XX-nji asyryñ başynda halkara gatnaşyklar

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

XX-nji asyryñ başynda halkara gatnaşyklary. /1900-1914ỳ.ỳ./

MEỲILNAMA


1. XX-asyryñ başynda paỳlaşylan dünỳäni täzeden paỳlaşmak ugrunda göreş.

2. Asyryñ başynda Ỳewropa ỳurtlarynyñ arasyndaky şertnamalar.

3. Balkan uruşlary-jahan urşunyñ başlanmagynyñ öñisyrasydyr.

XIX-njy XX-nji asyrlaryñ sepgidinde beỳik döwletler dünỳäni paỳlaşyp gutarypdy. Bütin ỳer togalagy ol ỳa-da beỳleki uly ỳurt tarapyndan eỳelenipdi.1-nji ỳar Beỳik Britaniỳa degişlidi. 1900-nji ỳylda onuñ eỳeçilikleri 33 mln inedördül km.368mln. ilatly ỳerde ỳerleşipdi. Munuñ özi dünỳäniñ gury ỳer meỳdanynyñ we ilatynyñ ¼ bölegine barabardy. Beỳik Britaniỳa Afrikada Müsüri, Sudany, Keniỳany, Ugandaky we birnäçe yzagalak ỳurtlary basyp alypdy.1899-1902 ỳyllaryñ iñlis – bur urşy netijesinde Angliỳa bur respublikalary bolan-Oranžewaỳa we Transwaly özüne tabyn etdi. Afrikanyñ Günbatarynda Nigeriỳa, Altyn kenar, Gambiỳa ỳaly iñlis baknalary emele geldi. Ondan başgada Aziỳada Birma hem Angliỳa degişli edildi. Baknalyk edinmek göreşinde ikinji orunda Fransiỳa durỳardy. Onuñ eỳeçilikleri 11mln inedördül km, 50mln ilatly ỳerde ỳerleşỳärdi. Afrikadaky ỳerleriñ 34% (göterimi) fransuzlaryñkydy. Şeỳle hem oña Alžir, Senegal ỳaly ỳurtlar hem degişlidi, bu ỳurtlar Gwineỳa aỳlagynyñ kenarynda ỳerleşỳär. ondan başga-da Fransiỳa Aziỳada Wỳetnamyñ ähli ỳerlerini, Tailandy, Laosy, Kambojany eỳeledi.

XIX-asyryñ 80-nji ỳyllaryndan Germaniỳa baknalyk edinmek hereketine başlaỳar. 1884-ỳylda ol Günorta-Günbatar Afrikany, Gündogar Afrikany, Tago we Kameruny we Okeaniỳadaky birnäçe ỳerleri basyp alỳar.1900 ỳylda Germaniỳanyñ eỳeçilikleri 12 mln ilatly, 2,6 mln inedördül km meỳdanly ỳere eỳeçilik edỳärdi.

1898-ỳylda ABŞ Ispaniỳa garşy urşa başlaỳar. Bu uruş paỳlaşylan dünỳäni täzeden paỳlaşmak ugrunda ilkinji uruşdy. Bu urşuñ netijesinde ABŞ Ispaniỳanyñ öñki baknalary-Puỳerto-Rikony, Filippinleri, Gawaỳ, Guam, Samoa adalaryny eỳeledi.

XIX-asyryñ 60-njy ỳyllarynda Russiỳa hem baknalyk edinmek maksady bilen Orta Aziỳa ỳerlerine aralaşdy. Birnäçe synanşyklardan soñ patşa Russiỳasy 1879-1882 ỳylda Türkmenistany hem basyp aldy. Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnama kitabynda “1879-1881-nji ỳyllarda bolan Gökdepe urşy türkmen milletiniñ syỳasy, ykdysady, ỳaşaỳyş durmuşyna, milletiñ jemgyỳetine uran zarbasynyñ täsiri netijesinde türkmen döwleti ỳykyldy. Rus döwleti türkmen topragynda özüne garaşly iş dolandyryş, medeni we dini wagyz-nesihatyny ỳaỳbañlandyrdy” diỳip belleỳär./S.44/

Şonuñ ỳalyda Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamasynda patyşa Russiỳasynyñ türkmen topragyny basyp alandan soñra türkmen halkynyñ durmuşyna, dünỳä taryhyndaky ornuna we abraỳyna zeper ỳetiren baknalyk syỳasatynyñ zyỳanly täsirleri,netijeleri hakynda hem jaỳdar jümmeler bilen şeỳle belleỳär: “Ỳüzlerçe ỳyllap dünỳä ösüşine täsir eden türkmen halkynyñ şanly asly taryhdan aỳyrmak, topragyny basyp almak, milletini bakna etmek üçin gurnalan syỳasy oỳunlardy. Ỳalan häsiỳetnamalar dogrudan hem, türkmenleriñ dünỳä taryhyndaky ornuna we abraỳyna uly şkes ỳetirdi”.(44-45s)

XX-nji asyryñ başynda Portugaliỳa, Niderlandlar, Belgiỳa, Italiỳa ỳaly ỳurtlar hem uly baknalyklary öz elinde jemläpdi. Olar dünỳäniñ gury ỳer meỳdanynyñ 7mln.in/d km-e, 65,3 mln adamly ilata eỳeçilik edỳärdi.

