bolup, oňa hapysalykdan nebisjeňlikden erbetliklerden näme bilmeýän zady bar bolsa öwredýän eken. «Iblis oňa altyndan içi oýulan galam beripdir. Haçanda ol bir aýala ýa-da çaga isleg bildirse, şol galam bilen oňa tarap üfleýän eken. Şonda aýal ýa-da çaga oňa boýun bolup, onuň ýamanlyk we aldaw tozuna düşýän eken» diýen gürrüň hem bar.

Hekaýat

Rowaýat edişlerine görä, Iblis Zahhagyň özüniň aldawyna baglanjakdygyny görüp hem-de Zahhak baradaky bilniksiz hilesiniň rowaç tapjakdygyny bilip, bir gün bir ýaş oglan görnüşinde onuň ýanyna baryp, şeýle diýipdir: – Men nahar bişirmekde kämil ökdelige we doly başarjaňlyga eýe aşpez. Men her hili ýakymly naharlary we süýji tagamlary bişirip bilýärin. Eger sen aşpezlik wezipesini maňa bagyşlasaň, onda meniň bişiren naharlarymy iýip, ömrüň zowkuny we durmuşyň lezzetini tapyp, şu wagta çenli neneňsi nygmatlardan we lezzetlerden mahrum galanyňy duýar ýaly derejede enaýy, işdä açar tagamlary taýýarlap, seniň huzuryňa getireýin. Zahhak bu aldawlara, öwgülere we hilegärliklere aldanyp, nätanyşlara bil baglamaly däldigine, nätanyşlara ynam etmeli däldigine, ylaýta-da patyşalaryň nätanyşlara ynanmaklarynyň parasatlylykdan daş zatdygyna üns bermän, ony kabul edipdir. Soňra onuň permany boýunça Iblisi aşhana getirip, aşpezlik işini we saçak bezemegi tabşyrypdyrlar. Ol işe başlapdyr. Iblis her hili tagamlary taýýarlamakda jan edip, köpräk etli naharlar bişirip, kebap, towuk, gowrulan et ýaly naharlary şanyň öňünde goýar eken. Şa öňküden hem has köp et iýip ugrapdyr. Onuň ýüregi gatap, gödekligi we gara-dangaýtmazlygy artypdyr. «Hapysa özenli we pes nebisli adam üçin bir bahana hem ýeterlik». «Eý, dost, laý bolmak üçin damja hem ýeterlikdir» . Şeýdip, Iblis nahar bişirmekde yhlas görkezipdir. Bir gün ol Zahhagyň ýanyna şeýle bir tagamly nahar getiripdir welin, şa ondan lezzet alyp öwüpdir we: – Seniň näme islegiň bar bolsa berjaý ediler –diýipdir. Iblis bolsa: – Hemmeler baýlyk, nygmat we hormat üçin patyşa hyzmat edýärler. Men diňe seniň hatyraň üçin saňa hyzmat edýärin. Seniň meni kabul etmegiň meniň üçin uly abraý. Meniň öten-geçenlerim üçin buýsanç we dereje bolar ýaly, seniň iki egniňden ogşamagyma rugsat ber – diýipdir. Zahhak oňa rugsat beripdir. Bu hem patyşalarda ýüze çykýan ýalňyşlyklaryň biridir. Sebäbi kesekini ýanyňa ýakynlaşdyrmak we tanamaýanyňy huzuryňa getirmek puşmanlyga eltýändir. Soňra Iblis Zahhagyň ýanyna gelip, onuň iki egninden ogşaýar we gözden gaýyp bolýar. Zahhak bu ýagdaýa haýran galýar. Şobada Zahhagyň egninden iki sany gara uly ýylan çykyp hereket edip, oňa azar berip başlaýarlar. Zahhak bolsa azaba we derde sezewar bolýar. Ýylanlaryň başlaryny hernäçe kesseler-de, ýene çykýan eken. Tebipler we ýylan tutýanlar oňa hernäçe em etseler-de, peýda bermändir. Zahhakda ukudyr aram-karar galmandyr. Ahyrynda Iblis tebip şekiline girip, köşge gelýär we: – Men bu patyşanyň derdiniň dermanyny bilýärin, eger islese men ony aýdaýyn – diýýär. Ony Zahhagyň hyzmatyna getirýärler. Iblis Zahhaga: – Bu ýylanlar hergiz seniň egniňden düşmezler, emma olary köşeşdirer we saňa zyýan ýetirmez ýaly bir ýol bar – diýýär. Zahhak: – Onuň ýaly bolsa bu işi gijikdirmeli däl we em etmekde çakganlyk görkezmeli, eger seniň emiň meniň bu derdime derman bolsa, seniň hak-hukugyňy we hyzmatyňy ýerine salmak maňa wajyp bolar we başardygymdan saňa minnetdarlyk görkezmäge dalaş ederin – diýýär. Iblis: – Bu derdiň alajy şeýle: her gün iki sany ýaş oglanyň beýnilerini olara bermeli. Şonda olar ony iýip, aram taparlar we sen arkaýyn bolarsyň – diýýär. Zahhak bu sözi eşidip, derhal emr edýär. Iki sany ýaş juwany zyndandan çykaryp öldürýärler we olaryň beýnilerini ýylanlaryň öňüne oklaýarlar. Ýylanlar lukmany iýip, ýuwaşap, karar tapýarlar we hereket etmeýärler. Zahhak hem olar köşeşensoň rahatlanýar we ýatýar. Aýtmaklaryna görä, ol birnäçe gije-gündizläp uklamandyr. Şeýlelikde, ol bir gije-gündiz uklaýar. Ýylanlar ajygyp, gymyldap başlandan, Zahhak hem turýar. Onuň permany boýunça ýene iki sany ýaş juwany öldürip, olaryň beýnilerini ýylanlara iýmit hökmünde getirip berýärler. Şeýdip, bu kada dowam edýär. Her gün iki sany ýaş juwany öldürip, ýylanlara iýmit edipdirler. Zyndan-daky jenaýatkärler öldürilip gutarylýar. Soňra her gün bir şähere gezek ýetip, iki bigünä ýaş juwan öldürilýän eken.

