XX ASYRYŇ AÝAGYNDA TÜRKIÝE
Öçür! | |
Şol sahypa öçürilmeli. Wikipediýa üçin gowy däl bolsa sebäbini aýdyň. | |
Sebäp | ensiklopedik makala däl |
Mowzugy: XX ASYRYŇ AÝAGYNDA TÜRKIÝE.
Meýilnamasy:
1. Türkýäniň ykdysady ösüşi.
2. Türkiýe T. Ozalyň we S. Demireliň döwründe.
3. Türkiýäniň daşary syýsaty. Türkmen-türk doganlyk gatnaşyklary.
Ykdysady ösüşde öňe gidişlik. Turkiýe respublikasy 1923-1980-nji ýyllar aralygynda etatizm (sözlüge seret!) şygarynyň astynda ýaşady. Bu syýasat ilki bada ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösmegini üpjün edipdi. Ilatyň esasy böleginiň talaplary kanagatlandyrylypdy. Emma wagtyň geçmegi bilen türk ykdysadyýetiniň dünya hojalygynda bolup geçýän özgerişlere we ylmy-tehniki öwrülişigiň gazananlaryna haýal uýgunlaşýandygy dşgär boldy. Ýurduň ykdysady syýasaty içerki bazara niýetlenendi. 1980-nji ýyldan başlanan täze ykdysady ugruň awtory Turgut Özal hasaplanýardy.
Turgut Özal (1923-1993). 1950-nji ýylda Stambul tehniki uniwersitetini tamamlaýar. Üç ýyllap ABŞ halkara bankynda işleýär. Birnäçe ýyllap Turkiýäniň Döwlet planlaşdyryş guramasyna ýolbaşçylyk edýär. Bazar ykdysadyýetiniň işjeň tarapdary. 1979-njy ýylda Süleýman Demireliň hökümetiniň düzümine girdi. Türkiýäni soňky 20 ýyllykda düýpli ösüşlere getiren, 1980-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndaky özgerdişler baradaky kararyň awtorlarynyň biri. Harby hökümetde (1980-1982) premýer-ministriň orunbasary boldy. Onuň esaslandyran Ene Watan Partiýasy (ANAP) 1984-nji ýylyň noýabryndaky saýlawlarda ýeňiş gazandy. Ol harby hökümetiň ýerine raýat hökümetini düzdi. Saýlawlaryň öň ýanynda T.Özal asyryň aýagynda Turkiýäniň öz ösüşi boýunça Günbatar Ýewropanyň yzyndan ýetmelidigi baradaky sygary öňe sürdi. Öňde goýlan maksada ýetmek üçin onuň hökümeti 6 ýylyň içinde köp işleri etdi. 1989-njy ýylda ol Turkiýe Respublikasynyň prezidentligine saýlandy.
1980-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda kabul edilen “ykdysadyýeti durnuklaşdyrmagyň maksatnamasy” şu aşaky zatlary amala aşyrmagy göz öňünde tutýardy:
a) bazar ykdysadyýetiniň ýörelgelerine eýerip, hususy pudaga artykmaçlyk bermeli, senagaty ösdürmek arkaly ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmaly.
b) hususy maýanyň senagat pudagyna içgin aralaşmagyna ýol arçamaly.
ç) zähmet öndürijiligini artdyrmagyň hasabyna türk milli önümini beýleki ýurtlaryň önümi bilen bäsleşip biljek derejä çykarmaly. “Harydymyzy daşarky bazara çykarmaly ya-da tozup, ýok bolup gitmeli!” - ine, diýen şygar 80-nji ýyllaryň başynda gaty meşhurdy.
d) daşary ýurt maýasynyň Türkiýäniň ykdysadyýetine goşandyny höweslendirmek. Bu babatda T.Özal “Ertirki gün Ýaponiýa deňleşmek üçin, bu gün karz alanyň aýby ýok” diýmegi gowy görerdi.
