Tokaý — agaçlar we ösümlikler ösüp oturan, agaçlaryň arasy toprak bilen örtülen, gyrymsy agaçlardan, otlardan, paporotniklerden, kömeleklerden we ş.m. emele gelýän belli bir derejededäki giňişlik.
Tokaý — tebigatyň düzüm bölegi bolup, "tokaý" diýen düşünjä dürli derejelerde garamak mümkin. Global masştabda ol biosferanyň bir bölegidir, lokal masştabda bolsa, ol ýöne agaçlar hem bolup bilýär. Tokaýa tebigy-zonal bölümçe, prowinsial bölümçe, tokaý massiwi (Şip tokaýy, Gara tokaý) we ekoulgam hökmünde hem garamak mümkindir. Tokaýlar gury ýeriň takmynan üçden bir bölegini eýeleýär, olaryň Ýeriň ýüzünde tutýan meýdany 38 mln km² ybaratdyr[1]. Onuň 264 mln gektary, ýa-da 7%, adam eli bilen ekilendir[2]. Tokaý zonasynyň ýarysy tropiki tokaýlara degişlidir.