Uly Balkan dagy
Uly Balkan dagy – (Balkan daglarynyň bir bölegi)- Türkmenistan döwletiniň günbatar çäginde, kaspi derýanyň kenar ýakasynyň gündogar çäginde ýerleşýän uly dag gerşleri. Gury Uzboyuň ugry kiçi Balkan dagyndan we Köpetdagyň günbatar çet gerşinden aýratyndyr.
Dag gerşleri Türkmenistanyň günbataryndan gündogara 60 km uzynlygyna uzalyp ini bolsa 20 km ýaýrap gidýar. Uly Balkanyn çür depesi- Arlan dagy bolup onyn boýy 1880 metre baryp ýetýär. Arlan dagy ýapy beýik görnüşinde bolup, demigazygynda kert inelgeleri we günortasynda has ýapy eňňitleri özünde jemleýär. Aýratyn görnüşde gurnalan hek daşlary, gumly ýura ulgamy we hek gatlaklaryny özünde jemleýär. Kertler örän ýalaňaç halda bolup esasanda demirgazyk gerişleri dikligine gaýtýar we günorta gerşleriniň ýapgytlarynda bolsa, giň gowaklara-da duş gelmek bolýar. Lanşawtdan ( dag peýzažy) seredende uly bölegini gum, yartygum we dag gerşlerinde gury tokaýlary, arçalara duş gelmek bolýar. Uly balkan dagynyň edil günorta aşagynda Balkanabat şäheri (Nebit- dag) ýerleşýär.