Wahideddin Mehmet VI
Höküm sürdi: 03.07.1918. – 01.11.1922.
Özünden öň: Mehmet V
Özünden soň: Osmanly hökümdarlygy dargady.
Çagalary: 1. Fenire soltan
Hökümdarlygy: Osmanly hanedanlygy
Kakasy: Abdulmejid
Ejesi: Gulüstü hatyn Ependi
Doguldy: 14 Ýanwar 1861 Stambul, Osmanly hökümdarlygy
Ölümi: 16 Maý 1926 (65 ýaşynda) Italiýa karollygy. San Remo
Depin edildi: Şamdaky Soltan Selim mesjidi
Dini: Yslam
Umumy maglumat
[düzet | çeşmäni düzet]Mehmet VI ýa-da soltan Wahideddin (Osmanly türkçesi: نيدلا ديحو, Wahidun Mehmedi Sadis). Doguldy: 1861-nji ýylyň 14-nji ýanwary. Stambul. Öldi: 1926-njy ýylyň 16-njy maýy. Italiýanyň San Remo şäheri. Osmanly hökümdarlygynyň 36-njy iň soňky soltany we 115-nji Yslam halyfy. Soltan Wahdeddinden soňra patyşalyk ýykyldy. Dowamyny Yslam halyflyk soltanlygyny bolsa Abdulmejit dowam etdirdi. Çagalyk ýyllarynda eje-kakasyndan jyda düşýär. Soltan Abdulmejidiň maşgalasyndan bolan Şaýeste hanymependi tarapyndan terbiýelendi. Ýaşlyk ýyllarynda hiç kime bildirmän medrese derslerini okap, yslam dinindäki sapaklary özleşdirýär. Uýasy Jemile soltanyň saraýynda bolýan Emine Näzikeda hanym a öýlenýär. Jemile soltan Mehmede şol gyzdan başga gyz almazlyk üçin şert goýýar. Mehmet bu şerti kabul edýär. Emma Emine Näzikedadan zürýat önmänsoň başga birine öýlenmäge rugsat alýar. Agasy Abdulhamit II uzak dowam eden patyşalygy döwründe Jeňňelköýde heýkeltaraş we ussa Aleksandre Wallauryň bina eden köşgünde ömür sürdi. Beýleki şyhzadalar hakynda patyşa žurnal ýazmakda günäkärlendi[1]. V Mehmet Reşat tagta geçeninde, Soltan Abdulaziz iň ogly Ýusup Yzzeddin Ependi tagta geçmäge äht etdi. Ýusup Yzzetdin 1916-njy ýylyň fewralyň 1-ne daşary ýurda syýahat üçin çykanynda janyna kast edildi. Şonda Wahideddin Mehmet VI tagta geçmäge äht etdi. 1916-njy ýylyň dekabrynda Mustapa Kemal paşşanyň ýardamy bilen Germaniýa bardy. 1918-nji ýylyň Iýulynda Soltan Reşadyň ölümi netijesinde 57 ýaşynda Osmanly tagtyna çykdy.
Hökümdarlygy
[düzet | çeşmäni düzet]1918-nji ýylyň ýazynda öz goşunyna daýanyp başserkerdeligi eýeledi. Döwlet dolandyrjakdygyna ynanýardy. Ýöne iki sebäbe görä ýagdaý çylşyrymlaşdy. Bir ýandan 1-njy jahan urşyny basyp ýatyrmak, bir tarapdan bolsa 1913-nji ýyldan bäri Osmanly hökümdarlygyna eýe bolan Ittihat we Terakki rejimine garşy bir syýasy dildüwişik gurnamakdy. Tagta geçjek wagtlary Ittihat we Terakki baştutanlygyndaky Mustapa Kemal Atatürk paşşa Siriýa serkerdesidi. 1918-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda söweşiň ýok ediljegi hakyndaky mejlisde Talat paşşanyň baştutanlygyndamy Ittihat we Terraki goý bolsun edildi. Ýerine Ahmet Yzzet paşşa baştutanlygynda bir mejlis guruldy we söweşi tamamlan Mondros 1918-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda gol çekdi. Ahmet Yzzet Paşşanyń «artjy» mejlisinde 25 güne çeken meselelerden soňra ýerine patyşa diplomat Ahmet Towfyk paşşa 13-nji noýabrda sadrazamlyga geldi.
Soltanlykdan aýrylmagy we sürgün edilmegi
[düzet | çeşmäni düzet]Halas boluş söweşi 1922-nji ýylyň 9-njy Sentýabrynda Izmiriň halas edilmegi we şol ýylyň 13-nji Oktýabrynda Mudanýanyň halas edilmegi bilen soňlandy. Şol döwüer Stambul basypalyjylaryň gabawundady. 6-njy oktýabrda TBMM goşunyna Refet Bele serkerdeligi bilen goşun Stambula çozup girdi. Şol wagtlar organlar Patyşa Wahideddiniň Mustapa Kemal paşşa we dostlary hakynda ölüm permanyna gol çekendigini we soňky patyşanyň watan dönügi diýilip ýaýradylmagy bilen halk arasynda dürli toparlaryň hereket etmekligine getirdi. Wahideddin 1920-nji ýylyň 11-nji aprelinde kararnama bilen başlaýan girişinde «pitneçi, we içki söweşleri möwjediji» diýilip kabul edildi[3].
