Urartu döwleti
Urartu döwleti.
1. Taryhy çeşmeleri we taryhnamasy.
2. Tebigy şertleri we ilaty.
3. Urartu döwletiniň döremegi we ösmegi.
4. Urartu medeniýeti.
1.Uratu döwletiniñ taryhy boýunça çeşmeler bolup, maddy medeniýetiñ ýadygärlikleri, Uratu patyşalarynyñ ýazgylary, hojalyk dokumentleri, Uratunyñ taryhy barada Assiriýa çeşmeleri we ş.m. hyzmat edýärler.
Uratu patyşalary klinopis belgileri bilen ilki assiriýalylaryñ , soñra öz dillerinde daş plitalaryñ ýüzüne tekstler ýazdyrypdyrlar. Olar Uratunyñ taryhynyñ esasy çeşmeleridir. Ol öwrenmekde M.W.Nikolskiý, G.A.Melikişwili, G.A.Kapansýan, N.W.Arutýunýan dagylara uly rol degişlidir. Uratunyñ maddy medeniýetiniñ ýadygärliklerini açmakda we öwrenmekde I.A.Orbeli, B.B.Piotrowskiý, A.A.Martirosýan, A.G.Seýs we K.F.Leman – Haupt ýaly alymlar uly işler etdiler.
2.Assiriýadan demirgazyk tarapda daglyk ýerler bolupdyr. (Olar Ermeni daglyklary bolup, häzirki wagtda köp bölegi Türkiýa degişlidir). Ýewfrat derýasy şol ýerlerden baş alyp gaýdýar. Ondan demirgazykda gündogar tarapa Araks akýar. Esasy kölleri Wan, Urmiýa we Sewan. Ermeni daglarynda ekerançylyk ýerleri az bolupdyr, ýöne gowy öri meýdanlary köp ekeni. Ilat irki döwürde , esasan maldarçylyk bilen meşgullanypdyr. B.e. öñ I müñýyllygyñ başlarynda demirden ýasalan zähmet gurallarynyñ peýda bolmagy bilen , ekerançylyk hem uly ähmiýete eýe bolup başlaýar. Uly möçberde bolmasa-da suwaryş işleri üçin desgalar gurulýar. Bu daglyk ýerleriñ ilaty etniki taýdan dürli-dürli bolupdyr. Olaryñ esasysy urartlar bolup, olar dili boýunça halklaryñ hurrit toparyna degişlidir. Demirgazyk – günbatarda Hindiýewropa ilaty agdyklyk edipdir.
3.Uratu taýpa bileleşmesi baradaky baradaky ilkinji maglumatlar Assiriýa patyşasy Salmanasar I-niñ döwrüne degişlidir.
B.e. öñ IX asyrda Wan kölüniñ töwereginde Uratu patyşalygy döreýär. Ol Assiriýa bilen yzygiderli bilen yzygiderli uruşlar alyp barypdyr.
Uratunyñ paýtagty Tuçpa şäheri bolupdyr. Ol aralaşyp bolmajak gaýanyñ ýokarsynda ekeni. Wan kölüniñ suwy içmäge ýarawsyz (duzly) bolany üçin , b.e. öñ 800-nji ýyl töwereginde patyşa Menua dag çeşmelerinden arassa suw geler ýaly gaýalardan suw geçirijisini çapyp oñarmagy buýurýar.
B.e. öñ IX asyrda Uratu Assiriýadan goranyş uruşlaryny alyp barypdyr. B.e. öñ VIII asyrda ýagdaý üýtgeýär. Uratu güýçli döwlete öwrülýär we basybalyjylykly syýasat ýöredip başlaýar. Demirgazykda onuñ araçäkleri Araks tarapa , demirgazyk – günbatarda Gara deñziñ günorta kenaryna , gündogarda Urmiýa kölüne çenli baryp ýetýär.