Hekaýat

Aýtmaklaryna görä, Zahhagyň iki sany aşpezi bolupdyr. Biriniň ady Ermaýyl, beýlekisiniň ady bolsa Kermaýyl eken. Olar ýagşy duýguly we ýürekleri rehim-şepagatly kişiler eken. Olar: – Ýylanlar üçin iki ýaş oglanyň ýerine birini öldürip, ikinjisine derek goýun öldürsek dogry bolar –diýipdirler. Olar goýnuň beýnisini adamyňky bilen garyşdyryp, Zahhagyň ýanyna getiripdirler. Öldürilmedik adamlar üýşüp başlapdyrlar. Aşpezler olaryň her haýsysyna birnäçe goýun berip: – Bir kişiniň sizi görüp, patyşa ýamanlap, biziň gany-myzy dökdürmezligi hem-de sizi heläk etdirmezligi üçin, siziň şäheri terk edip, çöl-beýewanlarda mesgen tutmagyňyz gerek – diýýärler. Şeýlelikde, bular bu ýerden arany açyp, goýunlardan öndürilýän süýt, gatyk, çal ýaly zatlar bilen güzeranlaryny görüp başlapdyrlar. Olaryň goýunlary we çagalary köpelip başlapdyr. Muhammet Jerir Tabary şeýle ýazypdyr: «Zahhak diňe bir gezekden artyk hiç kimiň şikaýatyna gulak asmandyr we hiç mazluma ynsap gözi bilen garamandyr. Bir gezek şeýle waka bolýar. Zahhak köşgüniň öňüne gelende, Babylyň ilaty üýşüp gelip, oňa şeýle diýipdirler: – Sen diňe Babylyň patyşasymy ýa-da bütin jahanyň?Ol: – Bütin jahanyň – diýip jogap beripdir. Olar: – Onda sen näme üçin diňe bize zulum edýärsiň? –diýipdirler. Şondan soň Zahhak birnäçe günläp, olara ýeňillik beripdir.

