XX asyryň II ýarymynda ylymyň we medeniýetiň ösmegi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mowzuk : XX asyryň II ýarymynda ylymyň we medeniýetiň ösmegi.

M E Ý I L N A M A :

1. Ylmy-tehniki öwrülişik (YTÖ) we onuň ykdysady netijeleri.

2. Habar beriş kompýuter özgertmeleri.

3. Medeniýetiň ösüşi.

50-60-njy ýyllarda YTÖ. YTÖ diýende näme düşünmeli ? Munuň özi ylmyň gönüden-göni jemgyýetiň öndüriji güýjüne öwrülmegidir. Ylmy-tehniki açyşlaryň görlüp-eşidilmedik derejede gysga wagtda ösmegi, olaryň bada-bat önümçligi ornaşdyrylmagydyr. YTÖ-niň manysy maşyn-fabrik önümçiliginden ähli babatda awtomatlaşdyrylan önümçilige geçmekden ybaratdyr.50-60-njy ýyllarda adam önümçilik işiniň esasy agramyny tehnikanyň boýnuna dakyp başlaýar. Işçi diňe önümçilik tehnikasynyň gurbat we saz işlemegine serenjam berip, gerek ýerinde tehnikany bejerýär. 50-60-njy ýyllarda ylym bilen önümçilik gaty ýakynlaşýar. Ylmy açyşlar gaty gysga wagtda önümçilige ornaşdyrylýar. Eger fotosurat hakyndaky ajaýýp açyşyň hasylyna çenli 112 ýyl, radio 35 ýyl, telegörkeziji üçin 12 ýyl garaşmaly bolan bolsa, indiki ylmy açyşlar uzagy 2-3 ýyldan önümçilige ornaşdyrylýardy. Bu bolsa, ylmyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň taryhynda ajaýyp öwrülişikdir.

50-60-njy ýyllarda ylmyň we tehnikanyň öwrülişikli ösmegine täsir eden şertleriň biri-de dünýä döwletleriniň ylmyň ösmegi üçin harajaty öňkülerden ep-esli artdyrmagydyr. Dünýäniň iri senagat kärhanalary täze açyşlary tejribede barlamak üçin, tejribe-düzüji bölümlerini, täzeligiň synag edilýän bölümlerini döretdiler. Bu ýagdaý alymlaryň we oýlap tapyjylaryň ylmy işleriniň wagtynda barlamagyna we kemini düzetmegine oňaýly täsir etdi. Ol täze açyşlaryň durmuşa ornaşdyrylmagyny tizleşdirdi. Adamlaryň ylmyň mümkinçiliklerine ynamy artdy. Ylmy-tehniki öwrülişige getiren ýagdaýlaryň ýene bir öndürijileriň arasyndaky bäsdeşlik, bazar ykdysadyýetli döwletler bilen sosializm ulgamyna girýän ýurtlaryň arasyndaky gapma-garşylyklaryň güýçlenmegi boldy. 50-60-njy ýyllarda YTÖ-niň esasy merkezleri ABŞ, SSSR we Günbatar Ýewropa sebitleri boldy.

YTÖ-niň esasy ugurlary. 50-60-njy ýyllarda, ilkinji nobatda, XX asyryň birinji ýarymyndaky ylmy açyşlar giňden durmuşa ornaşdyryldy. 30-njy ýyllarda peýda bolan telegörkeziji 50-nji ýyllarda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda köpçülikleýin ornaşdy. ABŞ-da 1946-njy ýylda bary-ýogy 17 müň telegörkeziji bardy. 1949-njy ýyldan başlap bolsa, ABŞ-da telegörkezijileriň her aýda 250 müň sanysy satylýardy. 60-njy ýyllaryň başyna çenli amerikan maşgalalarynyň dörtden üçüsiniň öýünde bir telegörkeziji bardy. Häzirki wagtdaky gözümiziň öwrenişen telegörkezijileri 50-60-njy ýyllarda tehniki täsinlikdi.

