Zöhre-Tahyryň köşgi ýa-da Nawidah şäherçesi
Taryhy
[düzet | çeşmäni düzet]Zöhre-Tahyryň köşgi ýa-da Nawidah şäherçesi. Bu taryhy-medeni ýadygärlik Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň çäginde ýerleşýär. Ýadygärlik Amyderýanyň sag kenarynda esaslandyrylan iri şäher galyndylarynyň biri bolmak bilen, yurdumyzyň III-XII asyrlardaky taryhy geçmişini öwrenmekde aýratyn orna eýedir. Häzirki wagtda Zöhre-Tahyryň köşgüniň tutýan umumy meýdany 250 x 250 metre barabar bolup, ýadygarligiň saklanyp galan bölegi inedördül görnüşindedir. Onuň medeni gatlagynyň özeni bolan Erk köşgi şäheriň günbatar böleginde esaslandyrylypdyr. Şäheriň daş-töweregini 3-4 metr beýiklikde, dürli ýerleri diňler bilen berkidilen we çig kerpiçlerden gurlan goranyş diwary gurşap alýar. Biziň günlerimize çenli şol diňleriň bäşisi asyl nusgasynda saklanypdyr. Şähere girmek üçin onuň ýeke-täk derwezesi bolup, ol galanyň demirgazyk tarapynda ýerleşýär. Şäheriň hemmetaraplaýyn ösen we kuwwatlanan döwri IX-X asyrlar diýlip senelenýär. Şol döwürde şäheriň tutýan meýdany has-da giňelip, ykdysady taýdan diýseň ýokary derejä ýetipdir. Mundan başga-da şol wagtlar şäher «Nawidah» diýlip atlandyrylypdyr. Ýadygärlikde 1931-nji ýylda A.A.Maruşenko, 1964-nji ýylda W.N.Pilipko, 1990-njy ýylda G.Gutlyýew we A.A.Burhanow tarapyndan ylmy-barlag işleri geçirilipdir. Olaryň dowamynda ýadygärligiň çäklerinde amala aşyrylan we türkmen halkynyň III- XII asyrlardaky durmuşy bilen baglanyşykly diýseň köp tapyndylar ýüze çykaryldy. Şol tapyndylaryň arasynda kümüşden we misden zikgelenen teňňe pullar, aýal terrakota heýkeljikleri, toýundan ýasalan we külalçylyk sungatynyň önümi bolan çanaklar, küýzeler we beýleki tapyndylar ýüze çykaryldy. Ýadygärlikden tapylan başga-da köp sanly tapyndylar goraghananyň muzeýinde saklanylyp, olar ýurdumyza gelýän syýahatçylara görkezmek üçin diýseň gymmatly çeşme bolup durýar.
Edebiyat
[düzet | çeşmäni düzet]- "Medeniyet" žurnaly. Aşgabat şäheri. 2014. №6. S.61