Mazmuna geçiň

Toponimika

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Toponimika – ỳer -ỳurt atlary hakyndaky ylymdyr.

Toponimika - kömekçi taryh dersi bolup, ol onomastika (öz atlary hakyndaky ylym) ylmynyň bir bölümidir.

Toponimika sözi iki many grek sözünden düzüdip, ol “topos” – ýer, ýerler, “onoma” – at diýen manyny aňladýar. Bu ylym geografiki atlaryň gelip çykyşyny we ösüşini öwrenmek bilen meşgulanýar. Toponimleriň – geografiki atlaryň ýüze çykyş taryhy, olaryň aňladýan manylary, dürli döwürlerdäki üýtgeşmeleri, dilçileri, taryhçylary, etnograflary, arheologlary, geograflary, kartograflary, ýazyjylary, syýahatçylary, galybersede her bir bilesigeliji adamy gadym zamandan we häzire çenli gyzyklandyryp gelýar. Çünki toponimleri öwrenmegiň ylmy we amaly ähmiýeti has uly bolup, olarda diliň gadymy görnüşleri kem käs üýtgän ýa-da üýtgemedik görnüşinde şu günlere çenli saklanyp gelýar.

“Ýer-ýurt atlary edil halkyň döreden aýdymlary, tanslary, rowaýatlary, gadymy binalaryň haşamly nagyşlary, geçmeşiň çeper elli gelin-gyzlaryň dokan gölleri we keşdeleri ýaly halk döredijiligiň iň täsin we ajaýyp ýadygärligidir” diýip rus ýazyjysy Lew Uspenskiý belleýär.

Ylmyň we tehnikanyň ösmegi adamzat jemgyýetiniň we ýurtlaryň arasyndaky gatnaşygy güýçlendirdi. Bu bolsa, öz gezeginde, ýer-ýurt atlaryny ýygnamagyň we ony maksatly öwrenmegiň zerurlygyny ýüze çykardy. Netijede, dünýäniň ähli ýurtlarynda toponimika berilýän üns artdy. Öň Türkmenistanyň toponimikasy bilen sanlyja adamlar meşgullanan bolsa, soň olar Akademiýalaryň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw jaýlarynyň taryh, geografiýa we dil fakultetlerinde öwrenilýär. 1960-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda Türkmenistanyň toponimikasyny ýygnamaklyga we öwrenmeklige başlanyldy.

Toponimika üç ylmyň: dil biliminiň, taryhyň we geografiýanyň çatrygynda döreýän, geografiýa atlary hemme taraplaýyn öwrenmegi maksat edýän ylymdyr. Toponimikanyň wezipesi ýer-ýurt atlarynyň ýüze çykyş taryhyny, olaryň aňladýan manylaryny, ol atlaryň dürli döwürlerdäki üýtgemelerini okuwçylara düşündirmek bilen olarda watançylyk, millilik, ene topraga söýgi, zähmetsöýerlik terbiýasini bermekdir.

Toponimiýa maglumatlary üç topara bölünip öwrenilen:

1. Haýsy dile degişli we olaryň emele gelen döwri anyklamak.

2. Ýer-ýurt atlaryny aňladýan manylaryny rejelemek.

3. Toponimleriň lingwistik derňewi, olaryň dialect aýratynlyklaryny öwrenmek.

Geografiki atlar halk döredijiliginiň özboluşly nusgasy bolup her bir toponim ony döreden halkyň tebigata bolan synçylygyň, durmuşa gözýetiminiň, döredijilik ylhamynyň, ylmy düşünjesiniň, hyýaly oýlarynyň önümidir. Ençeme atlar barada dürli rowaýatlar döredilip, gysykly halk döredijiligi hökmünde agyzdan agyza geçip gelýär.

Mekdeplerde, ýörite orta we ýokary okuw jaýlarynda okadylýan taryh, geografiýa we beýleki sapaklarda duş geläýn toponimleriň aňladýan manylaryny düşündirmeklik sapagyň gyzykly geçmeginiň, okuwçylar tarapyndan gowy düşünmeklerine we öwrenmegine kömek edýär.