Patyşa Argistiniñ döwründe Uratu has-da güýçlenip , onuñ goşunlary Kulha (Kolhida) ýurduna girýärler. Ol Araks derýasynyñ çep kenarynda Argistihinili şäherini esaslandyrýar, Uratulylar günbatarda Kiçi Aziýa, günorta – gündogarda Tigre guýýan Diala derýasynyñ kenarlaryna baryp ýetýärler. Şeýlelikde Uratu döwleti Assiriýanyñ ýerleriniñ iki gapdalynda-da ýerleşipdir. Olar onlarça müñ ýerleri sürüp äkidipdirler. Ýesirler gul edilipdirler. Uratuda oba hojalygynda esasy öndürijiler erkin obşinaçylar bolupdyrlar. Bagçylykda , ussahanalarda , gurluşyk işlerinde gullary has köp ulanypdyrlar.
Assiriýada Tiglatpalasar III (745-727ýý) häkimýeti ele alandan soñ , Uratunyñ garşysyna esasy harby güýçlerini sürýär. Arpadyñ eteginde Uratu patyşasy Sardur II-ni ýeñýär we ony Siriýadan gysyp çykarýar. Ol hat-da Tuşpany eýelemäge hem synanyşypdyr. Ýöne ony alyp bilmändir.
B.e. öñ 714-nji ýylda Sargon II Uratuny täze urga sezewar edýär. Ol ýurduñ araçäklerine garaşylmadyk tarapdan girýär. Uratulylaryñ keramatly şäheri Musasiri talaýar. Ol ýerde Haldiniñ ybadathanasynda patyşalaryñ hazynalary bar eken. Ýeñlişden soñ uratu patyşasy Rusa I özüni öldürýär. Şondan soñ Assiriýa bilen Uratunyñ arasyndaky dartgynly göreş bes edilýär. Sebäbi olaryñ hersiniñ indi has howply duşmanlary bardy. . Uratu patyşasy Azawyñ kerarlaryndan gelen kimmerleriñ çozuşlaryny yza serpikdirmeli bolan . Bu urgudan hem aýñalyp uratu patyşalary Sewan kölüniñ töwereginde berk ornaşýarlar. Olaryñ esasy daýanjy Teýsebaini şäher – galasy bolupdyr. Uratu döwleti hem Assiriýa bilen bir wagtrakda ýykylýar. Onuñ paýtagty Tuşpany Midiýa döwleti eýeleýär. Soñra skifler onuñ demirgazyk welaýatlaryny we Teýşebaini eýeleýärler.
Uratu döwleti ýykylansoñ , urart diliniñ ýerine demirgazyk-günbatardan (Haýasadan) göçüp gelenleriñ ermeni dili peýda bolýar. B.e. öñ VI asyrda ýurt Ermenistan adyna eýe bolýar.
3.Uratunyñ medeniýeti ilkibaşda goñşy Assiriýanyñ täsirinde ösüpdir. Soñra ýerli şertlere görä, özboluşly häsiýetlere eýe bolýar. Uratulylar ýylmanan daş böleklerinden ymaratlary bina etmekde aýratyn üstünliklere eýe bolupdyrlar.
Uratu heýkeltaraşlygynda metal statuýajyklary (meselem, adam ýüzli, ganatly ýolbarsyñ bürünç şekili) aýratyn bellemek bolar. Olarda şaý-sepleri ýasamak hem ýokary çeperçilige ýetipdir.
Uratu ýadygärliklerinde diwaryñ ýüzüne çekilen suratlaryñ bölekleri saklanyp galypdyr. Uratulylaryñ dini tetişizmden we tebigat güýçlerine ynanmakdan köphudaýlylyga çenli ösüş ýoluny geçipdir. Olaryñ baş hudaýy Haldi patyşanyñ howandary hasaplanypdyr.
Uratulylaryñ öz klinopis ýazuwy bolupdyr. Uratu dili, dini, mifologiýasy gadymy Ermenistanyñ we Gruziýanyñ halklarynyñ medeniýetiniñ ösüşine uly täsir edipdir.