Umuman 1900 ỳylda dünỳäniñ meỳdanyñ 73 mln. ined/e km (55%) ilatynyñ 530 mln. (35%) beỳik döwletleriñ baknalarydy. 1914-nji ỳylda bolsa togalagynyñ 66,9% (göterimi) we ilatynyñ 60% göterimi bakna we ỳarym bakna ỳagdaỳyndady.

XX-nji asyryñ başynda Ỳewropa dünỳä syỳasatynyñ merkezi bolup galỳardy. Iri Ỳewropa döwletleriniñ döreden harby-syỳasy toparlary, ỳagny üçler bileleşigi (Germaniỳa, Awstro-Wengriỳa, Italiỳa) we fransuz-rus ỳaranlygy-täze basgançaga gadam basdy. 1898 ỳylda Germaniỳa uly harby floty gurmaklyk maksatnamasyny işläp düzdi, ol 20 ỳyla niỳetlenipdi, onuñ ahyrky maksady Germaniỳany deñiz agalyk edỳän döwlete öwürmekdi. Bu maksatnamanyñ durmuşa geçirilmeginiñ ilkinji ädimi 1903 -ỳylda Türkiỳe bilen baglaşylan Bagdat ylalaşygy boldy. Şoña laỳyklykda Türkiỳe Germaniỳanyñ gämi gurluşygyna mugt agaç bermeli edildi. Ondan başga-da Germaniỳa Bosfordan kiçi Aziỳanyñ üsti bilen Kuweỳt gämi duralgasyna çenli demir ỳol çekmegi ylalaşyldy. Emma Germaniỳanyñ bu hereketleri Angliỳa ỳaramady. Angliỳa özüne ỳaran gözläp Fransiỳa ỳakynlaşdy. 1903 ỳylda 2 ỳurduñ baştutanlary duşup, 1904-ñ Gurbansoltan aỳynda iñlis-fransuz ylalaşygyny baglaşdy. (ỳürekdeş ylalaşyk-Antanta).

Şeỳle şertlerde Germaniỳanyñ kaỳzeri Wilgelm II iñlis-rus gatnaşyklaryny ỳitileşdirmegiñ ugruna çykỳar, german diplomatlarynyñ baş maksady Russiỳa bilen Angliỳanyñ ỳakynlaşmagyna päsgel bermekden ybaratdy. Beỳleki tarapdan german hökümeti Fransiỳa bilen Russiỳanyñ gatnaşyklaryny gowşatmagy wezipe edip goỳỳardy.Bu maksatlara etmek üçin Wilgelm II ilki bilen Russiỳanyñ uzak Gündogardaky syỳasatyny ỳakyndan goldap çykyş edỳär. Russiỳa Mançžuriỳa we Koreỳa meseleleri boỳunça Ỳaponiỳa bilen tersleşipdi, ahyrynda ol 1904-1905 ỳyllaryñ rus-ỳapon urşuna getirỳär. rus-ỳapon urşunda Russiỳanyñ birnäçe ỳeñlişlere duçar bolmagyndan peỳdalanyp, Wilgelm II rus-german ỳaranlygyny baglaşmagy teklip edỳär. emma ol teklip başa barmaỳar, sebäbi ony rus hökümeti goldamaỳar.

1904 ỳylda iñlis-fransuz kiçi Antantasynyñ emele gelmegi bilen iñlis hökümeti islendik ỳol bilen bu topara Russiỳany çekmäge çalyşỳardy. Russiỳa bilen Angliỳanyñ arasyndaky gepleşikler 1906-ỳylda başlanỳar. Şol ỳyl iñlis-fransuz hökümetleri Orsyỳetdäki rewolỳusiỳany basyp ỳatyrmak üçin rus patyşasyna 1mlrd rubl karz berỳär, şu ädim hem iñlis-rus gepleşikleriniñ başlanmagyna sebäp bolỳar. 1907 ỳylyñ Alp-Arslan aỳynda iñlis-rus şertnamasy baglaşylỳar. Şertnama laỳyklykda Eỳranda, Owganystanda we Tibetde (Hytaỳyñ I bölegi) täsir ediş zolaklary kesgitlendi. Eỳran 3 bölege bölünip: Demirgazygy (has ilatly bölegi)-Russiỳa degişli edildi, Merkezi Eỳran bitarap bölek, Günorta-Gündogar Eỳran Angliỳanyñ ygtyỳaryna berildi.Owganystanda Angliỳanyñ täsiri astyna düşỳärdi, Tibet hem iñlislere degişli edildi.

Şeỳlelikde 1907-nji ỳylyñ Alp-Arslan aỳynyñ 31-ler Antantasy döredildi.