Hekaýat

Aýtmaklaryna görä, Zahhak bir gün düýş görýär. Ol düýşünde üç adamyň köşge gelýändigini, olaryň biriniň elinde ujy sygryň kellesine meňzeş demir gürzüniň bardygyny we şol demir gürzi bilen özüniň kellesine batly urandygyny görýär. Zahhak bu elhenç görnüşden gorkup oýanýar we bu ýaman düýşden howpa düşýär. Ol akylly müneçjimleri we ökde ýyldyzşynaslary çagyryp, olara düýşüni gürrüň berýär. Şonda: – Patyşalykdyr mülkdarlygyň senden başga birine geçmeli wagty gelip ýetipdir. Senden patyşalygy aljak oglan şu wagt doglupdyr. Sen onuň kakasy bilen çaknyşarsyň we ony öldürersiň. Onuň ejesi senden gorkunjyna ogluny çöle äkidip, ony sygryň süýdi bilen iýmitlendirip ulaldar ýaly sygyr çopana berer –diýip, müneçjimler düýşi ýorupdyrlar. Zahhak bu ýagdaýa gamlanyp, Periduny tapmak üçin birnäçe adam iberýär. Aýtmaklaryna görä, Peridun Tahmuresiň perzentlerinden bolan Etbiniň ogly eken. Onuň aýalynyň ady Lewabek eken. Şol ýylda Peridun bu aýaldan dünýä inýär. Agalyk nyşanalary we soltanlyk alamatlary Peridunyň maňlaýynda görnüp duran eken. Ony gören adam onuň uly işleri bitirmek üçin ýaradylandygyna göz ýetirýän eken. Zahhak öz adamlaryny onuň gözlegine iberýär we şeýle çaga barada ideg-sorag edip başlaýar. Ahyrynda patyşalyk neslinden we şalyk neberesinden bolan Tahmuresiň perzentlerinden bir çaganyň eneden bolanlygyny, onuň adynyň Peridundygyny we onuň alnynda beýiklik nyşa-nalaryň bardygyny habar berýärler. Zahhak olary getirmäge adam iberýär. Emma olar onuň aýalyny we çagasyny tapmaýarlar. Ol aýal çagany daglara-düzlere äkidýär. Ahyry aýal sähralykda bir çemenzarlygy gör-ýär. Ol çemenzarlykda bir sygyr otlap ýören eken. Ol mundan öň şunuň ýaly owadan we hoşreň sygyr görmändir. Şeýlelikde, ol sygryň eýesine: – Bu çagany saňa tabşyrjak, sen ony sygryň süýdi bilen ekle we ata hökmünde mähriban bol. Sebäbi müneçjimleriň we bilgiçleriň birtopary maňa: «Allatagalanyň takdyryna görä, bu oglan bir gün patyşalyk tagtyna geçer. Zahhagyň zulumy we sütemi onuň adalat nurunyň öňünde öçer» diýdiler – diýýär. Ol adam bu çagany kabul edýär. Zahhagyň adamlary Peridunyň öýüne girenlerinde ony görmänsoňlar, köşgüni otlap, öýüni talapdyrlar. Peridun dört ýyl sährada gezipdir. Zahhak ony gözlemegi näçe dowam etse-de, hiç tapmandyr. Ahyrynda oňa pylan çemenzarlykda bir sygryň barlygyny we ol çagany şonuň süýdi bilen ekleýändiklerini habar berýärler. Zahhak ony getirmäge adam ibermezinden öň, Peridunyň ejesi: «Birden biri yzarlap gelip, ony bir bela uçradaýmasyn» diýip, çagany göterip, başga bir ýere äkidýär. Dagda bu dünýäden el üzen takwalardan we terkidünýälerden ybarat birtopar kişi bar eken. Ejesi çagany ol ýere äkidip, ony şol