Türkmenistanyň taryhynyň XIX – XX ýüz ýyllyklary
Meýilnama:
1. Türkmenistanyň taryhynyň XIX – XX ýüz ýyllyklarynyň esasy problemalary.
2. Bu döwrüň taryhynyň esasy çeşmeleri we ony öwrenmegiň ähmyeti.
Gündogaryň iň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halky müňlerçe ýyl mundan ozal häzirki Türkmenistanyň çäklerinde döräp asyrlaryň dowamynda agzybirlik, garaşsyzlyk berkarar döwlet gurmak ugrunda elmydama arzuw edip geldi. Türkmen halky özüniň garaşsyzlygy azat şamagy üçin ençeme asyrlaryň dowamynda taryhy gahrymançylykly wakalary başdan geçirip özüniň erkinligi söýüjiligi bilen bayrlygy bilen we harbylygy bilen tapawutlanýar. Türkmenleriň şeýle halk bolmagy barada. 1914 ýylda çap edilen “Aziýatskaýa Rossiýa” diyen kitabynda şeýle sözler bar: Bu parahat zähmetsöýer, özüniň gowy gahrymançylykly gaýduwsyzlygy, myhmansöýerligi dostuna wepalylygy, mylakatly gürleşmegi başarýan tabyn halklar diyin ýazylypdyr. Türkmen halky özuniň taryhynyň gözbaşyny Oguz handan, Gorkut atadan alyp gaydyp birnäce asyrlaryň dowamynda ýeke – täk merkezleşdirilen döwletiň bolmagy sebäpli goňşy gol astyna duşüp durmuşyň agyr külpetliklerini öz eginlerine çekmeli bolupdyrlar. Geçmiş taryhyň bu gahrymançylykly sahypalary “Gorkut ata”, “Görogly” eposlarynda giňişleýin suratlandyrylýar. XVIII – XIX asyr türkmen klassyk poeziýasyndan gelýän türkmen ruhy halklarynyň kalbynda milli döwleti gurmak garaşsyzlyk ugrunda ata-watany, ene – topragy söýmeklik agzybirlik, erkinlik, jebislik ýaly gymmatlyklary hem külli türkmen gelip XX – XXI asyrlaryň sepgidinde gelip ýetdi diýsek hem ýalňyşmarys. Häzirki döwürde taryhyň köp sahypalaryny täzeden seredip geçmiş taryhymyzy dogruçyl öwrenmeklige uly üns berlipdir. Garaşsyzlyk we berkarar Birtarap döwletimiziň merhemetli Prezidentimiz S. Türkmenbaşy ýaşulularyň IX döwlet maslahatynda sözlän sözünde halklaryň taryhyny bäş eýýäme bölmeklik bilen şolaryň dört eýýämine degişli bolup duran XIX – XX ýylyň sepgidi taryhyň ň agyr döwürleriniň biridir. Bu döwrxüň syýasy taryhyna göz aýlasaň müňýyllyklaryň dowamynda türkmen tire – taýpalry milli özbaşdaklyk syýasy garaşsyzlyk ugrundaky göreşlere baş goşup özleriniň bütewi döwletini döretmek mümkinçiligini gazanypdyrlar. Şeýle mümkinçilikleriň ajaýyp pursatlary 1813-ýylda Etrek – Gürgen türkmenleriniň gozgalaňlary 1822 – 1823 ýylda Lebap türkmenlkeriniň gozgalaňy. 1855 ýylda Sarahs söweşinde ýagny türkmenleriň birleşen güýçleri tarapyndan Saragtyň eteginde Hywa hanyň goşunlary derbi – dagyn edilmegi. Ondan soňra 1858 ýylda Garrygalada 1861- ýylda Maryda Eýran şalarynyň türkmen topragyna guran örän uly agressiýalarynyň puja çykmaklygy. Mundan başga-da Gökdepede Rus ekspidisiýasyna bolan gahrymançylykly söweşler onuň aýratynlygynyň mysalydyr. By taryhy taryhy wakalar hanlyklaryň içinden bütin türkmen rus iliniň birleşip jebisleşip bir döwlete gulluk etmekde baştutanlyk edip biljek tükmen gerçekleri bolan Nurberdi han, Gowşut han, Soltanyýaz beg, Dykma Serdar, Şammy