Wolwoks

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Wolwoks hem edil ewglena ýaly ýagty we ýyly suwda ýaşaýan döwründe hlorofil dänejikleriniň kömegi bilen fotosintez geçirýär we organiki däl maddalardan: kömürturşy gazyndan we suwdan organiki maddany (şekeri) emele getirýär hem-de kislorody bölüp çykarýar. Wolwoksyň reňki ýaşyl bolup, ol edil ösümlikler ýaly ýaşaýar. Suw sowuk we garaňky bolanda wolwoksyň hlorofil däneleri fotosintez geçirip bilmeýär. Wolwoks reňksizlenýär, haýwanlaryň iýmitlenişi ýaly suwdaky organiki maddalar bilen iýmitlenýär.

Gurluşy[üýtget | edit source]

Wolwoksyň bedeni togalak bolup, onuň diametri 1 m-me deň. Onuň gurluşy ýaşyl ewglenanyňka garanyňda has çylşyrymly. Wolwoksyň beden üstünde toýnak şekilli žgutikler bolýar. Topardaky wolwokslar bir-birleri bilen sitoplazmadan emele gelen köprüjagazlar arkaly birleşýärler. Wolwokslar topary suwukjymak, mylkyk madda bilen gabalandyr.

Hereketi[üýtget | edit source]

Wolwoks ösüntgileriniň kömegi bilen suwda ýüzüp hereket edýär. Ösüntgiler diňe ýüzgüçleriniň wezipelerini ýerine ýetirýärler.

Köpelşi[üýtget | edit source]

Wolwoks jynssyz we jynsly köpelýär. Uly ene wolwoksyň bedeninde «pyntyklar» 一çaga wolwoksyň bedeniniň hasabyna gurýarlar. Şoňa görä-de, ene wolwoksyň diňe beden örtügi saklanyp galýar. Her bir ene wolwoksyň bedeninde iki, dört, alty, sekiz we olardan hem köp jübüt wolwoksjyk emele gelýärler. Olar biraz ulalanlaryndan soňra ene wolwoksyň beden örtügini ýarym, suwda özbaşdak ýaşaýşa başlaýarlar. Wolwoksyň jynsly köpelşinde urkaçy we erkek wolwokslar birleşýärler, olaryň sitoplazmalary, ýadrolary garylýarlar, tohumlanyş hadysasy bolýar, netijede, zigota emele gelýär. Zigota berk örtük bilen gabalýar. Birnäçe wagtdan soňra zigotanyň bölünmegi netijesinde wolwokslar emele gelýär.Şu emele gelen wolwokslar jynsly köpelişiñ nesilleri hasaplanylÿar.

Çeşme[üýtget | edit source]

M. Sapargeldiýew, G. Kakalyýew, O. Döwletowa, A. Durdygylyjow. Biologiýa (haýwanlar). Aşg Aşgabat一2012.