terkidünýälere tabşyrýar. Zahhak ol ýere adam iberip, sygry öldürdýär. Olar şol töwerekdäki ähli mal-garalary talaýarlar. Peridun Allanyň goldawy bilen aman galýar, üstünlik we päklik enekesiniň elinde terbiýelenýär. Peridun on alty ýaşa ýetensoň ejesinden: «Meniň kakam kimdi we oňa näme boldy?» diýip soraýar. Ejesi ähli wakalary bolşy ýaly gürrüň berýär. Şeýlelikde, Peridun ar alyş guşagyny guşanyp, demirçilere sygyr kelleli gürzi ýasadyp, Babyla tarap ýüzlenýär. Oňa birtopar adam hem goşulypdyr. Zahhagyň işi perişan bolupdy. Sebäbi, bir gün Käwe atly bir mazlum onuň köşgüne gelýär we: – Men bir demirçi ussa, men göýä diňe seniň zulumyňy çekmek üçin dünýä inen ýaly. Mundan birnäçe gün öň meniň bir oglumy ýylanlara berdiler. Heniz öňki ýaramdan gutulmankam, meniň ýene bir oglumy alyp adamlaryňa tabşyrypdyrlar. Seniň Allanyň ýaradan halkynyň üstüne açan bu zulum gapyň we Hakyň bendeleriniň üstüne çeken bu jebir gylyjyň nämedir?! – diýýär Ol şeýle diýenden soňra, Zahhagyň köşgünden çykýar we kömek isläp: – Eý babyllylar, eý, hasylsyz mazlumlar, näme üçin peslige we zelillige razy bolýarsyňyz? Ol hemmämizi bir-birden ýa-da iki-ikiden öldürer, biz näme üçin namartlyk bilen öldürilmeli? – diýip gygyrýar. Şeýdip, demirçilik edýän wagty ot zyýan bermez ýaly biline daňýan deriden edilen öňlügini bir taýagyň ujuna daňýar. Birtopar adam onuň daşyna üýşýär we bilelikde Zahhagyň köşgüne girýärler. Zahhak olara garşy uruşmak islese-de, halkyň ony ýigrenip, zulumyndan halys bolandyklary zerarly hiç kim oňa ýardam bermeýär. Ol howsala düşüp, mejbur bolup, Käwäniň ogly Karany yzyna berýär. Aýaga galan halk onuň gowşak we çäresizligine göz ýetirip, ýolbaşçylyga mynasyp adamy gözleýärler. Birden, Peridunyň güneşi ykbal gündogaryndan çykýar. Adamlar ony gören dessine, onuň dabarasy we azamaty kalplaryna ornaşyp, gözleri onuň güneş jemalyny görüp, aňk-taňk bolup, hemmeler sejde edip, onuň öňünde edep zeminini ogşaýarlar. Ol adamlaryň ählisini ezizleýär. Soňra ol Käwe we Karan bilen bilelikde köşge girip, Zahhagy tussag edýär. Onuň düýşünde görüşi ýaly, Peridun şol gürzüsi bilen Zahhagyň üstüne topulýar. Bir rowaýata görä, gürzi bi-len onuň kellesine ýelmeýär we: «Men seni diňe bir kakamyň aryny almak üçin öldürmän, eýsem enekäm we meni süýdi bi-len terbiýelän sygyr üçin hem öldürýärin» diýipdir. Başga bir rowaýata görä, onuň bilinden bir tasma kesip alyp, ony şol tasma bilen daňyp, dagda bir guýa taşlaýar. Taryhçylaryň aýtmaklaryna görä, ol bir güni kem müň ýyl patyşalyk edipdir.

Köňlüň üçin kineli geläýse-de zamana, Azapsyz, sabyr bilen ýeňiş ýeter ynsana. Zahhak gider, ornuna indi Peridun geler, Gije geçse, soňundan hökman gündiz hem bolar.