batyr, Jüneýit han ýaly gerçekleri taryhy arena çykaryldy. Emma şol döwürde türkmenleriň baştutanlarynyň birikmegi tire – taýpalaryň arasyndaky agzalalyklar bütewi bir milli döwlet döretmek mümkinçiligine ýol bermedi. XIX asyryň aýaklarynda bolsa Türkmenistanyň Orsýet taryhyndan basylyp alynmagy birbada goňşy feodal döwletleriň zulumyndan azat eden hem bolsa, emma türkmen halky iki taraplaýyn ýagny patşa çinownikleri we ýerli han – begleri tarapyndan ezilişe sezewar edildi. Kolonial döwürde Rus sarizminiň Türkmenistanda alyp baran syyasaty Türkmenistanýn ýer asty we ýer üsti baýlyklaryny peýdalanmada şeýle hem türkmen iliniň jem iki derejeli halk hökmünde eksplutirlenmegine esaslandy. Elbetde kolonial döwürde-de türkmenler birleşip Rus ekspanssiýasyna garşy göresleri guradylar. Rus kolonizatorlary kolonial syýasaty güýçlendirmek bilen onlarça ýyllaryň dowamynda türkmenleri agyr sütümlere sezewar edip ondan soň ykdysdady ýagdaýyna otrissatel täsirini ýetirip ykdysady ösüşine yzda galdyrypdyrlar. Ondan soň türkmen halkynyň ykdysady taýdan talanmagy 1914 ýylyň iýulynda birinji Jahan urşunyň başlanmagy hasabynda güýçlenýär. Munuň esasy sebäbi hem Orsýetiň bu talaňçylykly agalatsyz urşa baş goşmaklygy we taýýarlyksyz gelmegidir. Öz döwletimiziň iň begtbagtly aýylhanç uruşlaryň biri bolan birinji Jahan urşy (1914 - 1918) dünýäni ykdysady we syýasy taydan paýlamak ücin iki sany harby birleşmä girýän imperialistik döwletler tarapyndan döredilip dünýä döwletleriniň 1,5 mld adamly 38 döwletini öz içine alýar. Diňe Orsýetden 15 mln adam formirlendi. Şolaryň içinde 15 müňi türmendi. Şol türkmenler päliçiligi jahan urşy ýyllarynda adambermezlik maksady bilen Türkmenistanyň dürli künjeklerinde milli azat edijilik hereketi ýrady. Türkmen territoriýasynda bu hereketler 1916 ýylyň halk rewolýussiýasy milli azat edijilik hereketi diýip näsiýetlendirilýär. Onuň easy sebäbi hem türkmenleriň urşa çekilmezligi, päliçilik daýhan çaknyşyklarynyň esasy ojaklary Daşaoguz, Tejen, etrek – Gürgen sebitleri. Onuň esasy liderleri Eziz han, Jüneýit han we beýlekileri. 1917 ýylda oktýabr sossialistik rewolýussiýasynyň ýeňmegi bilen türkmenler özleriniň doly syýasy garaşsyzlygyny üpjün edip bilmändirler. 1924 ýylyň Orta Aziýada merkezi döwletr bölünmegi netijesinde türkmenler özleriniň milli territorýal ykdysady medeni umymylyklaryny gazanypdyrlar. Emma 1924 ýyl hem külli türkmen halkyna doly garaşsyzlygy bermedi. Soňundanam gurluşygy ýyllar içinde türkmen ykdysadyýeti medeniýeti tatalitar sistemanyň täsiri netijesinde belli bir ülňä salyndy. Ol tebigy şertleriň gazaplylygy bilen tapawutlanýar. Onuň kontinental klimaty bolup, tomsy yssy, gyşy sowuk, suwa juda garypdyr.
Garagum çöli günortadaky daglardan akan uly derýalaryň suwunyň azalmagy netijesinde emele gelipdir.
Orta Aziyanyň klimaty kem – kemden üýtgäp gurak klimata öwrülipdir, bu ýagdaý Amyderýanyň suwunyň azalmagyna getiripdir. Şeýlelikde derýa demirgazyga Horezm pesligine, Aral deňzine akyp başlapdyr.
