Yrakdaky Seljuk türkmenleriň döwleti
Yrakdaky Seljuk türkmenleriň döwleti Soltan Sanjaryň Seljuk türkmen dölwetindäki tagt üstündäki dawalary ỳatyrmak üçin döreden döwletidir. Yrakda türkmenler yslam dininiň ýüze çykmagy bilen hem-de Horasana ỳaỳramagy bilen köpelýär.
Soltan Sanjar köp dawalary aradan aýyrmagy başarypdyr. Soltan Sanjar 1102-nji ỳylyň Oguz aýynda Seljuk şazadalygynyň arasynda bolup geçỳän tagt dawalaryndan peýdalanmak islän, Beýik Seljuk türkmenleriniň üstüne ỳörişe çykan Garahanly türkmenleriniň Gündogardaky döwletiniň goşunlaryny yza serpikdiripdir. Garahanly patyşasy Kadyr han söweş gidip durka wepat bolupdyr. 1118-nji ỳylda bolsa ol Garahan; türkmenleriniň döwletine Beyik Seljuk türkmenleriniň döwletine ymykly tabyn edipdir. Bu döwletiň paỳtagty bolan Gaznada Hutba ilki halyfyň, soňra Seljuk Soltanynyň, soňra Mälik Sanjaryň, iň soňunda bolsa gaznaly türkmenleriniň Soltany Bährem şanyň adyna okalyp başlanỳar.
Süýtdeş agasy soltan Muhammet Tapar imperiýanyň günbatar bölegi bilen meşgullanyp ýörkä, Mälik Sanjar dölwetiň gündogaryna gözegçilik edipdir. Sanjar kakasy Mälik şanyň syýasatyny dowam etdirmek bilen imperiýanyň gündogar bölegini düzgün-nyzama salypdyr. 1118-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 18-güni Soltan Muhammet Taparyň aradan çykmagy bilen onuň kiçi ýaşly ogly Mahmyt Beyik Seljuk türkmenleriniň tagtyna çykpdyr, ýaşajyk Mahmydyň dowamynda döwlet işleriniň wezir-wekilleriniň täsiri bilen ýöredilişini gören Sanjar onuň soltanlygyny oňlamandyr we işleriň düzedilmegi üçin nama gönderipdir. Duỳduruş täsir etmänsoň 1118-nji ýylyň Oguz aýynyň 14-ne özuni Beyik Seljuk Türkmenleriniň döwletiniň Soltany diýip yglan edipdir. Onuň soltanlygyny Abbasy halyfy hem tassyklapdyr. Muňa razy bolmadyk Mahmyt Sanjara garşy herekete geçipdir. 1119-njy ỳylyň Alp Arslan aỳynyň 14-güni bu iki hökümdaryň goşuny çaknyşypdyr. “Sawe söweşi” adyny alan bu söweşde Sanjar üstün çykypdyr. Imperiỳanyň beỳik Soltany Sanjar döwleti paỳtagty Yraky Azemden Horasana geçiripdir. “Mary Sanjar” ỳene-de paỳtagt edilipdir. “Sawe söweşinde” gazanan ỳeňşinden soň Beyik Soltan adyn alan Sanjar belli eden döwründe şazadalaryň tagt üçin eden dawalarynyň netijesinde gowşap ugran döwleti täzeden düzgüne salypdyr. Sanjar öz döwletiniň serhediniň içine giren Horasan, Köneürgenç, Mawerrennahr, Kaşgar, owganystan, Kerman, Eỳran, Yrak, Anadoly, Halap, Şam we beyleki ülkelerde abadanlyk, adalatly, durmuşyň bolmagy üçin aladalanypdyr. Soltan Sanjar 1121-nji ỳylda öz häkimỳetine garşy baş galdyran gullary tabyn edipdir. 1130-njy ýylda Samarkantda Garlyk türkmenleriniň doreden gapma-garşylyklarynyn öňüni alypdyr. Mawerrennahrda öz gyz uýasynyn ogly Mahmyt hany ýerleşdiripdir. Köneürgenje Kutubetdiň Muhammedi (1097-1128) we ogly Atsyzy belläp, demirgazyk sähralaryndan geljek howpuň öňüni alypdyr. Soltan Sanjara döwlediň içindäki gozgalaňlary basyp ỳatyrmak hem iş bolupdyr. 1132-nji ỳỳlda Yrakdaky Seljuk türkmeneleriniň gozgalanlaryny basyp ỳatyrypdyr. Şeyle agyr döwürleriň iň gynandyryjy ỳeri hem 1152-njy ỳylda Oguz türkmenleriniň käbir emirleri ỳalňyş hereket edip Sanjara garşy göreşipdirler. Balh ỳakalarynda Oguzlar bilen söweş etmäge mejbur bolan Seljuklaryň goşuny ýeňilipdir. Sanjar ỳesir düşỳär, üç ýyldan soň 1156-njy ỳylda oňa ýesirlikden boşapdyr. Seljuk türkmenlerine tabyn bolan ülkeler, döwletler Sanjary goldap oňa ýene soltan bolmagy aydypdyrlar. Emma Sanjar muňa razy bolmandyr. 1157-nji ýylda Gurbansoltan aýynyň 29-na Sanjar 71 ýaşynda aradan çykypdyr.Ahmet /Sanjar