Troposfera
Troposfera — ýer üstüne ýakyn ýerleşen howa gatlagydyr. Onuň ýer üstünden beýikligi ekwatorda 16–18 km-e, aram giňlikde 14–16 km-e we polýar guşaklygynda 9–10 km-e ýetýär. Troposferanyň ýokarky araçägi pasyllar boýunça üýtgeýär. Gyşyna peselýär, tomsuna bolsa konweksiýanyň işjeňleşmegi bilen araçäk gatlak ýokary galýar. Kä ýagdaýlarda troposferanyň araçägi gije-gündiziň dowamynda birnäçe kilometre çenli üýtgäp biler. Troposfera atmosferanyň iň ýuka gatlagy bolup, munda onuň massasynyň 80 %-i ýerleşýär. 50 %-i 5 km-de, 75 %-i 10 km-de we 95 %-i 20 km aralykda ýerleşýär. Troposferada çyg we ýylylyk aýlanyşygy, bulutlaryň we ygallaryň döremegi ýaly hadysalar ýüze çykýar. Troposferada şeýle hem adatdan daşary optiki we akustiki hadysalar hem emele gelýär. Bu howa gatlagynyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem onda howanyň temperaturasynyň her 100 m beýiklik aralygyndan 0,6-1,00 C peselmekligidir. Ekwatorda ortaça ýyllyk temperatura + 260, polýusda – 230 C. Troposferanyň ýokarky araçäginde temperatura degişlilikde – 700 we – 500 C. Tropopauza – troposfera bilen stratosferanyň aralygynda ýerleşip, galyňlygy 1– 2 km. Bu gatlaga köplenç bir deň temperatura, ýagny izotermiýa häsiýetlidir. Kä ýagdaýlarda ýokary galdygyňça temperatura peselmän artýar, ýagny temperaturanyň inwersiýasy döreýär.