Öňden belleýşimiz ýaly Türkmenistanyň territoriýasynda daglyk ýerler hem köpdür. Ol daglar Orta beýiklikdäki daglardyr. Türkmenistanyň günorta serhetleriniň boýuny syryp Köpetdag bilen Küren dan gidýär, ondan aňryk gündogar tarapa mGarabil dagy uzalyp gidyär. Amyderýanyň sag kenarynda Köpetdag ýerleşýär. Köpetdagdan demirgazyk – günbatara, Krasnowodsk ýarym adasyna tarap, kiçiräk dag gerişleri uly we kiçi Balkan daglary aýrylyp gidyär. Daglaryň depelerinde dürli – dürli iri we gyrymly agaclar bityär. Hoz, alma, pisse, üzüm, alça, nar we ş. m. Miweli ösümlikler hem köpdür. Suwa we ösümlik dünýäsine iň baý ýer, Köpetdagyň ýeňňişleri hem-de Garabil dagynyň günbatar bölegi bolup, ol ýerlerde gowy iri meýdanlary hem köpdür.
Türkmenistan bütin Orta Aziýa ýaly okeanlardan we deňizlerden daşda ýerleşýär. Şol sebäpden hem bu ýerde derýalar azdyr, ýurdy merkezi we günbatar böleklerinde akar suwlar ýokdyr. Diňe günortada kiçeňräk derýajyklar, günbatarda bolsa Aral deňzine guýýan uly Amyderýa ýerleşip onuň 1000 km. Türkmenistanyň territoriýasyndan gecýär. Amyderýa buzlyklaryň we garyň eremegi netijesinde suwlanýar. Bu derýa ýaz we tomus aýlary joşýar. Käwagtlarda bu iki joşgun utgaşýar. Şonda okgunly akmak bilen özüniň kenarlaryny köwýär hem-de opurýar. Ekerançylyk üçin ýaramly erleriň örän azdygyna garamazdan, bu jülge elmydama ep-esliderejede gür ilatly bolup gelipdir. Amyderýa özüniň akýan ugruny üýtgeyän derýa bolup, ol uzak taryhy döwrüň içinde öz hanasyny birnäçe gezek üýtgedipdir. Munuň özi bu territoriýada ýaşaýan ilat üçin agyr kynçylyklary döredipdir. Amydreýanyň aşak akymynda mes toprakly Horezm oazisi ýerleşýär.
Gowy toprakly we ýeterlik mukdarda suwly Murgap oazisi aýratyn bal hasyllygy bilen tapawutlanýar, murgap derýasy ululygy we ykdysady taydan ähmiýetliligi boýunça Türkmenistanda ikinji orunda durýar. Murgap derýasynyň 350 km. Türkmenistanyň territoriýasyndan akýar. Onuň ähli suwy diýen ýaly suwaryş işleri ücin peydalanyar. Ýolötene çenli derýanyň kenarlary belentdir. Şoňa görä-de bu ýerde adarajyk zolak suwarylýar. Ýolötenden aşakda derýa düzlükden akýar we gollara bölünýär.
Bu ýerde derýa giň Meydanlary suwalýar.
Tejen derýasy (Gerirud) derýasy ululygy we ähmyeti boýunça Türkmenistanda üçinki orunda dyrýan derýadyr. Tejen derýasynyň kenarynda hem ekerançylyk üçin amaýly ýerler ködür. Mundan başga-da Türkmenistanyň günorta – günbatarynda Etrek, Sumbar derýalry akýar. Ol derýalaryň ählisiniň hem suwy mes toprakly Garrygala subtropik raýonlarynyň ýerlerini suwarmak üçin irki döwürden bäri peydalanylýar.
Bulardan başgada Türkmenistanda Sowet döwründe Garagum kanaly guraldy. Bu kanal dünýäde iň uzyn emeli derýa hasaplanyp üç derýany – Amyderýa, Murgap, tejen derýalaryny birleşdirdi.
Tejen derýalaryny birleşdirdi. Kanalyň umumy uzynlygy 1100 km. Türkmenistanyň territoriýasy yssy we gurak, çürt – kesik kontinental klimatyň zonasyndan ýerleşýär.