Osmanly soltanlygynyň synmagy
[düzet | çeşmäni düzet]1922-nji ýylyň 1-njy oktýabrynda Türkiýa beýik millet mejlisiniň iki sany maddalyk bir kanunynda soltanlyk syndyryldy. 17-nji Oktýabr güni irden Wahideddin körpe ogly Mehmet Ärtogrul we haremhanasyndaky egindeşleri bilen Dolambakja saraýyndan bir gaýyga münüm bogaz kenaryndaky Malta gitdi[4] Iňlisler Wahideddini Angliýa kabul etmedikleri üçin birnäçe gün Maltada galdy. 1922-nji ýylyň ahyrynda Hijaz karoly Hüseýiniň çakylygy bilen haja gitdi. 1923-nji ýylyň 20-nji aprelinde Hijazda galdy. Soň iňlisleriň basypalyjylygy bilen bu ýerden çetleşdi. Bir az wagtlyk Italiýanyň Ženewa şäherinde ýaşady. 1923-nji ýylyň 11-nji iýunynda San Remo umumy ýaşaýyş jaýyna göçüp bardy. Bu döwürler öz eli bilen ýazan galan günleri egindeşleri tarapyndan çap edildi.
Sürgün bolan ýyllary we ölümi
[düzet | çeşmäni düzet]Halas boluş söweşiniň ýeňiş bilen gutaryp Türkiýa beýik millet mejlisiniň hökümeti 1922-nji ýylyň 1-njy noýabrynda soltanlygyň syndyrylandygy hakyndaky karary kanun bilen yglan etdi. Wahideddiniň ady hutbalardan aýryldy. Soňra Soltan Wahideddin 1922-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Juma güni Dolmabakja saraýy ndan Malaýa gämi bilen Malta adasyna äkidildi. Ol ýerde Mälil Hüseyiniň çakylygynyň yz ýany Italiýanyň San Remo şäherinde 1926-njy ýylyň 16-njy maýynda dünýeden ötdi. Jynazasy Şama getirlip Soltan Selim mesjidinde okaldy we şonuň ýanyndaky gabrystanlykda depin edildi.
Maşgalasy
[düzet | çeşmäni düzet]Aýallary:
1. Emine Näzik ilkinji hatyn Ependi
3. Şadiýe Müweddet hatynependi
Ogullary:
1. Mehmet Ärtogrul Ependi (körpe)
Gyzlary:
Wahideddin Mehmet VI paşşa hakynda ýazylan kitaplar
[düzet | çeşmäni düzet]Zekeriýa Ýyldyz «Sürgün edilen soltan» Nesil 2012 mart.
Turgut Özakman «Wahideddin M. Kemal we Milli mücadele» Ankara 1997
Aly Fuat Türkgeldi. «Görüp eşidenlerim, Türk taryhy gurumy çaphanasy». Ankara.
Şazada Leýla Açba-Ançabadze «Saraýhanadaky ýatlamalar» Stambul 2004.
Nejip Fazyl Gysgakürek «Watan dönügi däl, Beýik Watan dosty Wahiduddin». Toker. 1968. (gadagan edildi)[5].
Taryk Mumtaz Gözdepe «Osmanogullarynyň iň soňky patyşasy Wahideddin Mütareke Gaýýasynda we Osmanogullarynyň soňky patyşasy Wahideddin Gurbet jähenneminde». Sebil. 1978 [6].
Myrat Bardakçy, Şababa «Osmanogullarynyň iň soňky hökümdary 6-njy Mehmet Wahideddiniň ömür beýany. Hatyralary we şahsy hatlary». Pan . Stambul 1998.
Ýylmaz Çetiner. «Soňky patyşa Wahideddin» Milliýet. Stambul.
Ýyldyzdan San Remo tarap: Wahideddiniň 4-nji hatynependisi Newzat Wahideddiniň hatyralary we 150-likleriň ýatlamalary. Arma. Stambul.
Kadyr Müsürogly, «Bir mazlum patyşa: Soltan Wahideddin han. Sebil. 2008.
Professor doktror. Metin Hulagu «Ýurtsuz imperator Wahideddin iňlis gizlin arhiwlarynda Wahideddin we Osmanly hanedany. TIMAŞ. 2008.
Osman Öňdeş «Wahideddiniň syrdaşy Awni paşşa düşündirýär» Timaş. 2011.
Çeşme
[düzet | çeşmäni düzet]1. ^ Lütfi Simawi, Soltan Reşadyň we halyfyň saraýynda görenimde «Soltan Abdylhamyt döwründäkiden Wahideddin ependiden millet we watan üçin hyzmatlar umyt edýärdik» diýýär (sah. 129) Ibnulemin, Ýyldyz saraýyndaky goşlarynyň arasynda çykan Wahideddine degişli žurnalda bu belgä gabat gelmedigini bildirýär (Soňky sadrazamlar IV. 2100).
2. ^ Musa Kazym Ependiden nakyl eden Ibnül emin Mahmut Kemal Ýynal, Soňky Sadrazamlar, IV.2095)
3. ^ Wahideddin-Mustapa Kemal Ekseninde Milli Mücadele,Teoman Ergül, Akılçelen Kitaplar.
4. ^ Mustapa Armagan. "Wahidetdin gaçdymy, gaçyryldymy?" . Zaman. Erişim tarihi: 25 dekabr 2011.
5. ^ "Nejip Fazılyň gadagan edilen Wahidetdin kitaby täzeden çap ediler" . Zaman. Erişim tarihi: 25 dekabr 2011.
6. ^ "Watanyny söýen biridi" . Täze şapak Erişim tarihi: 25 Aralık 2011.