Mazmuna geçiň

Türkmennebit

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

https://www.turkmennebit.gov.tm

«TÜRKMENNEBIT» DÖWLET KONSERNI

«Türkmennebit» döwlet konserni Türkmenistanyň çäklerinde nebitli we gazly ýataklary önümçilik taýdan özleşdirýän, nebiti, gazy, gaz kondensatyny, olar bilen goşmaça alynýan ugurdaş önümlerden peýdaly komponentleri  gözläp agtarmagy, çykarmagy, toplap ýygnamagy, taýýarlamagy, daşamagy, gaýtadan işlemegi hem-de ilaty, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny nebit we nebithimiýa önümleri, suwuklandyrylan gaz we beýleki taýýar önümler bilen üpjün etmegi we daşarky bazarlara ýerlemegi hem-de ýurdumyzyň nebit senagatyna öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary we halkara nebitgaz tejribesini ornaşdyrmak bilen, nebit pudagyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegi amala aşyrýan kuwwatly, iri wertikal integrirlenen önümçilik toplumy bolup durýar.

Konserniň düzümine «Nebitgazçykaryş», «Nebitgazburawlaýyş», «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestleri, «Türkmennebitgeofizika» müdirligi, Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody, «Türkmennebitönümleri» baş müdirligi, «Nebitgazylmytaslama» instituty, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi, Maddy-enjamlaýyn serişdeler we üpjünleýiş müdirligi we «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň redaksiýasy girýär.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda Singapuryň «Ýug Neftegaz» kompaniýasy, Russiýa Federasiýasynyň «Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýeti, Hytaýyň Nebithimiýa korporasiýasynyň ýanyndaky Halkara nebit hyzmatlar kompaniýasy (SINOPEC) tarapyndan konserniň nebitgaz ýataklarynda türkmen hünärmenleri bilen bilelikde nebit guýularyny düýpli abatlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Bu işleriň alnyp barlyşyna täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy özüniň oňyn netijelerini berýär.

Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy. Nebit we Gaz toplumynyň edara binasy. "Türkmennebit" döwlet konserni.

«Türkmennebit» döwlet konserni öz esasy önümçiligi bilen bir hatarda Türkmenistanyň «Uglewodorod serişdeleri hakyndaky» Kanunyna hem-de Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyga laýyklykda nebit işlerini alyp barýan Potratçy kompaniýalaryň işine gözegçilik edýär. Häzirki wagtda «Çeleken» şertnamalaýyn çägi boýunça «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» kompaniýasy, «Nebitdag» şertnamalaýyn çägi boýunça «Eni Türkmenistan Limited.» kompaniýasy, «Hazar» şertnamalaýyn çägi boýunça «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we «Mitro International Limited» kompaniýasynyň bilelikde gatnaşmagyndaky «Hazar» konsorsiumy bilen hyzmatdaşlyk edilýär.