Tomsuna ýokary temperaturanyň bolmagybilen bir hatarda gyşyna howanyň 300 çenli sowaýan wagtlary hem bolýar. Iň ýokary yssy 49,90 ýetyär. Ygal örän az bolýar. Gar seýrek ýagýar we maýyl, hem-de sowuk, howaly günleriniň çalyşmagy sebäpli tiz ereyär. Daglyk raýonlarynda gar birneme köpräk saklanýar. Ösümlikler üçin oňat howaly döwrüň uzyn bolmagy her ýylda iki gezege çenli hasyl ýygnamaga el aýar. Şol bir wagtda howanyň iňňän gurak bolmagy ekerançylyk bilen diňe emeli suwaryş arka;ly meşgul bolmaklyga mümkinçilik beryär. Suwarymly ekerançylyk dag etegi zologynda ýüze çykyp, soňra beýleki ýerlere ýrapdyr. Soň raklar adamlar uly suwaryş desgallary arkaly Amyderýanyň, Murgap we Tejen derýalarynyň suwuny hem peýdalanyp uçrapdyrlar. Suw çeşmelerini adama tabyn etmek we adamyň bähbidine peýdalanmak üçin kollektiw tagallylaryň zerur bolanlygy birinjiden sanaşykly guramaga düzgüiniň uzak wagtlap saklanmagyna sebäp bolupdyr, beýleki tarapdan bolsa, Türkmenistanyň territoriýasynda irki döwletleriň emele gelmegini tizleşdiripdir.
Türkmenistanyň ekerançylyk oazisleriniň töwregine maldarçylyk hojalygyny ösdürmek üçin ýaramly giň çöller we ýarym çöller tutýar. Şu sebäbe görä-de türkmenler we olaryň ata-babalry üçin köplenç gatyşyk ekerançylyk we maldarçylyk hojalyga mahsus bolupdyr. Ilatyň bir bölegi oazislerde oturymly (gumra) ýaşap ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Beyleki bölegi bolsa maldarçylyk bilen meşgullanyp gadymy eýamlardan bäri göçürim durmuşda çarwaçylyk bilen meşgullanypdyrlar, ýaýla maldarçylygy we ýarym oturymly hojalygyň dürli – dürli görnuşleri giň ýaýrapdyr. Çomurlara we çarwalara bölmeklik türkmenleriň arasynda XX – asyryň başyna çenli saklanýar.
Sowet taryh ylmy halklaryň gelip çykyşy barada hem şanly jedelli meseleleri aýdyňlaşdyrdy. Häzikri zaman türkmenleriň iň gadymy ata – babalary Orta Aziyanyň çäklerinde ýaşalp, oturymly ekerabçylyk vilen meşgullanan taýpalar bolup, bu taýpalar Ýewropoit jynsyna degişli ekenler, özleride Hindi Ýewropa diller, maşgalasynyň, Eýran toparyna girýär dillerinde gepleýär ekenler, Çarwa dö, maşaget, derben apasiak, apary taýpalary Garagumda, Gyzylgumda şol gumlaryň içinden geçýän derýalaryň jülgelerinde we üstýurtda oturypdyrlar. Şol taýpalaryň bir bölegini Köpetdag eteklerine aralaşmagy olaryň bu ýerlerde ýaşaýan ýerli ekrançy taýpalar bilen asimizasiýalaşmagyna getiripdir. Şeýle şertlerde gul eýecilik gatnaşyjlary kemala gelip, Türkmen halkynyň emele gelmeginde uly rol oýnap pedrian halkyýeti döräp başladpry. Asimilizasiýalaşmaklyk prosesi diňe bir Köpetdagyň etegindäki ekerançy taýpalar bilen çarwalaryň arasynda bolup, geçmän eýsem, Türkmenistanyň beýleki ýerlerinde mysal üçin Horezimde hem bolup gecipdir.
B. e. Öňki III-I asyrda sähra taýpalarynyň göçhä göçlügi orta Aziýa maldarçylyk we ekerançylyk taýpalarynyň birek biregi bilen ýakynlaşmagyna anyk täsir edipdir. Şol bir wagtyň özünde orta Aziýa, demirgazyk gündogardan merkezi aziýanyň türki dilli mongollar taýpalary Ruhlar we beýlekiler aralaşyp ýerli hindi, Ýewropa diller maşgalasyna giryän taýpalar bilen garyşypdyrlar.
