Mazmuna geçiň

Yzmykşir galasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Yzmykşir galasy - geçmişden gymmatly miras bolup biziň günlerimize gelip ýeten taryhy ýadygärlikleriň biri hasaplanylýar. Asyrlaryň, döwürleriň şatysyna çydaman, ýykylyp-ýumurlandygyna seretmezden, bu galanyň bize gelip ýeten belent diwarlarynyň galyndysy häzir hem uzakdan howalanyp görünýär. Golaýyna geleňde bolsa özüniň giňligi, diwarlarynyň belentligi bilen haýran galdyrýar.

Yzmykşir galasy arheologik taýdan entek düýpli barlanan däldir. Onda 1934-nji ýylda M.W.Woýewodskiý, 1936-njy ýylda Ý.G.Gulamow, 1939-njy ýylda S.P.Tolstow tarapyndan barlag geçirilen hem bolsa, olaryň hemmesi ýüzugra bolupdyr. Şonuň üçin bu gadymy şäher barada düýpli ylmy maglumatlar juda az. Diňe M.W.Woýewodskiý Yzmykşirde küýzegärçiligiň ösüşi barada kitap ýazypdyr. Ol hem halk köpçüligine ýetirilmändir, türkmen dilinde çap edilmändir. Yzmykşir galasy barada belli folklorçy-alym Ata Rahmanow, welaýat din edarasynda işlän Tokaý Rejepow, lukman Gurbanguly Muhadow dürli gazet-žurnallarda makalalar bilen çykyş etdiler. Yzmykşir galasy häzirki Görogly etrabynyň Ýagtylyk we Yzmykşir obalarynyň aralygynda ýerleşýär. Galanyň ýerleşen ýeri Yzmykşir obasyna degişlidir. Gala 20 gektar töweregi meýdany tutýar. Binagärçilik nukdaý nazardan ol dört derwezeli, gala diwarlary 12-15 metr belent bolan dörtburçly galadyr. Galanyň diwarlary laýdan bina edilendir. Onuň laýy galanyň günorta tarapyndan alnypdyr. Bu ýeriň topragy bina gurmak üçin örän oňat, ýokary hilli toýun toprak bolupdyr. Galanyň laýynyň alnan ýeri uzak wagtlap oý köl bolup ýatypdyr. Galanyň çig kerpiçden örilen ýerleri hem bar. Ol kerpiçler soňky döwürde galanyň ýykylan ýerlerinde abatlaýyş işleri geçirilende ulanylan bolsa gerek. Sebäbi töweregindäki hendeklere, garymlara suw göýberilip, berk goraga öwrülipdir. Galanyň derwezeleriniň iki tarapynda belent diňleri bolup, ondan hemişelik gözegçilik edilipdir. 1970-nji ýyla çenli galanyň in uly derwezesi bolan günorta tarapyndaky derwezäniň gündogar tarapynda, diwarda, belent diňiň depesinde, beýikligi 35 santimetr töweregi, ini bolsa 15 santimetre golaý deşik bardy. Şol deşikden seredeniňde galadan 18-20 kilometr taryhy daşlykda, häzirki Durdy Gylyç adyndaky daýhan birleşiginiň Diregli obasyndaky diňiň depesi golaýda ýaly bolup görünýärdi. Şol diňiň depesinde garawullar bolup, olar duşmanyň ýygnyny gören batlaryna gündizine tüsse edip, gijesine bolsa ot ýakyp gala habar ýetiripdirler. Şol diňlerden aňyrda hem şeýle diňleriň bolan bolmagy mümkin. Şolaryň kömegi bilen duşmanyň gala howp salýandygyny has öňünden bilipdirler. Oba ilatynyň ýa-da şäher ýakasynyň ilatynyň gala ýygnanmagyna we derwezeleri berkitmäge, gerek bolsa galanyň daşyndaky händeklere suw göýbermäge puryja bolupdyr. Galanyň daşyndan gin garym gazyp, oňa suw göýbermek düzgüni orta asyrlarda goranmak ýaly mahsusdyr. Gürrüňini edýän galamyz bilen tanyş bolanyňda munuň dogrydygyna göz ýetirmek kyn däl. Galanyň daşyna suw göýbermek üçin onuň demirgazygyndan geçýän Çermenýabyň suwy ýeterlik bolupdyr. Yzmykşir galasynyň gurluşygynda biziň üçin düşnüksiz syrly ýagdaýlar hem gabat gelýär. Galanyň günorta-gündogar diwaryna örän köp süňkler, şol sanda adamyň süňkleri hem örän köp goýlupdyr. Adamyň hemme süňkleriniň ýerbe-ýer duran ýerine mundan 45-50 ýyl öň hem gabat gelnipdir. Olara häzirki wagtda gabat gelinmese-de, adamyň süňkleridigi anyk bildirýän süňkleriň häzir hem galanyň dürli ýerlerinde gabat gelinýär. Bu barada iki hili çaklama edilýär. Bir wagtlar galany gyssagly berkitmeli bolupdyr. Başga bir çaklamada bolsa, gala uzak wagtlap gabalanda wepat bolanlary galanyň diwarlaryny oýup, şol ýerlerde jaýlanandygy nygtalýar. Bu ýagdaý mongollar döwründe bolupdyr, diýýänler hem, ondan öňki ýa-da soňky döwri çaklaýanlar hem bar. Galadaky syrly hadysanyň biri diwardaky bitin sklediň kellesi gündogar tarapa edilip goýlanlygydyr. Musulmanlar merhumyň kelle tarapyny günbatara edip jaýlaýarlar. Bu skletleriň wagty barada aýdylanda bolsa, ol uzak geçmişe degişli däl bolsa gerek. Muny süňkleriň aksowult reňkinden hem bilse bolýar. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň ortalaryna çenli merhumlaryň kependeleriniň galyndylaryny görenligimiz hem muňa şaýatlyk edýär. Hatda diwarda jaýlanan bir merhumyň (aýal maşgala bolsa gerek) boýnunda duran monjuk galyndylaryny hem görüpdik. Bu ýerde wagt meselesinde geň galyp otyrasy zat ýok. Taryhyň dürli döwürlerinde hem bu ýerde gowgalaryň bolandygy bize mälim. 1920-30-njy ýyllarda hem galanyň töwereginde başmaçy diýlip atlandyrylan topar bilen gyzyl goşunuň arasynda ýa-da bir-birine duşman bolan toparlaryň arasynda çaknyşyklar netijesinde köp adam gyrlypdyr. Galanyň demirgazyk tarapynda adam süňkleriniň, ýaşaýşa dahylly beýleki zatlaryň dargap ýatanyna şu günler hem duş gelmek bolýar. Galanyň günorta diwarynyň gündogar tarapynda iki hatar diwar çekilipdir. Bu diwarlaryň arasy basyrylyp, üsti laýlanypdyr. Onuň üstünde ýöräniňde ol maýyşgak bolup aşagynyň boşlukdygyndan habar berýär. Bu ýer zyndan bolupdyr diýýänlerem, onda ok-ýarag saklanypdyr diýýänler hem bar. Ýöne häzir onuň hiç ýerinde agzy ýok. Bir wagtlar onuň girelgesi aşagrakda bolan hem bolsa, ol häzir gömlüpdir. Şonuň üçin hem galanyň bu ýeri hem syrly bolmagynda galýar. Umuman, Yzmykşir syrly gala.

  • "Diýar" žurnaly. Aşgabat 2015. №42. S. 42-43