Umumy türk mifologiỳasynda bahar baỳramy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Oguzhan güni[düzet | çeşmäni düzet]

«Oguz güni hakynda Jame-ott-tawaryh atly eserde şeỳle maglumatlar bar: Türkleriň aňyrsy Ỳafes Ibn-i Nuhdan gaỳdỳar. Olar gündogara gitdiler. Bu göcüň netijesinde Ỳafesiň ady Abulje ya hut Abulbeje diỳit üỳtgedildi. Inanç şäherine ỳakyn bolan; Oratag; we; Kurtag; ỳurtlaryny ỳaỳlak hem-de Ỳursak, Gagian, Garagum, Talas we Karaseỳni bolsa gyşlak üçin begenledi. Abulje hanyň Dip Bakuỳ adynda bir ogly boldy... Dip Bakoỳuň dört ogly bardy. Garahanyň bir ogly boldy, adyna Oguzhan goỳdular. Oguzuň dünỳa inen güni gül-çiçekler, agaçlar we bütin ỳer ỳüzi täze bir ỳaşaỳyşa başlady. Bir näçe ỳyl şondan soň edil şol möwsümde Oguzhan öz duşmanlaryny ỳeňip Talas şäherinden Buhara çenli baryp ỳetỳän ỳurtlary aldy. Şol günüň hatyrasy üçin uly toỳ dabarasyny geçirip oňa; Oguz güni; we ỳahut; Ỳeni gün; diỳip at berdiler.»[1]

Hunlarda bahar baỳramy[düzet | çeşmäni düzet]

Sumerlileriňkä meňzeş bahar baỳramyň Hunlaryň arasynda-da bolandygy hakynda şeỳle maglumatlar bar: «Hytaỳ çeşmelerinde Hun medeniỳetinden gürrüň edilende, her ỳylyň başynda geçirilỳän dini dabaralar hakynda-da durup geçilỳär. Bu dabara Hunlaryň 24 taỳpasynyň hanlary gatnaşỳarlar, şonuň ỳaly hem ỳylyň 5-nji aỳyndada Lung-Çeng şäherinde ỳygnanyp Gök taňry hem-de Ỳer-suw ruhlarynyň ỳoluna janly aỳdyp sadaka bererdiler. Beỳik hakan her gün irden çadyryndan çykyp güne, gijeler bolsa aỳa çokunardy.»[2]

Aỳzit Baỳramy[düzet | çeşmäni düzet]

«Bu baỳram Altaỳlylaryň gözellik taňrysy bolan Aỳzite bagyşlanyp ỳazyň başynda tokaỳlarda dabara bilen geçirilip gutlanar eken. Baỳram däpleri Akşamanlar tarapyndan alnyp barylypdyr. Şamanlara ak we gara sypatyny olaryň geỳỳän eşikleriniň reňkine görä berilipdir. Baỳramcylyk günlerinde öỳler arassalanyp, bezelip, iň oňat damaklar bişirilip, iň owadan eşikler geỳiler eken. Şaman dokuz gyz bilen dokuz oglany saỳlap sag we sol ỳanynda duruzarmyş, son olary özi bilen Aỳzitin köşgüne alyp gidip şol ỳerden hem dabaralar başlanar eken. Aỳzit şeỳle suratlandyrylỳar: Başynda ak başlyk, omzunda ak atgy (ỳalyk), aỳaklarynda bolsa gara goçly ädik bar. Ol, şeỳle eşikleri bilen tokaỳlarda agaçlaryň arasynda gezmeleỳär ỳa-da gaỳalara arkasyny berip uka gidỳär.»[3]

Göktürklerde bahar baỳramy[düzet | çeşmäni düzet]

Türk dünỳäsiniň iň belli dessanlaryndan biri hasaplanỳan Ergenekon dessanyna görä Göktürkler duşmanlarynyň tarapyndan gaty elhenç ỳagdaỳda gyrylanlaryndan soň, gaty az sanly galanlary bir ỳerik ỳygnanyp şeỳle karara gelỳärler:«Ỳurdumyza dolanaly diỳsek töweregimizdäki ähli taỳpalar bize ỳagy, iň gowusy daglaryň arasynda kisäniň ỳoly düşmejek bir ỳer tapmaly. Olar bu karara ỳetenlerinden soň sürülerini daga sürüp gitdiler. Ahyr soňy bir ỳerik baryp ỳetdiler. Özleriniň gelen ỳollaryndan başga ỳol ol ỳerik barmaỳardy, ol ỳol hem şeỳle bir bekdi welin diňe at bilen düỳe zordan geçip bilỳärdi. Bu bek daglaryň ortasyndaky giň tekizligiň bolsa çägine göz ỳetmeỳärdi. Onda akarsuwlar, çeşmeler, dürlidümen otlar, miweli agaçlar boldy. Ol ỳere gözleri düşenden beỳik taňra şükür etdiler. Mallarynyň gyşyna etini iỳdiler, ỳazyna süỳdini içdiler, derisini geỳdiler, täze ỳurtlaryna Ergenekon diỳip at goỳdylar...

