Mazmuna geçiň

Ysmaýyl şa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ysmaýyl şa– Sefewi Eýran-Türk döwletini esaslandyryjy we döwletiň birinji hökümdarydyr. Ysmaýyl şa 1487-nji ýylda dogulýar. Onuň kakasy Haýdar sefewiýe dini derwüşçilik toparyny döreden 1254 – 1334-nji ýyllarda ýaşap geçen Sefi od-Din Ishak atly Ardabilli şeýh bolupdyr. Ysmaýyl şa hem şonuň neberelerinden bolupdyr. Şol derwüşçilik toparynda Anadolydan gelen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda sanaýan ýedi türkmen taýpasy (şamly, rumly, ustaçly, tekeli, baharly dülkadyr, owşar) sopy bolupdyrlar.

1498-1500-nji ýyllarda Ak-Koýunly döwletiniň bölünmegi sebäpli dörän amatly ýagdaýdan peýdalanyp, 12 ýaşly Şah Ysmaýyl kakasy Hüseýin beg Şamlynyň maslahaty bilen 300 atlysy bilen Ardabile geldi. Ol ýerde 7000 adamlyk goşun bilen güýç ugrundaky söweşe başlady. 1501-nji ýylda Ak-Koýunlyny ýeňip, Töwrize girdiler. 1502-nji ýylda Ysmaýyl Töwrizde Eýranyň şasy diýlip yglan edildi. 1503-1510-njy ýyllar aralygynda Kazwin, Kom, Ysfahan, Şiraz, dazd, Kerman ýaly şäherleri, şeýle hem Ermenistan, Kürdüstan we Yrak ýaly ýurtlary basyp aldy. 1510-njy ýylda Horasan serhedinde Merýemiň golaýynda Özbek Han Şaýban bilen bolan söweşde Şaýban Han öldürildi we Seýistan we Horasan Safawid döwletine goşuldy. 1524-nji ýylda Şah Ysmaýyl aradan çykdy.