Warikoz
Appearance
Damarlaryň warikoz giňelmesi (warikoz keseli) — damar ulgamynyň keselleriniň has köp ýaýaran görnüşidir. Ol adatça aýaklarda duş gelýär. Bu kesele duçar bolan adamyň ellerindäki we aýaklaryndaky damarlary gan aýlanyşyga doly gatnaşyp bilmeýärler.
Eger siz özüňizde damarlaryň warikoz giňelmesiniň bardygyny gören bolsaňyz, dowla düşmäň! Sadaja şertleri berjaý etmek bilen, siz warikoz keseliniň ötüşmeginiň öňüni alyp bilersiňiz.
- Gyzgyn hammamlara, saunalara ýygy-ýygydan barmagyňyzy bes ediň. Olar damarlaryň tonusyny peseldip, aýaklarda we ellerde gan durgunlylygynyň döremegine sebäp bolýarlar. Siziň üçin iň peýdalysy — kontrastly duş (suwa düşünilende sowuk we gyzgyn suwy gezekleşdirmek).
- Uzak wagyň dowamynda gün şöhleleriniň aşagynda gezmek ýa-da bolmak. Elbetde, güne garalan deride gögümtil «kerepjikler» gaty bir görnüp-de durmaýar. Ýöne gün şöhleleriniň warikoz keseleni has-da erbetleşdirip, onuň beýleki damarlarda hem güýjemegine sebäp bolýar.
- Eşik örän amatly we tene ýaramly bolmalydyr. Dar kolgotkalary, gaty gysýan joraplary geýmejek boluň. Sebäbi olar damarlary gysýar-da, warikozyň döremegine sebäp bolýar.
- Eger siz beýik ökjeli köwüşleri halaýan bolsaňyz, şuny bilip goýuň: siziň damarlaryňyz olary düýbünden halamaýar. Beýik ökjeli köwüşler aýaklardaky damarlarda gan durgunlygynyň döremegine sebäp bolýarlar. Eger siz özüňizde haýsydyr bir gögümtil «kerepjigi» gören bolsaňyz, köwşüňiziň ökjesi 4 sm-den beýik bolmasyn.
- Damarlaryňyzy aýaň we goraň. Eger işden soň aýaklaryňyzda ýadawlyk we agyry duýýan bolsaňyz, uklanyňyzda ýa-da gyşaryp ýatanyňyzda aýaklaryňyzy galdyrybrak halda goýuň. Eger siz uzakly gün oturyp işleýän bolsaňyz, onda arasynda turup, gezmeläň. Eger uzakly gün şol bir halda durup, aýak üstünde işleýän bolsaňyz, aýaklaryňyzyň durşuny üýtgediň, duran ýeriňizde ýöräň, garaz, aýaklaryňyzy hereketlendiriň.
- Warikoz keseliniň öňüni almakda ulanylýan halk serişdelerini ulanyň. Ine, şol serişdeleriň biri: günde 2 gezek, ertirine we agşamyna warikozly damarlara alma sirkesini çalyp sürtüň. Munuň bilen birlikde 1 bulgur suwa alma sirkesiniň 2 ç.ç. garyp içiň.
- Iýmitlenme: gök önümlerden ybarat berhizi saklajak bolmaly.
Hasabat ýöredýän guramalaryň maglumatlaryna görä, aýallaryň 80%-i, erkekleriň 30%-i warikoz keselinden ejir çekýärler. Eger siz-de olaryň hataryna düşmejek bolsaňyz, şu berlen maslahatlara eýerjek boluň. Eger warikoz keseliňiz ötüşen bolsa, flebolog lukmanyna ýüz tutuň.