B. e. I-müň ýyllygynda günorta we demirgazyk Türkmenistanda etnogenetiki prosesler dürli ýagdaýda bolupdyr. Gelip çykyşy boýunça alanlarynyň we massagetleriň etekleri hasaplanýan eftalitler demirgazykda ýaşaýan çarwa taýpalar, türkleriň täsirine düşüp, kem-kemden türki dilini kabul edipdirler.
Bu proses VI – VIII asyrlarda türkmenleriň basyp alyşlary bilen baglanyşykly has güýçlenip VIII-X türki dillerde gepleýän Aral ýakalarynyň sähralaryndaky ýerli ilat bilen asimilizasiyalaşan günbatar oguz taypalarynyň we toparlanşyklarynyň emele gelmegi bilen tamamlanýar. Soňra taýpalarynyň bir bölegi Bathyz, Dahystan, Guzan sebitlerine aralaşýar. Günortadaky ekerançylyk bilen meşgullanýan taýpalar we halkyýetler köp babatda özleriniňyewropoit görnüşini saklap Orta Aziýanyň birnäçe ekerançylyk welaýatlary bilen birlikde gadymy täjik dilinde gepläpdirler. Orta Asyr Türkmenistanyň iki sany esasy etniki taryhy bolan türk dilli oguzlar hem-de täjik dilli Horasanlylar şeýleräk ýagdayda kemala gelip başlaýar. X – asyrda ekerançylyk zolagynyň çäklerinde ýa-da onuň kümmüşinde täjik dilli ekerançylaryň arasynda ýaşaýan käbir türki dilli sähra taýplary diýen adyň gelip çykyşy baradaky mesele bolsa entek doly derejede çözülmedik mesele hasaplanýar.
Oguzlaryň Türkmenistanýn çäklerine aralaşmagy VI – VII asyrlarda başlanýar. Bu proses seljuklaryň ýörişi bilen baglanyşykly XI asyryň birinji ýarymynda has güýçlenýär. Şeýlelik bilen Häzirki zaman türkmenlerinň kemala gelmek prosesi başlanyp, olaryň ata-babalarynyň esasy bölegini Oguzlar we Horasan täjikleri düzýär. Horasan täjikleri häzirki günorta Türkmenistanýn çäklkerinde ýaşapdyrlar. Türkmen halkynyň gelip çykyşynda (etnogenozinde) belli bir derejedäki roly Horezmliler oýnaýarlar.
Demirgazyk Horasan täjikleriniň hem-de Horezmlileriň oguzlar bilen bir halkyýteti goşulmagyny Türkmenistanýn territoriýasyndaky çarwa we oturymly ilatyň geçmişdäki umumylygy ýeňilleşdiryär. Bu halklaryň etnogenezinde gadymyýetde esasy roly dap – saget taýpalary oýnapdyr. Goşuluşmakjlyk prosesi XII asyrda sähralylaryň (Oguzlar, Seljuklar, ýazyrlar) günorta Türkmenistana köpçülikleýin oturymlaşmagy bilen has güýçlenýär. Emma bizde täjikleriň ykdysady we medeni taydan ösen öňde baryjy, san taýdan kö bolandygy XI – XII asyrlarda oguzlaryň medeniýerini kabul edendigi barada maglumatlar ýok.
Mongol basybalyşlary türkmen halkyýetiniň kemala gelmeginiň şertlerini düýpli üýtgetdi. Basybalyşlaryň talaýjylyklaryndan oturymly ekerançylar hem-de şäher ilaty köp heläkçilige sezewar boldy. Türkmenistanyň şäherleri weýran edildi. Köp sanly uwaryş desglary hatardan çykaryldy. Gadymy ekerançylyk medeniyeti düýpli zarba urulyp ykdysadyýetde ilkinji orny çarwa we ýarym çarwa gelmegi prosesinde esasy orny türki dilli göçme taypalar gelip başlaýar. Şu taýpalar hem-de ourymly ilatyň türki dilli bölegi XIII – XV asyrlarda Türkmenler diýilip atlandyrylýar. Türkmenistandaky gadymy ekerançylyk bilen meşgullanýan ilatyň gara – çetlerdäki ýaşaýanlary hem türkmenler bilrn kem – kemden asimilizasilaşypdyr. Türkmen halkyýetiniň kemala gelmek prosesiniň jemleýji etaby XIV – XV asyrlarda degişli bolup, bu ýerlere çenli sähra taýpalary (oguzlar, ýazyrlar) hemde günorta Türkmenistandaky täjikleriniň goşuluşmaklary tamamlanýar. Şol bir wagtda Demirgazykda gadymy oguz taýpalaryň hem-de horezmlileriň bir böleginde territorial alamatlar boýunça gurulan täze taýpalar toplumy döreýär. Täjik edilmentlerini köp derejede saklap günorta Türkmen taýpalary belli bir derejede özleriniň antropologiki görnuşli dili we durmuş derejesi boýunça demirgazyk Türkmen taýpalryndan tapawutlanýandygyny bellmek gerek. Şu sebäbe göräde şol döwürde türkmen halkyýetiniň iki şahasy demirgazyk we günorta şahalary dowam edipdir diýip netije çykarmak mümkin.