e) bazar ykdysadyýeti şertlerinde döwlet pudagynyň kärhanalaryny üýtgedip gurmak, olara göýberilýän býujet serişdeleriniň azaldylmagy. Puluň hümmetsizlenmegi, iş üpjünçiligi we daşarky bergiler 80-nji ýyllarda Türkiýäniň öňünde duran iň ýiti meselelerdi. Puluň hümmetsizlenmeginiň derejesi 40%-te ýetipdi. 1989-njy ýylda 1980-nji ýyl bilen geňeşlendirilende harytlaryň bahalary ortaça 20 esse ýokarlandy. 80-nji ýyllaryň sepgidinde ýurtda 3,5-4 mln. adam işsizdi. 1989-njy ýylda Türkiýäniň daşarky karzlary 41 mlrd dollara ýetdi. Ähli girdejileriň 50%-ti bu bergileriň üzülmegi üçin sarp edilýärdi. Ine şu agyr ykdysady ýagdaýdan Türkiýäni alyp çykmak Turgut Özala başartdy. Geçirilen özgerdişleriň netijesinde 1980-1989-nji ýyllar aralygynda türk ykdysadyýetiniň ortaça ýyllyk ösüşi 4,2% boldy. 90-njy ýyllaryň başynda Türkiýedäki ykdysady özgerdişleriň depgini birneme gowşady. Onuň esasy sebäbi ýurduň içindäki syýasy dartgynlylyk we gatyşyk hökümetleriň oňşuksyzlygydy.
Häzirki wagtda Halkara Walýuta Gaznasy Türkiýedäki özgerdişleri goldamak üçin 4 mlrd. dollar karz berdi. Hususy pudagyň ösdürilmegi netijesinde türk ykdysadyýeti daşarky bazara niýetlenen ýokary hilli önümleri öndürip başlady. Häzir Türkiýe bir ýylda 65 müň maşyny eksport edýär. Umuman, Turgut Özalyň döwründe Türkiýäniň ykdysady pese gaçyşlygynyň öňi alnyp, indiki ösüşler üçin dogry badalgalar tapyldy. Aslynda türk milleti örän watançy halk. Olaryň watansöýüjiligini ýerlikli ulanyp, döwründe Atatürk Türkiýäniň garaşsyzlygyny gazanypdy. Turgut Özal hem türk halkynyň şol duýgularyna daýanyp, ýurdy galkyndyrmagy başarypdy.
Süleýman Demireliň prezidentligi. 1993-nji ýylda Turgut Ozal aradan çykan soň Süleýman Demirel Turkiýäniň prezidenti boldy.
Süleýman Demirel. 1924-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Sparta iliniň Atabeg ilçesiniň Yslam obasynda dogulýar. Başlangyç bilimi obada alýar. Spartada orta mekdebi, Afýongarahisarda liseýi tamamlaýar. 1949-njy ýylda suw gurluşygy (bent gurmak) inženerçiligi temasyndan alymlyk derejesini alyp, Stambul tehniki uniwersitetini tamamlaýar. 1949-1950-nji ýyllarda Amerikada öz ugry boýunça hünär praktikasynda bolýar. 1955-ýylda Türkiýe döwlet suw işleriniň baş müdiri bolýar. Ol 28 ýylyň içinde 7 gezek premýer-ministriň wezipesini eýeläp, hökümeti dolandyrýar (1965-1969, 1969-1970, 1970-1971, 1975-1977, 1977-1978, 1979-1980, 1991-1993). 1983-nji ýyldan bäri öz döreden Dogry Ýol partiýasynyň (DÝP) öňbaşçysydyr. “Erk, ynanç we çörek“ şygary bu partiýanyň baş maksatnamasydyr. 1993-2000-nji ýyllar aralygynda Türkiýäniň Prezidenti boldy. Türkiýede köppartiýalylyk ulgamy dowam edýär. Harby düzgün mahalynda (1980-1982) syýasy partiýalaryň işlemegi gadagan edilenem, bolsa 1983-nji ýyldan başlap olar gaýtadan hereket edip ugraýar. Süleýman Demireliň prezidentlik döwründe ýurtda dürli syýasy partiýalaryň guran gatyşyk hökümetleriniň ençemesi çalyşdy. Olara Tansu Çiller (Dogry Ýol partiýasy), Nejmeddin Erbakan (Refah partiýasy), Mesut Ýylmaz (Ene Watan partiýasy), Bülent Ejewit (Demokratik Çepçiler partiýasy) ýolbaşçylyk etdiler. Ejewitiň hökümeti Türkiýe Respublikasy döräli bäri 57-nji hökümetdi.
