Mazmuna geçiň

Wikipediýa:Wikipediýa goşant goşuň

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Wikipediamyzy ösdüreliň!

Wikipedia nähili maglumatlar ýazyp bolar?

[çeşmäni düzet]

Iň esasy Türkmenistan Watanymyz we onuň welaýatlary, etraplary barada giňişleýin maglumat ýazsaňyz Sizden hoşal bolardyk. Başga-da taryhy şahsyýetlerimiz, alymlarymyz, şahyrlarymyz, serdarlarymyz we ş.m. barada, şeýle hem häzirki döwürde ýaşap ýören görnükli adamlar we şahsyýetler barada maglumatlary ýazyp bilerisiňiz.

Wikipedia nädip maglumat ýazmaly?

[çeşmäni düzet]

Onuň üçin https://tk.wikipedia.org saýtyna girmeli we hasaba alynmaly. Howatyrlanmaň, wikipedia agza bolmak kyn däl. Edil şu we beýleki saýtlara hasaba alynyşyňyz ýaly wikipediada hem agza bolup bilersiňiz. Agza bolanymyzdan soň wikipedianyň “Baş Sahypa”syndaky “Täze sahypa ýazyň” diýen ýere sahypanyň adyny ýazyp “Sahypa döret” düwmäni baslamy. Soňky çykan sahypada maglumatlary ýazyp, ýokarky sag burçdaky gökje düwmä basmaly. Soňra “Döret” düwmesine basyp sahypa döretmeli.

Käbir belgiler

[çeşmäni düzet]

Wikipedia maglumat ýazanyňyzda peýdalanyp boljak käbir belgiler barada gysgaça…

  • Baglanyşyk — [[...]]. Haýsy söze baglanyşyk berjek bolsaň şol sözüň iki tarapyna şu belgiler goýulýar.
Meselem [[Wikipediýa]]:
Wikipediýa.
  • Gara hat — '''...'''. Haýsy sözi gara hat bilen ýazjak bolsaň şol sözüň başynda we soňunda üç sany şu belgiler goýulýar.
Meselem '''Wikipediýa''':
Wikipediýa.
  • Aýratyn sözbaşy — ==...==. Haýsy ýerde aýratyn sözbaşy döretjek bolsaňyz sözbaşyny täze setirden ýazyp, onuň öňünde we soňunda iki sany deňdir goýulýar.