Tor programma üpjünçiliginiň derejesinde hüjüm etmek.

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Tor programma üpjünçiligi hakerler üçin hüjüm etmegiň iň aňsat usuly, sebäbi maglumatlaryň iberilýän aragatnaşyk kanaly adaty ýagdaý­da goralmaýar we şol kanala elýeterligi bolan islendik adam maglumatlary kabul edip, özüniňkini hem iberip bilýär. Şonuň üçin tor programma üpjünçiliginiň derejesinde hakerleriň şeýle hüjüm etme­leri bolup bilerler:

▪ ýerli toruň segmentini diňlemek;

▪ marşrutizatorlarda maglumatlary saklap almak;

▪ ýalan marşrutizatory döretmek;

▪ tora hyzmat etmekden boýun gaçyrmak.

       Tor programma üpjünçiliginiň derejesinde hakerleriň hüjüm et­megi tor birleşmeleriniň açyklygy bilen bagly. Şonuň üçin aragatnaşyk kanallaryny maksimal derejede goramak zerurdyr we şonda girmäge rugsady bolmadyk ulanyjylar üçin maglumatlaryň alyş-çalşygy kynlaşdyrýar. Aşakda şeýle gorag usullarynyň birnäçesi getirilýär:

▪ Kompýuter torunyň uzynlygyny maksimal kiçeltmek.

▪ Tory daşky gurşawdan daşlaşdyrmak.

▪ Tor maglumatlaryny şifrlemek.

▪ Tor maglumatlaryny elektron sanlar bilen goldamak.

▪ Brandmauerleri ulanmak.