Türkiýäniň daşary syýasaty. 80-nji ýyllarda Turkiýäniň daşary syýasaty ýurduň ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendi. 1952-nji ýyldan bäri NATO-nyň agzasy hökmünde Turkiýe sebitde Günbataryň bähbitlerini aňladyjy bolup çykyş edýärdi. Türkiýe 1987-nji ýylyň aprelinde özüniň Ýewropa ykdysady bileleşigine kabul edilmegi barada ýüz tutdy. Emma Gresiýa onuň bu gurama kabul edilmegine kes-kelläm garşy. Sebäbi bu iki döwletiň arasynda Demirgazyk Kipr meselesi bilen baglanyşykly düşünişlmezlik entegem dowam edýär.
Turkiýe ABŞ bilen ýakyn gatnaşyklary saklaýar. 1976-1989-njy ýyllar aralygynda bu iki döwletiň söwda dolanyşygy 5 esse (617 mln. dollardan 3067,2 mln. dollara çenli) artdy. 80-nji ýyllarda Turkiýe Ysraýyldan we Müsürden soň amerikan harby kömegini alýan üçünji döwlete öwrüldi.
Ýakyn we Orta Gündogaryň yslam ýurtlary bilen gatnaşyklar türk daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Turkiýe Magrib ýurtlary bilen hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryny alyp barýar. Yslam döwletleriniň goýan maýa goýumlary türk ykdysadyýetiniň ilerlemegine goşant boldy. Turkiýede olar öz banklarynyň bölümlerini açdylar.
T.Özalyň Ýaponiýa sapary (1985ý. maýy) iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna ýardam edipdi. Ýaponlaryň gatnaşmagynda Stambulda Bosfor bogazynyň üstünden ikinji uly köpri guruldy (1988).
T.Özal 1990-njy ýylyň awgustynda Gara deňziň sebitindäki döwletleriň hyzmatdaşlyk guramasyny döretmek pikirini orta atypdy. SSSR-iň dargamagy Turkiýäniň daşary syýasatynda uly özgerişlere getirdi. Ol ilki bilen öňki SSSR-iň düzümindäki türki respublikalaryň garaşsyzlygyny goldap, olara doganlyk goluny uzatdy.
Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ösmegi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Mukaddes Ruhnamasynda türkmen bilen türki iki dogan halk hökmünde häsiýetlendirýär. Bir millet iki döwlet şygary bilen olaryň bir milletdigini tekrarlaýar. Türkiýe respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürk 1933-nji ýylda öz egindeşlerine: “Wagt geler, Orta Aziýadaky türki doganlarymyz hem garaşsyzlyk gazanarlar, şonda siz, ol garyndaşlarymyza dessine kömek ediň!” diýip sargyt edipdi. Türkiýe Türkmenistana garaşsyzlygyny gazanandan soň doganlyk goluny uzadan ilkinji döwletdir. Ol 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň özbaşdak döwletdigini ykrar etdi. 1992-nji ýylyň 29-njy fewralynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy.
1991-nji ýylyň 2-6-njy dekabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkiýä ilkinji resmi sapary boldy. Şonda “Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostluk hem-de hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk” baglaşylypdy. Häzire çenli iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny düzgünleşdirýän 100-den gowrak resminama bar. Türkiýänyň Prezidentleri Turgut Özal, Süleýman Demirel, Ahmet Neždet Sezer, premýer-ministrler Tansu Çiller, Mesut Ýylmaz Türkmenistanda saparda boldular.
1999-njy ýylyň ahyryna çenli türk hünärmenleriniň gatnaşmagynda 90 sany desga bina edildi. Olaryň gatnaşmagynda Türkmenistanda sebitiň iň iri dokma senagat toplumy döredildi. Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabadyň tanalmaz ýaly özgermeginde türk gurluşykçylarynyň mynasyp paýy bar. “Mensel”, “Polimeks”, “Üçgen”, “Gamma” we beýleki türk firmalary Türkmenistanyň gurluşyk meýdançasynda özleriniň janaýamazakly zähmetiniň nusgasyny görkezdiler.
