Turgut Özal

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Turgut Özal (1986)

Turgut Özal (1923-1993).

1950-nji ýylda Stambul tehniki uniwersitetini tamamlaýar. Üç ýyllap ABŞ halkara bankynda işleýär. Birnäçe ýyllap Turkiýäniň Döwlet planlaşdyryş guramasyna ýolbaşçylyk edýär. Bazar ykdysadyýetiniň işjeň tarapdary. 1979-njy ýylda Süleýman Demireliň hökümetiniň düzümine girdi. Türkiýäni soňky 20 ýyllykda düýpli ösüşlere getiren, 1980-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndaky özgerdişler baradaky kararyň awtorlarynyň biri. Harby hökümetde (1980-1982) premýer-ministriň orunbasary boldy. Onuň esaslandyran Ene Watan Partiýasy (ANAP) 1984-nji ýylyň noýabryndaky saýlawlarda ýeňiş gazandy. Ol harby hökümetiň ýerine raýat hökümetini düzdi. Saýlawlaryň öň ýanynda T.Özal asyryň aýagynda Turkiýäniň öz ösüşi boýunça Günbatar Ýewropanyň yzyndan ýetmelidigi baradaky sygary öňe sürdi. Öňde goýlan maksada ýetmek üçin onuň hökümeti 6 ýylyň içinde köp işleri etdi. 1989-njy ýylda ol Turkiýe Respublikasynyň prezidentligine saýlandy.

1980-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda kabul edilen “ykdysadyýeti durnuklaşdyrmagyň maksatnamasy” şu aşaky zatlary amala aşyrmagy göz öňünde tutýardy:

a) bazar ykdysadyýetiniň ýörelgelerine eýerip, hususy pudaga artykmaçlyk bermeli, senagaty ösdürmek arkaly ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmaly.

b) hususy maýanyň senagat pudagyna içgin aralaşmagyna ýol arçamaly.

ç) zähmet öndürijiligini artdyrmagyň hasabyna türk milli önümini beýleki ýurtlaryň önümi bilen bäsleşip biljek derejä çykarmaly. “Harydymyzy daşarky bazara çykarmaly ya-da tozup, ýok bolup gitmeli!” - ine, diýen şygar 80-nji ýyllaryň başynda gaty meşhurdy.

d) daşary ýurt maýasynyň Türkiýäniň ykdysadyýetine goşandyny höweslendirmek. Bu babatda T.Özal “Ertirki gün Ýaponiýa deňleşmek üçin, bu gün karz alanyň aýby ýok” diýmegi gowy görerdi.

e) bazar ykdysadyýeti şertlerinde döwlet pudagynyň kärhanalaryny üýtgedip gurmak, olara göýberilýän býujet serişdeleriniň azaldylmagy. Puluň hümmetsizlenmegi, iş üpjünçiligi we daşarky bergiler 80-nji ýyllarda Türkiýäniň öňünde duran iň ýiti meselelerdi. Puluň hümmetsizlenmeginiň derejesi 40%-te ýetipdi. 1989-njy ýylda 1980-nji ýyl bilen geňeşlendirilende harytlaryň bahalary ortaça 20 esse ýokarlandy. 80-nji ýyllaryň sepgidinde ýurtda 3,5-4 mln. adam işsizdi. 1989-njy ýylda Türkiýäniň daşarky karzlary 41 mlrd dollara ýetdi. Ähli girdejileriň 50%-ti bu bergileriň üzülmegi üçin sarp edilýärdi. Ine şu agyr ykdysady ýagdaýdan Türkiýäni alyp çykmak Turgut Özala başartdy. Geçirilen özgerdişleriň netijesinde 1980-1989-nji ýyllar aralygynda türk ykdysadyýetiniň ortaça ýyllyk ösüşi 4,2% boldy. 90-njy ýyllaryň başynda Türkiýedäki ykdysady özgerdişleriň depgini birneme gowşady. Onuň esasy sebäbi ýurduň içindäki syýasy dartgynlylyk we gatyşyk hökümetleriň oňşuksyzlygydy.

Häzirki wagtda Halkara Walýuta Gaznasy Türkiýedäki özgerdişleri goldamak üçin 4 mlrd. dollar karz berdi. Hususy pudagyň ösdürilmegi netijesinde türk ykdysadyýeti daşarky bazara niýetlenen ýokary hilli önümleri öndürip başlady. Häzir Türkiýe bir ýylda 65 müň maşyny eksport edýär. Umuman, Turgut Özalyň döwründe Türkiýäniň ykdysady pese gaçyşlygynyň öňi alnyp, indiki ösüşler üçin dogry badalgalar tapyldy. Aslynda türk milleti örän watançy halk. Olaryň watansöýüjiligini ýerlikli ulanyp, döwründe Atatürk Türkiýäniň garaşsyzlygyny gazanypdy. Turgut Özal hem türk halkynyň şol duýgularyna daýanyp, ýurdy galkyndyrmagy başarypdy.