Wegetatiw nerw ulgamy
Gurluşy
[düzet | çeşmäni düzet]Çetki nerw ulgamynyň esasy bölegi, nerw oýanyşlary skelet myşsalaryna geçirip, olaryň ýygrylmagyny döredýär. Ola ryň kömegi bilen dürli gyjyndyryjylara jogap edip, bedenin täsirleşmesi amala aşyrylýar. Onurga ýilik refleksleri şunun ýalydyr. Emma bedende baş ga häsiýetli refleksler hem, mysal üçin, tüýkülik bölüp cykaryş refleksi ýüregiň we dürli mäzleriň işleriniň nerw. sazlanyşygy. deriň bölünip cykmagy, gan damarlarynyň ginelip-daralmagy we s.m duş gelýärler. Bu hadysalaryn hemmesi nerw ulgamynyň wegetatiw nerw ulgamy diýlip atlandyrylýan bölüminiň üsti bilen ýerine ýetirilýär (125-nji surat). Wegetatiw nerw ulgamy köp synalaryň we synalar ulgamynyň işlerini sazlaşdyrýar, ol işleri bedeniň talabyna we daşky gurşawyň şertlerine görä uýgunlaşdyrýar. Gurluşy boýunça wegetatiw nerw ulgamy hereket ediş işlerini ýerine ýetirýän nerwlerden birneme tapa wutlanýar. Mysal üçin, skelet myşsalarynyň ýygrylmagyny emele getirýän oýanyş myşsalary bedenleri merkezi nerw ulgamynyň çal maddasynda ýerleşen nerw öyjükleriniň uzyn ösüntgileri boýunça geçirilýär. Wegetatiw nerw ulgamynyň merkezden daşlaşyan nerw öyjüklerinin ýerleşişleri baş gaçadyr. Merkezi nerw ulgamyndan wegetatiw nerwleriň üsti bilen synalara yetirilýän oýanyş bir-biriniň yzynda ýerleşen iki sany nerw öyjükleriniň kömegi bilen amala aşyrylýar (126-njy surat). Birinji nerw öýjüginiň (neýronyň) bedeni onurga ýiliginde, ikinjiniňki bolsa nerw düwnünde ýerleşyär. Oýanyşyň birinji nerwden ikinji nerwe geçirilişi hem şol nerw düwünlerinde bolup geçýär. Şol wegetatiw merkezi nerw ulgamynyn çäginden daşda, nerw süyüm- lerinin synalara gidýän ýolunda ýerleşýärler. Wegetatiw nerw ulgamynyň ýene-de bir aýratynlygy, ol hem oýanyşy beýleki çetki nerwler bilen deňeşdirilende haýal geçiryar.