Toponimikanyň terbiýeleýji ähmiýeti hem has ulydyr. Oguzhan, Gorkut ata, Görogly ýaly serdarlaryň, il-ýurt, ar-namys ugrunda göreşen Togrul beg, Çagry beg, Alp Asplan, Mälik şah, Soltan Sanjar we görnükli döwlet işgärleri, A.Tahyrow, A.Ataýew, G.Atabaýew, Atamyrat Nyýazow, Gurbansoltan eje ýaly halkyň gahryman ogul-gyzlarynyň atlary dakylan şäherdir, etraplar, obalar agzalanda, halk öz gerçeklerini mähir we söýgi bilen ýatlaýar. Ýerli geografik atlaryny manysyna göz ýetirmeklik ýaşlarda watançylyk duýgusynt, öz mähriban ülkämize bolan söýgi düýgularyny terbiýelär.

Türkmenistanda ýaşaýan gadymy aborigenleriň dilini, taryhyny öwrenmekde dürli halklaryň, tire taýpalaryň şu sebitlerde göçup-gonan ýerlerini anyklamakda ýurdumyzyň dürli künjekleriniň gadymy taryhyny göz öňüne getirmekde, öňki öşümlik we haýwanat dünýäsine takyklamakda toponimika gymmatly maglumatlar berýar. Gowurdak, Kükürtli, Akdaş, Duzly, Nebitdag ýaly atlar geologlary gyzyklandyrylsa, Altyndepe, Marguş, Küýzeligyr, Namazgadepe, Änew ýaly toponimler arheologlaryň ünsini çekipdir.

Geografiki atlaryň gelip çykyşyna gyzyklanma irki döwürlerde ýüze çykypdyr. Entäk XI asyrda Mahmyt Kaşgari “Diwan lugatat türk (türki söžleriň diwany)” diýen 3 tomlyk sözlerini düzýen. Geografiki atlaryny dürli düşündirişleri gadymy rus ýazgylarynda hem duş gelýar. S.Remezowanyň “Çyzgy kitabynda” möhüm toponimiýa maglumatlar bar. M.W.Lomonosowyň, W.N.Tatişewiň we beýlekileriň işerinde toponimlere düşündiriş bermek synanyşyklary edilen. Toponimika möhüm goşandy A.H.Wostokow, W.A.Kosteriň, W.I.Dal girizdiler. Öa döwüriniň görnükli taryhçysy N.I.Nadeždin “Taryhy öwrenmeklik taryhy kartasy öwrenmekden başlanýar” diýip belläpdir. Ol “Toponimika – bu ýeriň dilidir, ýer bolsa geografiki atlar arkaly adamzadyň taryhy ýazylan bir kitapdyr” diýipdir.

Öňki wagt toponimiki işler ulgamlaşdyrlmandyr, hakykatda toponimika bilen ýörite hiç bir ylmy edara meşgurlanmandyr. Baknalyk döwri ol maksatnamaly ulgama salnyp öwrenildi. Geografiýa jemgyýetleriň ýanynda toponimiýa toparlary düzüldi, onomastiki toparlar etnografiýa, diller institutynyň ýanynda düzildi.

Tebigatdaky her bir zadyň, hadysanyň, şol sanda geografiki ýerleriň hem öz ady bolup, şol atlaryň ýüze çykyşyny, olaryň tebigy we taryhy nukdaý nazardan ähmiýetini, häzirki wagtda tutýan ornuny öwrenmekligiň uly ylmy hem-de amaly ähmiýeti bar.

Eýsem at näme? - at tapawutlandyryjy nyşan, göze dürtülip duran haýsydyr bir alamat.

Ýer ýurtlara dakylan atlar hem zatlaryň – ýeriň häsiýeti alamatlary bildirýan we nähili hem bolsa belli bir many aňladýan sözlerden hasyl bolýarlar. Manysyz at ýokdur. Häzirki wagtda manysy unudylan ençeme ýer-ýurt atlary hem olary ilki döreden halk üçin düşnükli sözlerden emele gelipdir.

Ýer-ýurt atlarynyň ýüze çykyşy, olaryň aňladýan manylary has ilki döwürlerden tä şu günler çenli her bir bilesigeliji adamyň, ýazyjydyr şahyrlaryň, syýahatçylaryň we beýlekileriň ünsüni özüne çekýar. Sebäbi ýer yurt atlarynyň manysy diňe bir bilesigelijiligi kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, ylmyň dürli pudaklary üçin gymmatly maglumatlary hem berýar.

Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň gadymy toponimleri baradaky üzlem-saplam maglumatlary baryp grek taryhçylarynyň we orta asyr alymlarynyň işlerinden tapmak bolar. M.Kaşgarynyň (XI asyr) “Türki sözleriň diwany” diýen sözlüginde ýer-ýurt atlarynyň düzüminde köp duş gelýän geografik terminleriniň we käbir toponimleriň gadymy görnüşler getirip, olaryň aňladýan manylary düşündirilýär, türkmen tire atlaryndan emele gelen ýer-ýurt atlary (etnonim, etnotoponim) barada maglumatlar bar. Merkezi Aziýanyň ilkinji toponimiklerinden biri Maryda dogulan we ýerdäki iki uly kitaphana eýelik eden Abu-Sa’d as-Sam’aniniň (1113-1167) adyny tutmak bolar. Onuň “Genealogik atlaryň kitaby” diýen işi bar, onda Türkmenistandaky gadymy toponimleriň ýüzlerçesiniň ady tutulýar we olara düşündiriş berilýär. Bu işi öz gözi bilen gören we ýerlerden hut özüni ýygdan maglumatlary esasynda düzüpdir.

Türkmenistanyň toponimikasy hakda Ýakyt ibn Abdallah ar-Rumi al-Hamawidir (1176-1229) hem ýazypdyr (esasan hem Horasan ýerleri hakda). Ol öňki döwrüň görnükli alymlarynyň ýäzan kitaplardan peýdalanypdyr, Marydan baý kitaphanasynda iki ýyl okap, bilim alýar, özüniň “Mu jam al-buldan (ýurtlaryň sözligi)” diýen sözlik görnüşdäki uly işini ýazýar.

Türkmenistanyň çägini Mongol basyp alyşy döwründe we şonuň öň ýanynda aýlanandygy üçin Ýakub bu sözlüginde şol döwrüň obadir, şaherleriniň taryhy ýagdaýlarynyň has gowy häsiýetlendirýar, ençeme ýer-ýurt atlarynyň aňladýan manylaryny hem örän takyk düşündirilýär. Onuň sözlüginde ýerli ilat tarapyndan aýdylyşyna, arapça ýazylyşyna, geografiýa aýdylyşyna üns berilýar. Bu zatlar Ýakutyň toponimiýa derňewlere türgen alym bolandygyna güwä geçýär.

Türkmenistanyň toponimiýasy hakda käbir maglumatlary özünde jemleýän eserlerden Reşideddiniň (XIII asyr) “Taryhlar ýygyndysy” we beýleki orta asyr alymlarynyň işleri bar.

Türkmenleriň toponimiýasy öwrenmekde esasy çeşmeleriň biri Hywa hanyň we taryhçysy Abylgazynyň (XVII asyr) “Türkmenleriň nesil daragty” atly kitabydyr. Onda ýer-ýurt atlarynyň döremegine esas bolan türkmen taýpa-tireleriniň atlary, olaryň aňladýan manylary we ownuk böleklere bölünişleri barada gowy maglumatlar berilipdir.

Türkmenistanyň toponimikasy barada ygtybarly çeşme hökmünde Ýewropa, rus alymlarynyň hyzmatlary hem ulydyr. Wenger alymy G.Wamberiniň Merkezi Aziýanyň toponimikasyna bagyşlanan ýörite işi, L.Z.Budagowyň, B.B.Radlowyň sözlükleri, W.W.Bartoldyň , B.A.Gordlewskiniň taryhy işleri Garagumy we Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny öwrenen B.A.Obruçewiň, A.E.Fersmanyň, A.G.Babaýewiň geografiki eserleri ençeme türkmen toponimleriniň aňldaýan manylaryny ýüže çykarmakda gymmatly çeşme bolup durýar.

Türkmenistanyň toponimikasy baknalyk döwründe ylmy esasda öwrenilip başlandy. Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň Dil we edebiýat institutynda ýörite türkmen toponimikasy boýunça türkmen alymlary iş alyp bardylar. Olardan P.Azymow, A.Babaýew, S.Ataniýazow we beýlekiler, ýorite Türkmenistanyň toponimikasy kitaplary çap edildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy almagy bilen toponimika ylmy hem özgerdi. Ýurdumyzyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň tagalasy we hut özüniň teklipleri bilen türkmen şäher obalarynyň öz hakyky taryhy, milli atlary dikeldildi, türkmeniň garaşsyzlygy bilen, asuda, eşretli durmuşa aňladýan toponimler döredi. Mukaddes Ruhnama muna öz beýanyny berdi.

