Yrak we Şam Yslam Döwleti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Yrak we Şam Yslam Döwleti (YŞYD) - (köpler Yrak we Siriýa Yslam döwleti diýibem terjime etýäler) — sunni (sunnizm-Yslam hökümetiniň filialy), ekstremist, jyhadçy, özüni halyfatlyk diýip yglan eden, Yrak we Siriýada iş ýöredýän, resmi taýdan yglan edilmedik döwletdir. Bu topar özüni "Yslam Döwleti" (YD) diýip atlandyrýar.

  • YŞYD 2014-nji ýylyň Yragyň günbatarynda ýerleşýän esasy şäherleriň ýaragly güýçlerini ele alýar. Siriýada bolsa döwlet güýçleri, Siriýa pukaralar urşunda gatnaşýan toparlar bilen hem uruş edýär. Yrakda uly ýer bölegini basyp alanyndan soň topar 2014-nji ýyl iýun aýynda Abu Bekir AL-Bagdady başçylygynda halyfatlygyny yglan etdi.
  • Yşyd'yň köki öňki Yrakda bolan 2003-2011-nji ýyllardaky uruşa baryp degýär. Toparyň öňki geçmişdeşi bolan Yrakdaky Al-Kaida (YAK) Yrak hökümetine we başga çet ýerli güýçlerine garşy bolan gozgalaňda möhüm rol oýnady. Abu Musab al Zarkawy (Abu Musab al-Zarqawi) ýolbaşçylygynda bolsa YAK wakasy dowamynda buýruk berilen iň erbet hüjümler ýerine ýetirildi. 2006-njy ýyl Zarkawynyň ölüminden soň topar birnäçe ekstremik toparlar bilen birleşdi we özüni Yrak Yslam Döwleti (YD) diýip atlandyrdy. Bu üýtgediş toparyň uly ýerleri basyp alyş we dünýä Yslam jemgyýetine şäriklik etmek niýetindedigini görkezdi.
  • 2007-nji ýyla gelip bolsa sünnileriň klanlary topara garşy çykanyndan soň bu toparyň ýörişleri bilinerli derejede birneme togtadyldy. Bu özgerişlere YYD göreşijileriniň basyp alnan ýerlerdäki ýerli ilatlara ýetiren rehimsiz yrsaramasy we erkin klan ýolbaşçylarynyň gozgalaňda gatnaşmazlyk üçin gural bilen üpjün edilmesi sebäp bolupdy. Mundan başgada YAK/YYD-yň birnaçe başçysy ABŞ we Yrak güýçleri tarapyndan öldürilişi topary güýçden gaçyrdy. 2010-njy ýyl topar başyna Siriýada ýerleşýän we ABŞ başçylygynda duran türmede 5 ýyl otyryp çykan göreşiji Abu Bekir Al Bagdadiý geldi.
  • Yrak syýasatynda dini toparlara bolan gatnaşyk, hususan Nuri al-Maliki hökümeti tarapyndan Al-Kaýda we Baas goşunynyň galyndylary bilen göreşmek nikaby astynda sünnileriň repressiýa edilişi günbatar Yrakda ekstremizm üçin mümkinçilik döretdi. 2011-nji ýyla gelip sünniler närazylygynyň güýçlenmegi we daşary ýurtly harbylaryň çurdy terk etmegi YAK/YYD-yň ýene-de diklenmegine mümkinçilik berdi. Sunni ekstremistler tarapyndan ýerine ýetirilen partlatmalar sany ýene bir bat köpeldi.
  • Siriýadaky uruşlar.
  • 2011-nji ýyl Siriýa prezidenti Başar al-Assada garşy gozgalaň görnüşinde başlanan Siriýa pukaralar urşy YAK/YYD üçin täze mümkinçilikleri döretdi. Toparyň urşyjylary aňsatlyk bilen Yrakdan gündogar Siriýa tarapa geçdi. 2013-nji ýylyň ahyryna gelip harby opozissiýanyň esasy bolup gelýän we esasan dünýewi toparlardan düzülen kellekeserler (bandalar) topary özara düşünüşmezlikler we ýadowçylyk sebäp güýçsizlenip başlapdy. Yslamy güýçler bolsa gaýtam güýçlenip başlapdy. Bular arasynda ýerli yslamy jeňçi toparlar birleşmesi bolan Yslam fronty, AL-Kaýdanyň merkeziý bölümi bilen gatnaşykly we Aýman al-Zawahiri başçylygyndaky Nusrah Fronty hem-de Abu Bekir al-Bagdadyny gollap kuwwatlaýjy jeňçiler bardy. 2013-nji ýyl aprel aýynda al-Bagdady özüniň Siriýa we Yrakdaky güýçlerini Nusrah Fronty bilen Yrak we Şam Yslam Döwleti (YŞYD) bilen birleşdirmek niýetindeligini yglan etdi. Nusrah Fronty muňa garşy çykdy. Netije-de iki topar arasynda esasan jeňçi ýollamak boýunça bolan ýaryş möwç aldy we ahyrsoňy iki tarap açyklygyna urşup başlady.
  • YŞYD döwlet başgaruwyndan ençeme öň çykyp giden gündogar ýerlerini çaltlyk bilen basyp aldy. Topar merkezinde Rakka şäheri ýerleşýän özi basyp alan ýerinde ýowuz we örän güýçli talaply kanuny girizdi. Topar uruşlarda ýeten ýeňişleri, öz duşmanlaryna we topara görä yslamy kada-kanunlaryny bozanlara eden wagşy sistemasyny görkezip özüniň propagandasyny görkezdi. Bu propaganda Yrak we Siriýa daşarysyndan getirilen radikal kişileri bu işler üçin ulanandyklary köp ýerlerde aýdyldy, emma daşdan getirilen adamlaryň anyk sany nämälimligiçe galdy. YŞYD mundan başga-da gündogar Siriýadaky nebit zawodlary ýaly möhüm döwlet infrastrukturalary hem eýeläp aldy. Bu zawodlar arkasyndan YŞYD gara bazarda nebit satyp peýda gördi.