Tahmasp I
TAHMASP I – (144) Sefewi türkmenleriniň döwletiniň ikinji hökümdary. Tahmasp I entek 10 ýaşynda tagta geçmeli bolýar. Ilkibada ol türkmen hanlarynyň we serdarlarynyň (aýratyn-da rumly we ustaçly) diýeni boýunça ýurdy dolandyrýar. Kämillik ýaşyna ýetenden soňra özbaşdak dolandyryp başlaýar. Ýöne ol kakasy ýaly başarjaň hökümdar däldi. Onuň gowuşgynsyzlygyndan peýdalanyp birnäçe ýerli hökümdarlar özbaşdak syýasat ýöretmäge ymtylýarlar. 1538-nji ýylda Astrabatda Muhammet Salyh özüni özbaşdak hökümdar diýip yglan edýär. Türkmen Aba Serdar 1550-1558-nji ýyllarda şa Tahmaspy birnäçe gezek ýeňlişe sezewar edýär. Gilýanda, Şirwanda ýerli hökümdarlar şa Tahmaspa garşy çykýarlar. Bu ýagdaýlaryň ählisi şa Tahmasp I-niň döwründe Eýranda merkezi häkimiýetiň gowşandygyny görkezýär. Onuň alyp baran içeri syýasatynyň netijesinde Eýran döwletiniň harby kuwwaty aýratyn-da ykdysady kuwwaty peselýär.
Türkmeniň serhetlerine ýakyn ýerleşýändiginden gorkup, ol ýurduň paýtagtyny Töwrizden Kazwin şäherine geçirýär.