Mazmuna geçiň

Ulanyjy çekişme:Gurgenradio

Page contents not supported in other languages.
Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Eýranyň Türkmen radiosy Radionyň saýtynyň adresi: http://turkmen.irib.ir/turkmen/ Eýranyň Gülüstan merkeziniň Türkmen radiosy hijri şemsi senesi boýunça 1338-nji ýylda her gün ýarym sagatlap ýerli gepleşikleri eşitdirmek bilen işe başlady.

Eýranda yslam rewolýusiýasynyň ýeňiş gazanmagyndan soň , düzgüniň mukaddes maksatlaryny durmuşa geçirmek we yslam rewolýusiýasynyň sargytlaryny beýleki ýurtlaryň milletlerine aýratyn hem öňki Sowet Soýuzyndaky musulmanlara ( şol sandaTürkmenistana) ýetirmek maksat bilen ,hijri şemsi senesi boýunça 1362-nji ýylyň deslapky aýynyň onikisinde , Gülüstan merkeziniň türkmen radiosynyň serhedaşa gepleşikleri resmi şekilde efire berlip başlady.

Bu radio, häzirki wagtda orta tolkunda 1449 KHz frekansynda her gün 4 sagatlap Eýrandan daşarda ýaşaýan türkmenler üçin ýörite taýýarlanan gepleşikleri ýaýlyma berýär.

Bu frekansyň üsti bilen Türkmen radiosyny, tutuş Türkmenistanda , şeýle-de Täjigistan, Hytaý, Üzbegistan, Owganystan we Päkistan ýurtlarynyň käbir ýerlerinde diňläp bolýar.Gözli şaýatlaryň we Türkmenistandan gelen ýolagçylaryň aýdyşlaryça ,Türkmenistanyň garaşsyzlygyndan öň , Türkmen radiosynyň gepleşikleri aýratyn hem dini gepleşikleri kaseta ýazylyp gizlinlikde köpeldilip diňlenipdir.

Türkmen radiosy türkmen dilinde Yslam dini barada maglumat berýän iň aktiw mediýa bolýanlygy üçin, Türkmenistanyň musulman ilaty diniň usullaryny we Yslamyň we Gurhanyň buýruklaryny we taglymatlaryny Gülüstan merkeziniň türkmen radiosynyň üsti bilen öwrenýärler diýip aýtsak bolar .

Türkmenistanly diňleýjilerimiziň , Türkmen radiosyndan berilýän maglumatlaryň we habarlaryň dogrulygyna ynamly garamaklary , olaryň, Yslam rewolýusiýasynyň sargydyny we Yslam dünýäsiniň habarlaryny bu radiodan diňlemeklerine sebäp bolandyr .

Aýratyn hem Türkmen radiosynyň Oraza aýynda säher wagty berýän gepleşikleri hem her ýyl köp adamlaryň alkyşyny gazanyp bilendir.

Türkmen Radiosy , şu wagta çenli, dürli festiwallarda we ýaryşlarda, ençeme baýraklara mynasyp bolandyr şol sanda, ýaňy ýakynlykda , 2011-nji ýylyň Sentýabr aýynyň aýagynda , yslam ýurtlarynyň tele-Radio programmalarynyň arasyndaky bäsleşikde, sosial gepleşikler boýunça bölümde 2-nji orna laýyk boldy.

salam agzalar  !