Wikipediýa:Hoş geldiňiz

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Wikipediýa okyjylar tarapyndan ýazylan we redaktirlenen ensiklopediýa. Diýmek, ony redaktirläp we içindäki täze ensiklopediýa makalalaryny ýazyp bilersiňiz.

Ýöne Wikipediýany döretmegiň maksady ony ilki okamak we köp zat öwrenmek.

Okamak[çeşmäni düzet]

Wikipediýada ýüzlerçe dilde ýazylan millionlarça makalalar bar. Iň uly bölümlerden ( Iňlis, Nemes, Fransuz we ş.m.) size zerur maglumatlary tapmak aňsat. Dili bilýän bolsaňyz, elbetde.

Talyp diýeliň. Bir mowzuk boýunça kitap tapyp bilmersiňiz (islendik zat bolup biler - kitaphanada kitap ýok, ýa-da beýle kitaplary çap etmeýäris we ş.m.). Internetde gözleýärsiňiz. Ýöne Internet şeýle bir üýşmekdir welin, zerur teksti tapýançaňyz oňa çümüp bilersiňiz. Belki asla tapmarsyňyz. Emma! Indi Wikipediýa atly ajaýyp hazyna bar. Adamzadyň ähli bilimleri onda ýygnalýar we uzak wagtlap ýygnalýar. Wikipediýada zerur ylmy tekst tapmagyň ähtimallygy gaty ýokary. Her niçigem bolsa, iňlis ýa-da nemes wikipediasynda.

Mundan başga-da, Wikipediýa türkmen dilinde ýazylýar. Emma bu meselede bize kömek gerek. Bu kömek täze makalalary ýazmak we redaktirlemekdir.

Redaktirlemek[çeşmäni düzet]

Makalada ýalňyşlyk görseňiz, redaktirläp bilersiňiz. Agyrlyk güýji baradaky makalada ägirt uly ýalňyşlyk tapsaňyz, ony düzedip bilersiňiz, PhD ýa-da fizika professory bolmak hökman däl. Bu ugurda ýeterlik bilimiňiz bar öýdýän bolsaňyz, redaktirläň. Bu gudrat. Makala barada şübheleriňiz bar bolsa, ýöne olary makala goşmaga het edip bilmeýän bolsaňyz, çekişme sahypasyna ýazyp, şübheleriňizi beýleki ulanyjylar bilen paýlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Ýöne islän zadyňyzy ýazmaň, sebäbi redaktirläp bolýar. Düzgünleri ýerine ýetiriň.

Düzgünler[çeşmäni düzet]

Hawa, Wikipediýada-da düzgünler hem bar. Olar bize kömek edýärler.

Bitaraplyk. Bitarap tekst ýazyň. Çeşmeler zerur. Hiç kim çeşmesiz tekste ynanmaýar. Orfografiýa ýalňyşlyklaryňyz üçin hiç kim size iki bellik bermez, ýöne hemme kişi ýalňyş ýazuw bilen düşünmez. Ine, Wikipediýa hakda öwrenen zatlaryňyz. Ýene bir gezek hoş geldiňiz!