40-njy ýyllarda radioelektronikada üstünlikler elektron-hasaplaýyş enjamlarynyň (EHE) peýda bolmagyna getirdi. EHE-ler ABŞ-da we SSSR-de bir wagtda diýen ýaly oýlap tapylypdy. EHE-leriň öz döwri üçin kämil-ikinji nesli 50-60-njy ýyllarda, üçünji nesli bolsa, 60-njy ýyllaryň ahyrynda peýda boldy. Olar ykdysadyýetiň ähli uguralarynda giň ornaşdyryldy.

50-nji ýyllarda sowet alymlarynyň we amerikan fizikleriniň biri-birinden üzňelikde, ýöne bir wagtdaky uly açyşlaryň biri-de lazer şöhlesini açylmagydyr. Lazer enjamlary tehnikada düýpli öwrülişik getirdi.

YTÖ awtoulaglaryň, uçarlaryň, otlularyň kämilleşmegine getirdi, reaktiw motorly uçarlar, okeanlarda atom energiýasy bilen ýöreýän gämiler peýda boldy.

Himiýa ylmyndaky açyşlar önümçilige ornaşdyrylyp, kauçuk, emeli ýüplük öndürilip başlandy. Fizika we himiýa bilen bilelikde, biologiýa ylmy, aýratynda, genetika ösdi. Biologlar genleriň gurluşyny öwrenip, adam üçin gerekli janly organizmleri döretdiler. Muňa mysal edip, dökün, witamin we ş.m. öndürýän maýda jandarlaryň döredilmegini aýtmak bolar.

YTÖ saglygy saklaýşyň ösmegine hem täsir etdi. Lukmanlar böwregi, hat-da ýüregi we ş.m. çalşyrmagyň hötdesinden geldiler. Adamyň aýry-aýry agzalaryny, zerur bolsa, emeli agzalar bilen çalyşmak başlandy. Ylmyň beýleki ugurlarynda-da düýpli ösüşler boldy.

Kosmosyň özleşdirilmegi. 50-nji ýyllardan başlap SSSR we ABŞ ylmy-tehniki ösüşiň gazananlary esasynda kosmosy özleşdirmäge mümkinçilik tapdylar. Kosmosy öwrenmekde SSSR bilen ABŞ-yň arasynda ýaryş başlandy. Bu bäsdeşlikde SSSR ABŞ-dan öňe geçmegi başardy.

1957-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 4-inde Sowet Soýuzynyň Ýeriň emeli hemrasyny kosmosa goýbermegi ABŞ-da uly howsala döretdi. N.S. Hruşýow 1957-nji ýylda öňki uruşlardaky ulanylan harby uçarlaryň, tanklaryň möwritini geçirendigi, raketalar häzirki urşunyň esasy ýaragy bolmalydygy hakynda çykyş edipdi. Şol çykyşynda “Biz eýýäm häzir Aýa 100 tonna diýsegem ýük çykaryp biljek. Emma şol ýüki yzyna – Ýere nädip getirmelidigini entek bilemzok” diýipdi. Bu sözler ýadro zarýadyny alyp gitmäge ukyply kontinentara ballistik raketalaryň eýýamynyň başlanandygyny aňladýardy.

Ýeriň emeli hemrasyny uçurmak Birleşen Ştatlara 1958-nji ýylda başartdy. SSSR-de adamy kosmosa uçurmaga taýýarlyk başlandy. Ilkinji synanyşyklar şowsuz gutardy. 1960-njy ýylyň Garaşsyzlyk aýynda uçmaly raketa ýarylyp, ýüzlerçe adam wepat boldy. Emma bu pajygaly partlama SSSR döwründe halkdan gizlin saklandy. Täze hemralaryň uçurylandygy, Belka we Strelka atly güjükleriň kosmosa syýahatlary hakyndaky maglumatlar bolsa, sowet halkyna bada-bat ýetirilipdi.

