Ulanyjy çekişme:Ovadan

Page contents not supported in other languages.
Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Turkmenler we Hywa hanlygy[çeşmäni düzet]

17-nji asyrda turkmenlerin dusmanlary Hywa,Buhara,Sefewi hanlygy bolupdyr.Turkmenler erkinlik ucin kici-kici gozgalan turuzyarlar emma hicbirisi showly gechmeyar. Arapmuhammet turkmenlere gowy garayan eken emmma onun ozbeklerin nayman taypasyndan bolan ayalynyn 2 ogly Hebesh bilen Ilbars we chingiz ugrundan ayalyndan Isfendiyar we Abulgazy urush edyar. Bu soweshe turkmenler islese-islemeseler gatnashmaly bolupdyrlar. 1621-nji yylda Arapmuhammedi Hebesh bilen Ilbars tagtdan agdaryarlar we onun gozuni oyyarlar. Beyleki ogullary Isfendiyar Eyrana, Abulgazy Buhara wagtlayyn gachmaga mejbur bolyar. Muhammed Huseyin beg Ilbars bilen Hebeshi olduryar we tagta Isfendiyar gechyar. 1623-1642-nji yyllar arasynda Isfendiyar tagty dolandyryar. Ol turkmenler bilen gowy aragatnashykda bolupdyr, weziri turkmen yigidi Tanryberdi bolupdyr. Isfendiyar aytaryn hem salyrlar we arsarylara dayanypdyr. Abulgazy doganyna garshy chykyar emma hich zat basha barmayar. Sonra olar Horasana yorish edip ol yerden showsuz gaydyarlar. Muna gahary gelen Ilbars doganyny 1629-nji 1639-nji yyllar arasynda Eyrana iberyar.Ol yerden gelenden son 2 yyllap Mungyshlak we Balkan turkmenlerin arasynda yashayar. Sonra 1641-nji yyldan bashlap Aral ozbeklerinin arasynda yashayar. Bu dowurde doganyna we turkmenlere yorish edyar. 1642-nji yylda Isfendiyar han olenden son turkmenler hanlykda onki yaly guychli bolmayar. Horezmde ozara gazaply urushlar bashlanyar. Muna Buhara hem gatnashyar.

Garrygala soweshi (1858y)[çeşmäni düzet]

Sarahs söweşinden soň, Hywa goşunlary Günorta Türkmenistana aýaklaryny sekmedi. Emma eýrandaky gajar şasy Nasreddin Türkmenistana gözüni dikdi. Şa Japarguly hany 1858-nji ýylda goşun serkerde edip, Garrygalany soňra Ahaly basyp almaga iberýär. Şol wagtlar gökleñleriñ hany Durdy handy. Duşmanyñ gelýändigini habar alan Ahal hany Nurberdi han 10 müñ atlysy bilen Günbatardan Mahmyt Işan 8 müñ atlysy bilen kömege geldi. Söweşde tekeleriň,ýomutlaryñ,gökleňleriň goşunlaryna Nurberdi han baştutanlyk edipdir. Aýgytlaýjy söweşe başlamazdan öñ Gyzylarbatdan Päli Mergen duşmanyñ çür depesinden gylyjy indirýär. Söweşiñ netijesinde türkmenler ýeñiş gazanýar. Japarguly han galan az goşuny bilen ähli zatlaryny taşlap gaçyp gidýär. Bu söweş Abdysetdar Kazynyň „Jeñnama“ eserinde beýan edilýär.

Garrygala söweşi[çeşmäni düzet]

Salam! Şu gyzyl reňkli Garrygala söweşi atly sahypanyň üstüne bassaňyz, boş sahypa açylar. Garrygala söweşi baradaky ýazan maglumatyňyzy şol sahypa göçürip, ýazdyryp bilersiňiz. Harplaryny düzedip çyksaňyz gowy bolardy. "[[]]" belgisiniň içine "Kategoriýa:Taryh" diýip ýazyp goýsaňyz kategoriýa hem goşular. --Hanberke 18:36, 22 ýanwar 2012 (UTC)[jogap ber]