Ỳewropada halkara gatnaşyklarynyñ möhüm ỳeri Gündogar meselesidi. Balkan ỳarym adasynda bir tarapdan uly döwletleriñ arasyndaky gapma-garşylyk, ikinji tarapdan Balkan ỳurtlarynyñ dolandyryjy toparlarynyñ milletçilik we hökümrowanlyk meỳilleri Sebtde milli aztlyk hereketi bilen utgaşỳardy. Umuman osmanly türk imperiỳasynyñ we Awstro – Wengriỳanyñ Balkanlardaky syỳasaty bulam-bujarlyk emele getirỳärdi.

1908 ỳylyñ ỳaştürkleriñ rewolỳusiỳasy we 1911 ỳylyñ Italiỳa – Türkiỳe urşy Bosniỳa we Gersegowinada Awstriỳalylara garşy hereketiñ başlanmagyna getirdi. Munuñ özi Gabsburglar monarhiỳasynyñ täsirini gowşatjakdy. Wenada Balkalara garşy güỳç ulanmak we Gabsburglaryñ Eỳgeỳ deñziniñ kenarlaryna çenli agalygyny dikeltmek kararyna gelindi. Bu karary amala aşyrmak üçin Bosniỳany, Gersegowinany we Serbiỳany basyp almalydy. Bosniỳa çökgünliginiñ başlanmagyna Awstro-Wengriỳanyñ imperatory Frans Iosifiñ 1908 ỳylyñ Garaşsyzlyk aỳynyñ 5-de Bosniỳany we Gersegowinany güỳç bilen özüne birikdirmegi sebäp boldy.

Günorta Slawỳan ỳerleriniñ eỳelenmegi Balkanlarda Milli-azatlyk hereketiniñ güỳçlenmegine getirdi. Serbiỳa we Ģernogoriỳa Gabsburglar monarhiỳasy bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi. Russiỳa bolsa Serbiỳanyñ we Ģernogoriỳanyñ milli bähbitlerini goldaỳardy. Şol sebäpden hem 1909 ỳylyñ ỳazynda rus-Awstriỳa gatnaşyklary ỳitileşdi. Germaniỳa bolsa öz ỳaranyny goldaỳardy, hem-de mümkun boldugyndan Russiỳa bilen Türkiỳäniñ arasyna pahna kakjak bolỳardy. 1909 ỳylyñ Nowruz aỳynyñ 21-e Germaniỳa Russiỳadan Bosniỳa we Gersogowinany, Awstro-Wengriỳadan hem Serbiỳa we Ģernogoriỳany basyp almaga razylyk bermegini talap edỳär. Orsyỳet näalaç oña razy bolmaly bolỳar. 1912 ỳylyñ nowruz – ruhnama aỳlarynyñ aralygynda 4-lerỳaranlygy, ỳagny Serbiỳa, Ģernogoriỳa, Bolgariỳa we Gresiỳa bileleşigi döredilỳär. Şol ỳylyñ Garaşsyzlyk aỳynda ỳaranlyk bilen Türkiỳäniñ arasynda uruş başlanỳar başlanỳar, oña taryhda 1-nji Balkan urşy diỳilỳär. Bu urşuñ netijesinde Türkiỳe ỳeñilỳär. 1913 ỳylyñ Magtymguly aỳynyñ 30-da Londonda baglaşylan ỳaraşyk şertnamasyna laỳklykda Türkiỳä Ỳewropada Stambulyñ golaỳyndaky ỳerler ỳetỳär.

Emma London şertnamasy Awstro – Wenr. Germany kanagatlandyranokdy. Esasan hem Awstriỳa Serbiỳanyñ eỳeçiliklerine garyşdy (Serbiỳa Kosowany, Makedoniyanyñ ep-esli, Demirgazyk Albaniỳanyñ ỳerlerini eỳeläpdi)

1913 ỳylyñ ỳazynda Serbiỳa we Ģernogoriỳa öz araplarynda harby şertnama baglaşyp şol bir wagtda ol Bolgariỳanyñ Makedoniỳa aralaşmagyna garşydy.

1913ỳylyñ Oguz 29-de balgar goşunlarynyñ serb we grek toparlaryna garşy hüjüme geçmegini buỳurỳar. Şeỳle ỳagdaỳda 2-Balkan urşy ỳagny ỳaranlygyñ öz-ara urşy başlanỳar. Bolgariỳa garşy Rumyniỳa we Türkiỳä hem urşa başlaỳar.

1913 ỳylyñ Gorkutaỳynyñ ahyrynda Bolgariỳa bu uruşda ỳeñilỳär.

1913 ỳylyñ Ruhnama 10 we 26 Buharest we Stambul şertnamalaryna laỳyklykda Bolgariỳa Makedoniỳadaky ähli eỳeçiliklerinden mahrum edilỳärdi.

Umuman 1912-1913 ỳyllaryñ Balkan uruşlary Ỳewropada emele gelen 2- sany harby-syỳasy bileleşikleriñ gapma-garşylygyny öñküsinden hem ỳitileşdirdi. Balkan ỳarym adasy bolsa “Ỳewropanyñ ok-däri ambary” öwrüldi.

Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamsynda XX asyryñ birinji ỳarymynda dünỳä döwletleriniñ arasyndaky gapma-garşylyklar ỳagdaỳlaryñ çylşyrymlaşmagy şeỳle belleỳär.