Türkiýe öz uniwersitetlerinde we liseýlerinde Türkmenistan üçin müňlerçe hünärmen ýetişdirip berýär. Bilim babatdaky hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňelýär. 1994-nji ýylda Aşgabatda halkara türkmen-türk uniwersiteti açyldy. Türkmenistandaky 13 sany bilelikdäki türkmen-türk mekdeplerinde, kompýuter we dil kurs merkezlerinde çagalara döwrebap bilim we terbiýe berilýär.
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk barha rowaçlanýar. Olaryň ýoly aýdyň, geljegi röwşen.
Resminamalar we goşmaça maglumatlar.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň döwlet baştutanlary iki döwletiň hyzmatdaşlygy barada Türkiýäniň mysaly bizi ruhlandyrýar, Mustafa Kemalyň tejribesi, onuň döwlet gurluşy baradaky nukdaýnazary hakykatda bize görelde bolup hyzmat edýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
Bu iki dogan indi hemişelik biri-birini tapdy. Şu doganlygy berkitmek üçin biz öz tarapymyzdan ähli tagallalary ederis.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
Türkmenistanda türkmenler, Türkiýede türkler hökmünde däl-de, Türkmenistanda we Türkiýede türkmenler we türkler hökmünde hemişe bilediris. Birdiris, şeýle bolmagynda hem galarys.
Süleýman Demirel
Türkmenistanyň we Türkiýäniň raýatlarynyň arasyndaky baglanyşygyň birsyhly işeňňirleşýändigini, turizmiň ösdürilýändigini, biziň halklarymyzyň biri-birine ýakynlaşýandygyny kanagatlanmak bilen bellemek isleýäriň.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
Türkiýäniň we Türkmenistanyň aragatnaşygy begendirijidir. Ol ýene ençe müň ýyllarda-da dowam etjekdir.
Süleýman Demirel
Türkmenler bilen türkleriň ata-babalary birdir, atyrsy birdir, köki birdir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
Türki respublikalar üçin Türkiýe ýaly dosty bolmagyň özü beýik hormatdyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
Men Türkiýe bilen Türkmenistanyň doganlyk gatnaşyklarynyň geljegini parlak görýärin.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
Türkiýe we Türkmenistan aragatnaşygy begendirijidir. Türkiýe ylmyny, ykdysady tejribesini Türkmenistana berýär we ýene-de berjekdir.
Süleýman Demirel
Türkmen we türk halklary bir bitewi maşgaladyr, olar şatlygy we betbagtçylygy deň paýlaşýarlar. Türkiýe türkmen döwletiniň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar etdi, ol özüniň syýasy hem-de ykdysady özygtyýarlylygyny pugtalandyrmak babatda Türkmenistanyň edýän tagallalaryny goldady, muny bolsa biz hiç haçan ýatdan çykarmarys.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
Ülkämiz bilen Türkiýe arasyndaky baglaryň köki örän çuňňurdyr. Türkiýede ýaşaýanlar atalarymyzyň doganlarynyň agtyklarydyr. Şonuň üçin-de Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk edýärkdk, atalarymyzyň ruhuna ýakynlaşýandygymyz üçin bagtyýardyrys.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
Garaşsyzlykdan soňra Türkmenistany ilkinji ykrar eden ülke Türkiýe boldy. Şol günden bäri-de Türkiýe her ugurda ösüşimize ýardam etdi.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
Türkmenistan we Türkiýe BMG-niň, YHG-nyň, EKO-nyň çäklerinde ýakyndan arkalaşykly hereket edýärler, möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça umumy garaýyş bilen çykyş edýärler. Biz regionyň içinde ykdysady hyzmatdaşlygy hemme taraplaýyn ösdürmegiň parahatçylyga, durnuklylyga hem-de şol ýerde ýaşaýan halklaryň gülläp ösmegine eltýän it netijeli ýoldugy barada pikirdeşdiris. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy