Teo­dor Momm­zen

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ta­ny­mal ta­ryh­çy Teo­dor Momm­zen 1817-nji ýy­lyň 30-njy no­ýab­ryn­da Şlez­wig­li pro­tes­tant ru­ha­ny­sy­nyň maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­ýär. Ol 1838-1843-nji ýyl­lar­da Kil uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by bo­lup­dyr.

Ol bu ýer­de Ri­miň ta­ry­hy­ny uly hö­wes bi­len öw­re­nip­dir. Ga­dy­my Ri­miň ge­le­jek­ki ta­ryh­çy­sy­nyň yl­my yk­ba­lyn­da ýaş Teo­do­ryň Ita­li­ýa ba­ryp gör­me­gi aý­gyt­ly rol oý­nap­dyr. Bu wa­ka 1846 –1847-nji ýyl­lar­da bo­lup ge­çip­dir. Ol bu ýer­de ýur­duň ar­heo­lo­gik ha­zy­na­la­ry bi­len gör­ne­tin ta­nyş bo­lup, yl­my iş­le­ri ýaz­ma­ga gi­ri­şip­dir. Ýew­ro­pa­nyň meş­hur bar­lag ge­çi­ri­ji­le­ri bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş bo­lup­dyr.

Uçur­syz ze­hin­li Teo­dor Momm­zen­de peý­da bo­lan ta­ry­hy yl­myň at­mos­fe­ra­sy an­ti­gi öw­re­niş yl­myn­da tä­ze bir ha­dy­sa hök­mün­de ýü­ze çy­kyp­dyr. XIX asy­ryň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da B. Ni­bu­ra­nyň, A.Ba­ka­nyň, Ý. Droý­ze­niň düýp­li iş­le­ri peý­da bo­lup­dyr. Ol il­kin­ji bo­lup Ga­dy­my Ri­miň ta­ry­hy­nyň yl­my dü­şün­je­si üçin bin­ýat goý­dy, ikin­ji­den ylym­da – an­tik epig­ra­fi­ka­syn­da tä­ze ug­ruň ba­şy­ny baş­la­dy, üçün­ji­den an­ti­koz­nawst­wa – el­li­niz­miň ta­ry­hyn­da tä­ze aky­my esas­lan­dyr­dy. Şo­nuň üçin, Momm­zen ge­çen­den ozal­ky ýüz­ýyl­ly­gyň or­ta­la­ryn­da özü­niň meş­hur “Rim ta­ry­hy” at­lan­dy­ryl­ýan ese­ri­ni çap edip çy­kar­ma­ga gi­ri­şip­dir. Onuň il­kin­ji jil­di 1854-nji ýyl­da peý­da bo­lup­dyr.

Eý­ýäm 1854–1856-njy ýyl­la­ryň do­wa­myn­da çap edi­len “Rim ta­ry­hy­nyň” il­kin­ji üç jildiniň peý­da bol­ma­gy bi­len awtory ylym­da dün­ýä de­re­je­si­ne çy­ka­ryp­dyr. Bu ki­tap Ýew­ro­pa­nyň köp san­ly dil­le­rin­de gaý­ta­dan çap edi­lip­dir. Mu­ňa ga­ra­maz­dan T. Momm­ze­niň yl­my işi di­ňe bu ägirt ese­ri ýaz­mak bi­len çäk­len­män­dir. Onuň üs­te­si­ne-de, alym öz dur­mu­şy­ny di­ňe bir ylym bi­len bag­la­nyş­dyr­man­dyr. T. Momm­ze­niň gös-gö­ni gat­naş­ma­gyn­da Ger­ma­ni­ýa­da äh­li la­tyn di­lin­de ýa­zy­lan eser­le­ri çap et­mek bo­ýun­ça ägirt uly tas­la­ma ýo­la goý­lup­dyr. Onuň dur­mu­şyn­da “La­tyn ýaz­gy­la­ry­nyň to­pa­ry” at­ly ägirt uly 20 jilt ki­ta­by çap edi­lip­dir. Ol Ri­miň ta­ry­hy yl­myn­da gym­mat­ly go­şant bo­lup­dyr. On­dan baş­ga-da, aly­myň “Rim ta­ry­hyn­dan” pes otur­ma­ýan, “Rim döw­le­ti­niň hu­ku­gy” we “Ri­miň je­na­ýat ka­nu­ny” ýa­ly uly göw­rüm­li iş­le­ri bar. Ula­nan çeş­me­le­riniň muk­da­ry, kon­sep­si­ýa­dan ugur alyp, aý­dyň pi­kir ýö­re­di­şi, ony anyk şöh­le­len­di­ri­şi we sti­lis­tik aý­ra­tyn­ly­gy at-owa­za­ly “Rim ta­ry­hy­nyň” de­re­je­sin­de dur­ýar­lar.

Eger-de, kim­de-kim Momm­ze­ni dur­muş­dan üz­ňe alym hök­mün­de göz öňü­ne ge­tir­ýän bol­sa ýal­ňyş­ýan­dyr. Ol di­ňe bir giň yl­my dün­ýä­ga­ra­ýyş we me­de­ni bäh­bit­ler bi­len gy­zyk­lan­man, eý­sem jem­gy­ýet­çi­lik – sy­ýa­sy iş­le­re hem sap ýü­rek­li çe­me­le­şip­dir. Ol: “Eger-de men bir gün öz wa­ta­ny­my unut­sam, on­da men özü­mi de­re­ge ýa­ra­ma­ýan ha­sap­lar­dym” di­ýip, ýaz­ýar.

Bu söz­le­ri ge­le­jek­ki No­bel baý­ra­gy­nyň eýe­si­niň sy­ýa­sy ter­ji­me­ha­ly­nyň kä­bir aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň yk­ra­ry­ýe­ti ha­sap­lap bo­lar. Ol he­niz ýaş­ka 1848-nji ýyl­da ha­çan-da Ger­ma­ni­ýa­da yn­ky­lap baş­lan­da, ol ýa­ňy Ita­li­ýa­dan yl­my ja­han­keş­de­lik­den do­la­nyp ge­len eken. Sak­son hö­kü­me­ti ony yn­ky­la­ba gat­na­şan hök­mün­de aýyp­lap, yg­ty­bar­syz hök­mün­de pro­fes­sor de­re­je­sin­den mah­rum ed­ýär we Momm­zen Şweý­sa­ri­ýa­nyň Sýu­ri şä­he­ri­ne gö­çüp git­ma­ge mej­bur bol­ýar. Ol ýer­den onuň ja­han­keş­de­li­gi des­lap Bres­la­wa, soň­ra bol­sa, Ber­li­ne ge­ti­rip­dir. 1861-nji ýyl­da Ber­li­ne go­laý Hal­le şä­he­rin­de, prus­si­ýa par­la­men­ti­niň ag­za­ly­gy­na saý­la­nyp­dyr.

Momm­zen giň göz­ýe­tim­li adam, li­be­ral gym­mat­lyk­la­ryň ta­rap­da­ry we yn­san­per­wer­li­ge ug­ruk­dy­ry­jy hök­mün­de ýer­lik­siz gür­lemekden we şo­wi­nizm­den ga­ça du­rup­dyr. Bu ýag­daý esa­san hem 1870–1871-nji ýyl­lar­da bo­lan frank- prus ur­şun­da has ýiti ýü­ze çy­kyp­dyr.

Teo­dor Momm­ze­n ara­dan çyk­ma­gy­na bir ýyl ga­lan­da, ha­çan-da 85 ýa­şy do­lan­da No­bel baý­ra­gy­nyň eýe­si bo­lup­dyr. No­bel ko­mi­te­ti­niň ka­ra­ryn­da bel­le­nip ge­çi­li­şi­ne gö­rä, baý­rak “Rim ta­ry­hy” ýa­ly ägirt uly ese­ri ýa­zan meş­hur ta­ry­hçy ýa­zy­ja be­ril­ýär.

Teo­dor Momm­zen 1903-nji ýy­lyň 1-nji no­ýab­ryn­da 86 ýa­şy­nyň için­de ara­dan çy­kyp­dyr.