1961-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 12-sinde ilkinji gezek adam Ýuriý Gagarin kosmosa uçdy. SSSR-iň kosmosa adam uçurmagyna jogap edip, ABŞ-yň prezidenti Kennedi tizden-tiz amerikan astronawtyny Aýa gonmagy we gaýdyp gelmegi üçin mümkin bolan ähli zady etmeklige amerikan alymlaryny çagyrdy. 1962-nji ýylda amerikan astronawty Žon Glenn Ýeriň töweregindäki orbita çykaryldy. 1969-njy ýylyň Gorkut aýynda Ýer togalagynyň ýüzlerçe million teletomaşaçylary Neýl Armstrongyň dünýäde ilkinji bolup Aýyň üstünde gezim edip ýöreniniň şaýady boldular. Yzysüre sowet kosmiki enjamlary Weneranyň we Marsyň topargynyň himiki düzümini öwrenmäge girişdiler. Ýeriň emeli hemralaryna oturdylan ýokary hilli tehniki enjamlaryň kömegi arkaly kosmosdan ýere gözegçilik etmek mümkinçiligi döredi. Ýeriň anyk geografiýasy düzüldi. Emeli hemralaryň kömegi bilen Ýeriň howa şertleri barada anyk maglumatlar taýýarlanylyp başlandy.

Teleradio aragatnaşygynyň ösmeginde Ýeriň emeli hemralarynyň ähmiýeti ulydyr. Umuman, kosmosy özleşdirmek harby bäsleşikde başlansa-da, parahatçylykly maksatlar üçin köp ulanylýar. Soňky wagtlarda kosmosy öwrenmekde bäsdeşlikden özara hyzmatdaşlyga geçilip başlandy. Onuň başyny 1975-nji ýylda sowet we amerikan kosmonawtlarynyň bilelikdäki uçuşy başlady.

YTÖ-niň yldysady, durmuş we tebigy netijeleri. YTÖ-niň başlanmagy bilen senagaty tehnologiki taýdan täzeden enjamlaşdyrmaga şert döredi. Senagat önümçiliginiň ösüşini güýçlendirdi. Az adam bilen köp önüm öndürmäge şert döredi. YTÖ halka öýünde, zähmet ornunda, söwdada, hasap-hesipde, umuman, adamyň ýaşaýyş derejesiniň gowulaşmagynda ajaýyp oňaýlyklar döretdi. 50-60-njy ýyllarda ylmyň we tehnikanyň ösmegi netijesinde, awtoulaglaryň, sowadyjylaryň, telegörkezijileriň, radio we beýleki durmuş tehniki enjamlarynyň öndürilişi we ulanylyşy köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. YTÖ netijesinde ylymly, hünärli adamlara isleg artdy.

YTÖ özüniň artykmaçlyklary bilen bir wagtda käbir çözmesi kyn bolan meseleleri-de adamzadyň öňünde mähek daşy kimin keserdip goýdy. Olara mysal edip, YTÖ-niň netijesinde ýaraglaryň barha täze görnüşleriniň peýda bolmagyny, köp girdejä kowalaşyp gurşap alýan tebigata howp salynmagy, howanyň we dünýä suwlarynyň hapalanmagynyň derejesiniň artmagyny we ş.m. ýatlamak gerek.

XX asyryň 70-80-nji ýyllarynda ylmy-tehniki öwrülişigiň täze tapgyry başlandy. Ylym önümçilik bilen birleşdirilip, ol gönüden-göni öndüriji güýje öwrüldi. Oýlap tapyşlar we ylmy açyşlar dessine önümjçilige ornaşdyrylýardy. 1971-nji ýylda “Intel” firmasy kiçi-prosessory döretdi. Bu täzelik 1976-njy ýylda kompýuterleriň oýlanyp tapylmagyna getirdi. Elektron hasaplaýjy enjamlarynyň täze nesli çeýe önümçilik ulgamlary, awtomatlaşdyrylan önümçilikler peýda boldy.