XIV – XB asyrlarda ýeke-täk türkmen dili döräp baslapdyr. Oňa esas bolup köp derejede gadymy täjik we Orta Aziýanyň ýakyn ilatynyň beýleki halklarynyň dili bilen baýlaşdyrylan oguz dili hyzmat edýär.
XVI asyrdan başlap demirgazyk türkmen taýplary (ýomutlar, tekeler, ärsarylar, salyrlar, saryklar) we beýlekiler kem – kemden gönorta tarap süýşüp başlaýarlar. Olar köp halatlarda günorta türkmen taýpalaryny (ýazyrlary, olimleri, emreleri baýatlary we beýlekileri) Patriarhal feodal gatnaşyklary şertlerinde aýratyn taýpa hökmüňde seredilen dürli ýerli gatlaklary we territorýal toparlanşyklary (müjewirleri mahtumlary, hojalary şyhlary, mehinleri, nohurlary we beýlekileri) gysyp çykaryp Günorta Türkmenistanda mesgen tutýarlar. Beýle tabyn etmekligiň günbatar türkmen taýplaryna täjik – horasam elementleriň giň aralaşmagyna getirilýär.
Patriarhal feodal gatnaşyklarynyň agalyk etmegi türkmen halkyýetine milletiň birnäçe elementleriniň (dil territoriýa psihologiki birlik, medeniýetdäki umumylyk) Türkmenistan entek Orsýete birleşmezden öň kemala gelip başlandygyna seretmezden, millet hökmünde konsolidasiýalaşmagyna mümkinçilik bermändir.
XVI asyrlardan XIX asyryň ikinji ýarymyna çenli tukmen halkynyň durmuşy gaty agyr bolupdur. Turkmenleriň hojalygy Patriarhal natural häsiýete eýe bolup, ekstensiw göçme maldarçylyga, iň yza galak tehnikaly we öý hünärmentligilikli suwarymly ekerançylyga daýanypdyr. Şeýle yzagalaklyk zerarly tozan we dagynyk türkmen taýplary, birleşip özleriniň döwletini döretmeklige mümkinçilik tapmandyrlar. Daşky basybalyjylaryň talaňçylyklary arasy üzülmeyän özra weyran ediji alamaçylyklar, agyr zulum müňlerçe garyp ilatyň ýaşaýyş durmuşyna palta urupdyr. Türkmenistanyň Orsýete birikdirilmegi özara feodal uruşlaryň soňuna çekipdir. Emma şondan soň iki taraplaýyn zuluma sezewar edilen garyp halkyň agyr durmuşyny ýeňilleşdiripdir.