Ergenekonda 400 ỳyldan gowrak galanlaryndan soň olaryň ilaty hem-de mallarynyň sany şeỳle bir köpeldi welin, olar indi bu ỳurda sygmaỳardylar. Çäre tapmak üçin gurultaỳa ỳygnanyp şeỳle maslahata geldiler: Ata-babalarymyzdan eşidişimize görä Ergenekonyň daşynda çäksiz meydanlar we gözel ỳurtlar barmyş... Biziň watanymyz hem ir zamanlardan başlap şol ülkelerdemiş. Soň duşmanlarymyz birleşip biziň ỳurdumyzy alyp eỳeläpdirler. Hudaỳa şükür indi biz bu daglara bogulup oturasy ỳagdaỳda däl. Daglaryň arasyndan bir ỳol tapyp çykalyň. Il bolanlar bilen oňuşyp duşman bolanlara garşy bolsa söweşeliň.

Hemmeler bu karary mahullap ỳol aradylar emma tapmadylar. Ahyry olardan biri şeỳle diỳdi: Bu ỳerde bir demir magdanly dag bar, onuň demirini eretsek ỳol açylardy. Ol ỳerik baryp seretdiler we bu pikiri hem mahulladylar. Dagyň töweregini hem üstüni bir gat odun we bir gat kömür bilen doldurdylar, soň 70 deriden körük ỳasap ỳetmiş ỳerden durdular we körüklemäge başladylar. Beỳik taňrynyň garaşygy bilen otlar tutaşyp gyzandan dagyň demiri eräp başlady we ỳükli kerwen geçer ỳaly ỳol açyldy. Şol aỳy, güni, sagady belläp dagdan çykdylar. Şondan bäri Göktürklerde şol güni toỳ-baỳram etmek däbe öwrülipdir.Bir bölek demiri oda salyp gyzartỳarlar. Soň Han ony demir gysaç bilen otdan çykaryp sandalyň üstünde goỳup çekiçleỳär. Begler hem bu güni türmeden çykyp Ata Watana dünülen güni hökmünde mukaddes hasap edỳärler.

Ergenekondan çykanlarynda Göktürkleriň uly hakany Gaỳy urugundan bolan Börteçine, ähli illere ilçi iberip özleriniň daglardan çykandyklaryny habar berdiler. Ähli iller muny eşiden badyna olara baş egip uly Türk Kagany Börteçinä sylag-hurmat etdiler. Duşmanlar bolsa munuň tersine söweşe girdiler. Göktürkler üstün çykdylar. Şeỳlelik bilen olar 450 ỳyldan soň Ata Watanlaryna eỳe bolmak bilen, öňkileri ỳaly dünỳäniň iň uly ulusyna öwrüldiler…».[4]

Alymlaryň açyklamasyna görä Göktürkleriň bek daglardan çykan wagty tebigatyň al-yaşyla bürenen ỳaza gabat gelipdir. Azerbeỳjan alymy K. Veiyeviň açyklamasyna görä bolsa ol gün 9-njy Marta gabat gelỳär.[3]

Uỳgur bahar baỳramy: ilk ỳaz, Buku Kagan, Köken we Ỳeniden doguş[düzet | çeşmäni düzet]

Bu baỳram hakynda Aktok-Kaşgarly şeỳle ỳazỳar. «… Uỳgur taỳpalarynyň Ỳaradylyş, Ỳeniden doguş we Buku Kagan rowaỳatlary türk mifologiỳasynyň iň ähmiỳetli bölekleriniň biridir… Çin çeşmelerinde bu rowaỳatlara uly orun berilipdir: Ol ỳerde bir agaç bar, gündogardan iki akarsuw akỳar.Tola we Selingan atly iki derỳanyň arasynda ỳerleşen gurap galan bir uly agaçda göwreliligiň alamatyna meňzeỳän bir çiş görülỳär. Gökden dowamly bir yşyk inỳär. 9 aỳ 9 gün soňra agajyň üstündäki çiş ỳarylỳar we bäş sany çaga görünỳär. Bu bäş çaga Uỳgur türkleriniň doguşuny, onda-da olaryň nesilleriniň tebigat ỳaly gaỳtadan direlişini aňladỳar…

Takeo, Buku Kagan mifiniň ỳüze çykmagyny Orta Asyr Uỳgur kalenderlerine esaslanmak arkaly 28. Fewral bilen 21. Mart aralygy hasap edỳär… Buku Kagan mifiniň iki manysy bardyr: Birinjisi Uỳgur türkleriniň köküni, ikinjisi bolsa Gaỳtadan Doguş, Bahar Baỳramy we ỳaşaỳyşyn täzelenmesi… Uỳgur türkleri Budizm, Manizm, Nastury Hyrystiỳanlygy we Yslam ỳaly aỳra-aỳry dinleri kabul edipdirler. Emma bu ynançlarynyň ählisinde-de olaryň milli ynançlary bolan; Göktaňry; ynanjyň öwüşginini ap-açyk yzlamak mümkindir. Agajy göwreli eden Gök Taňrynyň yşygydyr… Bu mifiň ;Bukhan; ady bilen berilỳän Mogul wariỳantynda, bir Hanym Taňry Bukhan bilen öỳlenỳär we ondan bir ogly bolỳar. Hanym Taňry ony bir agajyň gowagynda saklaỳar. Bukuhan çagany şol ỳerden alỳar.»[1]

  1. 1.0 1.1 Nevruz 1995, Türk Kültüründe Nevruz Uluslararası Sempozyumu Bildirisi, Ankara-1995
  2. Muzaffer Sencer „Dinin Türk Toplumuna Etkileri“ Istanbul-1974
  3. 3.0 3.1 Kamil Veliyev „Elin Yaddaşı Dilin Yaddaşı“ Baki-1988,
  4. Seyit Kemal Karalioglu „Türk Edebiyatı Tarihi“ Istanbul-1973