Türkmenistanyň görnükli toponimçisi Ş.Atanyýazow watanymyzda ýerleşen şäherleriň, obalaryň, daglaryň, derýalaryň, galalaryň…7000 çemesiniň adynyň manysyna düşündiriş berýän we olaryň ýüze çykyş taryhy hakynda maglumat berýan “Türkmenistanyň geografik atlaryň düşündirişli sözlügi” diýen kitabyny 1980-nji ýylda çapdan çykardy. Özüniň soňky işlerinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda agzalyp geçilýän ýert-ýurt atlaryna düşündiriş berdi, ol metbugatda giňden çap edildi.

Ýer-ýurt atlary uzak wagtyň dowamynda ýütgewsiz saklamagy üçin, olarda diliň gadymy sözleri köp duş gelýar. Meselem, geçmişde “ünüz” (derýa), “müňer” (çeşme), “suwlag, suwar” (güzer), “gorgan” (gala), “bor” (her), “aýak” (käse, okara) ýaly inçeme sözleriň türkmen dilinde öň bolmandygyna toponimler şaýatlyk edýar, emma soňra bu sözler öňki manylarynda ulanylyşdan düşup galypdyrlar ýa-da başga sözler bilen çalyşylypdyrlar.

Meselem, XIX asyrlaryň ortalaryna çenli saryk dialektiniň wekilleri Maryda ýaşan, soňra Pendi sebitine göçüpdirler. Saryklaryň Maryda outran ýerini aňyklamaga Alaşaýap, Gadyrýap, Uzynbeden, sarygyň oýy ýaly, olaryň galdyran atlary toponimleri kömek berýär.

Geografiýa atlar geografiýa ylmy bilen hem baglanyşykly. Geografiýa atlar bir ýerde bir, başga ýerde başga many aňladýar. Mysal üçin: “oýuk sözi” - “köwek” manysynda bolsa (oýukly, haşymoýuk) Garagum toponiminde ol “garantka”, “bellik” manysyny aňladýar (Daşoýuk, Soltanoýuk).

Geografiki sözleriň köpüsi ýerli (lokal) häsiýete eýedir. Meselem, “çyrla, takyr, gyr, baýyr, oýmak, aryk” we ş.m.

Geografiki sözler toponimiýada uly orun eýeleýär, çüňňki Garagum, Akgum, Gyzykgum, Takyr, Etrek ýaly käbir atlar diňe özünden durýan bolsa, Gökdepe, Köpetdag, Türkmengala ýaly atlary ýene bir söz düzýär.

- Türkmenleriň ýaşaýan sebitlerinde Eýranlylaryň bolmagy Mary, Murgap, Köneürgenç, Tejen, Nusaý, Bathyz, Farap, Kelif, Pendi we ş.m. atlaryň ýüze çykmagyna getiripdir.

- Türki gatlagy esasan hem X-XI asyrlarda Mangyşlak, Uzboý, Üstýurt we ş.m. atlary döredipdir.

- Mongol-tatar sözleri – Mugal, Çagataý, Batyýyň gädigi, Dörmen we ş.m. atlaryň peýda bolmagyna getiripdir.

Bagnalyk ýyllarynda Türkmenistanyň toponimikasynda rus sözleri hem ähmiýetli orun tutýar. Mysal üçin: Krasnowodsk, Paltarask we ş.m.

Toponimikanyň terbiýeleji ähmiýeti hem bardyr. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alanan soň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň tagalasy bilen Türkmenistanda welaýatlaryň, şäherleriň, etraplaryň, obalaryň, köçeleriň, derýadir, kölleriň atlary gadymy milli atlaryna eýe boldy. Mysal üçin: Lebap welaýaty, Ahal welaýaty, Balkan welaýaty we ş.m. Şeýle-de häzirki zaman toponimikasynyň terbiýeleýjilik ähmiýeti ulydyr. Şäher , obalara dakylan taryhy beýik şahslaryň atlary ýaşlary watançylyk, edermenlik, merdanylyk ruhynda terbiýelese M.Sopyýew, A.Nyýazow ýaly atlar zähmetsöýerligi, watana wepalylygy terbiýeleýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Mukaddes Ruhnamasynda gadymy ýer-ýurt atlaryny ýenem bir gezek belläp geçdi.