Türkmenistanyň territoriýasynda senagat kärhanalary düýbünden ösmändir. Diňe birnäçe ujypsyzja ussahnalar hem-de kiçijik zawodlar gurylyp, olary bolsa senagat kärhanalary diýip atlandyrmak mümkin bolmandyr. Oba hojalygy gowşak ösüp zähmet gurallary ýönekeý bolupdyr. Bular öz gezeginde hasyllylygyň pes bolmagyna getiripdir. Suw ýetmezçilik edipdir. Türkmen dayhanlary gaty agyr şertlerde şandyr. Dürli salgytlara sezewar edilip tire taýpa agzalylyklarynyň pidasy bolupdyr. Aýallaryň ýagdaýy has agyr bolup, olar jemgyýetde hukuksyz bolupdyrlar. Ilatyň arasynda ölýänleriň sany dogulýanlaryň sanyndan köp bolupdyr. Şeýle şertlerde türkmen halkyna fiziki taydan ýok bolmak howpy awanypdyr. Beýik oktýabr sosialistik rewolýusiýasynyň ýeňmegi bilen türkmen halkynyň durmuşynda täze durmuş başlanypdyr. Halk zulumdan agyr hukuklardan azat bolup azatlykda we deňlikde erkin ýaşap başlaýar. SSSR haklarynyň bilelikdäki tagallary netijesinde Orta Aziň halklary asyrlar boýy dowam eden yzagalaklygy gysga taryhy döwürde ýeňip geçneligi başarýar. Leninçilik milli syýasat halklaryň dostlugyny pugtalandyryar. Düýpli kemçilikleriň goýberilmegine seretmezden industrializasiň kollektiwi rossiýanyň we medeniýetde düýpli özgerişleriň amala aşyrylmagy aýallaryň azatlyga çykarylmagy – bularyň hemmesi gysga taryhy döwürde mümkin boldy.
1941 – nji ýylda sowet adamlarynyň parahatçylykly zähmeti faşistik Germaniýanyň ähtiýalanlyk bilen çozmagy zerarly bolupdy. Ýurdumyzyň beýleki halklary bilen bilelikde türkmen halky watany goramak üçin göreşe baş galdyrdy. Beýik watançylyk urşy ýeňiş bilen tamamlanyp türkmen halky beýleki dagynlyk halklar bilen uruşdan soň dikeldip işlerine aktiw gatnaşdt.
60-njy ýyllarda ýurtda dolanyşda komanda buýruk bermedi sistemasynyň güýçlenmegi bilen baglanyşykly sosila ykdysady ösüşe kö sanly goşmaça kynçylyklar ýüze çykdy. Ykdysadyýetde artdyryp ýazmak, gözboýagçylyk, badyhowalyk, arka durmak, parahorluk ýaly sosializmiň kokun palta urýan negatiw ýagdaýlar güýçlendi. Bu prosesleriň hemmesi Türkmenistanyň hem sosila ykdysady durmuşyna düýpli täsir etdi. Jemgyyetçilik ösüşiniň depginleriniň ep-esli peselmegine getirdi.
Şu we beýleki negatiw hadysalaryň dowam edendigine garamazdan 60-80-nji ýyllarda türkmen halky ýurduň ykdysady we medeni derejesini özleşdirmekde janarmazlykly zähmet çekdi. Beýleki doganlyk haklaryň goldamagy bilen Gragum kanaly, Türkmenabatdaky himiýa kombinaty, Mary GRESU ýaly uly gurluşyjlary amala aşyrdy. Respublikada işçiler synpynyň milli uly toplumy kemala geldi. Oba hojalygynyň mehanozasişdyrylyş derejesiniň dyngysyz ýokarlanmagy bilen baglanyşyjly. Türkmenistan ösen industrial agrar ýurda öwrüldi. Köp sanly milli ýokary hünärli spesialistler, alymlar, döredijilik işgärleri ösüp ýetişdi.
Sosializm gurluşy ýyllaryndaky goýberilen säwlikler, ötegeçmeler, kommunistik partiýanyň diýdimzorluk syýasaty soszializmiň güýçli differensirlenmegine getirdi. Munuň üstesinede ykdysadyýeti planlaşdyrmakda, milletara gatnaşyklarda goýberilen sowlikler SSR soýuzynyň dargamagyna getirdi. SSR darmagy bilen 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistan özbaşdak dünýewi demokratik döwlet diýilip yglan edildi. Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S. A. Nyýazow saýlandy.
Häzirki wagtda öz ygtyýarlygy Türkmenistan içerki syýasatda bazar ykdysadyýetine geçmek eýeçiligiň ähli görnuşlerine giň ýol açyp, ahyrkjy maksady, halkyň maddy hal – ýagdaýyny gowulandyrmagy wezipe edip goýsa dasary syýasatda bolsa birek – biregiň içki işine gatyşmazlyk özara dostluk, ähli jedelli meseleleri, gepleşikleri geçirmek arkaly çözmek syýasatyny alyp barýar.
Türkmenistanyň Prezindenti S. A. Nyýazow bu syýasaty ähli halklaryň arasynda gyzgyn goldaw tapýar.