2017-nji ýylda Günbatar Türkmenistanyň Hazarýaka sebitinde ýerleşýän Uzynada meýdanynda Türkmenistanda ilkinji gezek taslama çuňlugy 7150 metr bolan gözleg guýusynyň burawlaýyş işleri tamamlanyp, özleşdirilende senagat derejeli gazyň, nebitkondensatyň uly akymy alyndy. Şol döwürden bäri bu ýerde onlarça guýy gazylyp, häzirki wagtda senagat derejesinde özleşdirilýär. Bu meýdanda gazylyp özleşdirilýän guýularyň önümliliginiň ýokary bolmagy Hazaryň türkmen ýalpaklygynyň we kenarýaka zolagynyň ägirt uly mümkinçiliklerine şaýatlyk edýär.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy nebiti we gaz kondensatyny gaýtadan işläp dürli nebit we nebithimiýa önümlerini öndürýän iri kärhana bolmak bilen, onuň düzüminde nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän desgalaryň birnäçesi, şeýle-de nebiti gaýtadan işlemekligiň çuňlugyny artdyrýan nebiti ikinji gezek gaýtadan işleýän desgalar girýär. ELDAD-HT, katalitiki kreking we riforming, reaktiw dwigateller üçin ýangyjy arassalaýjy, dizel ýangyjyny gidroarassalaýjy, olefinleri alkilirleýji we ýeňil benzini izomerleýji, polipropilen örtügini, bitumy, umumy nebit koksuny, gyzdyrylan nebit koksuny öndüriji desgalar, çalgy ýaglaryny, polipropilen we polipropilen haltalaryny öndüriji sehler kärhananyň esasy tehnologiki ulgamy bolup durýar. Infrastruktura desgalary bolan elektrik toguny öndüriji gazturbina desgasy, deňiz suwuny süýjediji desgalar, bug öndüriji, gaýtadan peýdalanylýan suwy sowadyjy, nasos beketleri, rezerwuar parklary, kiçi elektrik beketler we beýleki kömekçi desgalar zawodlar toplumynyň tehnologiki önüm öndürýän desgalarynyň bökdençsiz işini üpjün edýär. Zawodlar toplumynda nebit we nebithimiýa pudagynyň önümleriniň esasy görnüşleri öndürilýär. Olardan awtomobil benzinleriniň, dizel ýangyçlarynyň, esas we haryt ýaglarynyň, polipropileniň, polipropilen haltalarynyň, polipropilen örtükleriniň dürli görnüşlerini, gämi ýangyçlaryny, kerosinleri, nebit kokslaryny, gurluşyk we ýol nebit bitumlaryny we beýlekileri görkezmek bolar.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda esasy üç sany desga: ELOUAWT-6, LÇ-35-11/500 hem-de nebit ýol bitumyny öndürýän önümçilik desgalary we olara hyzmat edýän goşmaça birnäçe kömekçi hojalyklar we sehler hereket edýär. Häzirki wagtda zawodda nebit we gaz kondensaty gaýtadan işlenip, benzinleriň dürli görnüşleri, suwuklandyrylan gaz, dizel ýangyjy, mazut, nebit ýol bitumy, agyr wakuum gazoýly öndürilýär.

Nebiti gaýtadan işleýän zawodlary ösdürmegiň esasy ugurlary täze tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyryp, bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmakdan we dünýäniň ösen standartlaryna gabat getirmekden, şeýle-de tebigaty goramaklyga we ekologiýany arassa saklamaklyga gönükdirilen täze halkara standartlaryň talaplaryny doly kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilýän ýokary hilli nebit we nebithimiýa önümleri giň ugurlar boýunça, ýagny Ýewropa, Aziýa, Ýakyn gündogar döwletlerine eksport edilýär.

«Türkmennebitönümleri» baş müdirligi Türkmenistanyň içerki bazarynda nebit önümleriniň hasabynyň ýöredilmegini, wagtynda we bökdençsiz ýerlenilmegini üpjün edýän, merkezleşdirilen tertipde paýlanýan önümçilik-tehniki maksatly önümleriň goruny saklaýjy bolup çykyş edýän kärhanadyr. «Nebitgazylmytaslama» instituty nebit pudagyny öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasiýalar we ylmyň gazananlary esasynda ösdürmek, ýokary derejeli ylmy işgärleri taýýarlamak, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini güýçlendirmek babatda uly işleri alyp barýar. Institutyň hünärmenleriniň ylymda gazananlary, hödürnamalary, çäreleri we oýlap tapyşlary nebitiň we gazyň çykarylyşynyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

«Türkmennebit» döwlet konserni nebit pudagynyň önümçiligini mundan beýläk hem kämilleşdirmek, nebitiň çykarylyşyny we öndürilýän nebit we nebithimiýa önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça alyp barýan işlerine we amala aşyrýan taslamalaryna ösen tehnologiýalara eýe bolan tejribeli kompaniýalary özara bähbitli hyzmatdaşlyga çagyrýar.