Tebigatda ýok bolan sintetiki süýümler we materiallar döredildi. Atom elektrostansiýalary dünýäniň köp ýurtlarynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Radarlar, lazerler, süýümli-optiki aragatnaşyk ulgamlary giňden peýdalanylyp başlandy. Hususy kompýuterler, kosmos stansiýalary, sesiň tizliginden gaty uçýan uçarlar, aşa tizlikli otlular we dünýä habar beriş ulgamy – bularyň hemmesi ýokary enjamlaşdyrylan jemgyýetiň häsiýetli aýratynlyklardy.

Ylmy-tehniki öwrülişik jemgyýeti düýpli özgertdi. Ol ozaly bilen, öndüriji güýçlere täsir etdi. Kämilleşen täze zähmet gurallary (awtomatlar) geljekde “adamsyz önümçiligi” döretmäge bil bagladýardy. Emeli tapylan materiallar belli bir derejede tebigy çig mallaryň ornuny tutmaga niýetlenilipdi. Atom energiýasynyň adaty çeşmeleriniň (nebit, kömür we ş.m.) ýerini tutmalydy. Bu rewolýusion öňegidişlikler häzirki zaman jemgyýetiniň uzak möhletleýin üpjün etjek maddy-tehniki esaslardy. Çig maly harçlaýan önümçilikden ony tygşytlaýyn önümçilige geçmek gün tertibindäki esasy meseledi. Ol bolsa ýokary bilimli, döredijilikli işleýän hünärmenleriň tagallasy esasynda mümkindi.

Medeniýetdäki täze hadysalar. Siwilizasiýanyň ösmeginiň hem-de jemgyýetçilik aňynyň kämilleşmeginiň möhüm meýillerinden biri medeniýetiň we gündelik durmuşyň nusgawy görnüşleriniň özara ýakynlaşmagy hem-de özara täsiridi. Ylmy-tehniki öwrülişik medeni gymmatlyklaryň ilatyň ähli gatlaklary üçin elýeterli bolmagyna şert döredýär.

Ösen döwletlerde bilim ulgamy YTÖ-niň laýýk ösdi. Bilimiň üznüksizligi gazanyldy. Mekdepler, ýörite we ýokary okuw jaýlary kompýuterler, öwrediji okuw enjamlary, ýöriteleşdirilen laboratoriýalar, okatmak we testirleme almak üçin awtomatlar telegörkezijiler, wideomagnitofonlar bilen üpjün edilýär.

Hususy kompýuterler we EHE-ler ösen ýurtlarda ýaşaýan adamlaryň köpüsiniň hemişelik hemrasyna öwrüldi. Ol dürli tehniki we ykdysady bilimleri, dilleri özleşdirmäge, dürli maglumatlary almaga we ş.m. mümkinçilik berýärdi.

Öý hojalygynyň adaty enjamlarynyň (radio, telegörkeziji, magnotofon, sowadyjy enjamlar) ýerini olaryň has kämil nusgalary eýeledi. 70-80-nji ýyllarda öňdebaryjy döwletlerde olaryň öndürilişi 7 esseden gowrak artdy. 1987-nji ýylda Günbatar Ýewropada maşgalalaryň reňki telegörkezijiler bilen üpjünçiligi 85%-den, ABŞ-da bolsa 94-den geçipdi.

“Köpçülikleýin talap ediş” jemgyýeti üçin “köpçülikleýin medeniýet” häsiýetlidi. Medeni önümleriň önümçiligi hem-de “wagtyňy hoş geçirmek industriýasy” girdeji çeşmesine we köpçüligiň aňyna netijeli täsir etmegiň serişdesine öwrüldi. “Köpçülikleýin medeniýet” halkyň aňyny durmuşy, syýasy we ahlak meselelerinden sowmaga-da kömek edýärdi.

