Ulanyjy:Döwlet Islamow

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Islamow Döwlet Ylhamowiç 2002 -nji ýylyň 16-njy maýynda dünýä indi. Ol 1 ýaş 4 aýa ýetende Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 41-nji çagalar bagyna baryp, 7 ýaşa ýetende üstünlikli tamamlady. Döwlet 2009-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenabat şäheriniň 11-nji orta mekdebinde orta bilim almaga başlady we 2020-nji ýylda göreldeli bahalar bilen gutardy. Mekdepde okan döwri salyhatly, edep-ekramly, ula hormat goýýan we kiçileri sylaýan, dost-ýarlarynyň içinde abraý gazananlygy bilen tapawutlandy.Ol kiçilikden fiziki we akyl sport görnüşleri bilen gyzyklanyp, 8 ýaşynda küşt oýnuny öwrenmäge başlady. 10 ýaşa ýetende grek-rim göreşine höwesi döredi. Döwlet sportuň ähli ugurlarynda özüni synap dil öwrenmeklige başlaýar. Bu ugura gönükmeginiň esasy sebäbi ejesi we kakasy bolýar. Ol gysga wagtyň içinde rus, iňlis we hytaý dillerini özleşdirdi. Bu öwrenen dilleri hem mekdep derslerinde öňe gitmäge uly itergi boldy. Döwlet tomusky dynç alyş günlerinde hem boş oturman 14 ýaşyndan mebel sehinde işleýärdi. 16 ýaşyndan bolsa toý-dabaralarda suratçy bolup işleýärdi.Onuň bu hereketleri sungata bolan gyzyklanmasyny aýan etdi. Mekdep döwrüniň soňky ýylynda Döwlet döredijilik we çeper eserler bilen gyzyklandy(esasan goşgular bilen). Fewral aýynda ilkinji goşgusyny ýazdy we şol ýylyň dowamynda jemi 4 goşgy döretmäge başardy.Ol öz goşgularyny filosofik häsiýetde ýazýardy. Ýagny, durmuşuň ähli ýagdaýyna göz ýetirmek bilen özüniň bu dünýäde tutýan ornuny gözleýärdi... Şol sebäpden hem onuň şygryýetini söýüp okaýan hem az däldi. Häzirki wagtda Islamow Döwlet Ylhamowiç Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Ynsanperwer- durmuş bilimleri fakultetiniň Taryh hünäriniň 4-nji ýyl talyby.