Jemgyýetçilik-syýasy pikir. 60-80-nji ýyllardaky YTÖ jemgyýetçilik-syýasy pikire hem täsirini ýetirdi. Jemgyýeti öwrenijiler “habar beriş jemgyýeti” baradaky taglymaty işläp düzdüler. Olar adamzadyň taryhyna tolkunly uçgunlar hökmünde garaýarlar. Şol “uçgunlar” hem siwilizasiýanyň täze görnüşine getirýär. E. Toffer dünýä siwilizasiýasynyň ösüşini şeýle beýan edýär : agrar siwilizasiýadan (birinji tolkun) senagatlaşan jemgyýete (ikinji tolkun), ondan hem habar beriş jemgyýetine tarap (üçünji tolkun).

Syýasy aňyýet. 70-80-nji ýyllarda Günbatarda syýasy aňyýetde uly öwrülişikler bolup geçdi. Aňyýet taýdan gapma-garşy durmak meýli artdy. Sosialistik ýurtlarda başgaça pikirlenýän adamlaryň (dissidentleriň) yzarlanmagy adam hukuklaryny goramak baradaky meseläni örboýuna galdyrdy. ABŞ bu meseläni özüniň döwlet syýasaty derejesine çykardy.

Döwletiň ykdysadyýeti düzgünleşdirmegine garşy çykmak şahsyýetiň azatlygynyň baş kepilnamasy hökmünde hususy eýeçiligi goramak köneçilleriň (konserwatorlaryň) esasy aňyýetidi. Köp ýurtlarda “täze sagçylar”, “täze köneçiller” ýaly akymlar hem döräpdi.

Ylym. XX asyryň 60-njy ýyllaryndan başlap ylmyň ösüşinde täze tapgyr başlandy. Ol mikroelektronikanyň we täze enjamlaryň ornaşdyrylmagy bilen häsiýetlenýärdi. Bu tapgyra tehnotron öwrülişigi diýilmegi hem ýöne ýere däldi. XIX asyr hem-de XX asyryň birinji ýarymy bilen deňeşdirilende adamyň beden güýjüne garanda onuň akyl (intellektual) güýji artdy. Mikroelektronika adamlaryň barha köp böleginiň zähmetiniň akyl işi bilen baglanyşykly bolmagy üçin sepgitleri açdy. Onuň ösüşi hyýaly möçberlere baryp ýetipdir.

Günbatarly alymlaryň biriniň getiren deňeşdirmesi üns bererlikdir : eger awtomobil gurluşygynyň depgini edil mikroelektronikda ýaly bolsa-dy, onda “Rolss Roýs” kysymly awtomobil bary-ýogy 2 funt sterlinge durardy. Onuň dwigateliniň kuwwaty 3 mln mil uzaklyk üçin 4,5 litr benzin harçlaýan okean gämisiniňkä deň bolardy. Awtomobiliň ölçegi bolsa birnäçe millimetr bolardy.

Mikroelektronikanyň önümçilige ornaşdyrylmagy zähmet öndürijiligini onlarça esse ýokarlanmaga mümkinçilik berdi. Sermaýa, çig mallar, energiýa tygşytlanýardy. Mikroelektronikanyň aragatnaşygyň täze görnüşi bilen utgaşdyrylmagy dolandyryş işgärleriň ähmiýetini artdyrdy. Günbatar ýurtlarynda gaýtadan işleýji senagata garanda informatika pudagynda işleýänleriň sany agdykdyr. Genetika, biotehnologiýa, gen inženerçiligi dar laboratoriýa galyplaryndan çykdy. Olaryň açyşlary oba hojalygynda, medisinada giňden peýdalanyp başlandy.

Her bir döwlet hem indi ylmy barlaglaryň zerurdygyny inkär etmeýärdi. Strategik gyzyklanmalar hökümetleri ylmy hajatlar üçin çykdajylary artdyrmaga, ylmy barlaglara hemaýat etmäge iterýärdi. Ylym jemgyýetde häkimligini ýöretmegiňem serişdesine öwrülipdi. Emma, gynansak-da ylmyň ösüşi yzagalak sebitleri öz içine almaýardy. Ösen sebitleriň ylymdaky gazananlary gowşaklary özüne tabyn etmegiň açaryna öwrülipdi.