Türkmenistanyň taryhynyň çeşmeşynaslygy
“Türkmenistanyň taryhynyň çeşmeşynaslygy”
“Türkmenistanyň taryhynyň çeşmeşynaslygy” dersiniň maksady we wezipeleri
[düzet | çeşmäni düzet]Türkmenistanyň taryhyny diňe Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň çuňňur öwrenilmäge mümkinçilik boldy. Munuň aňyrsynda bolsa Beýik Saparmyrat Türkmenbaşymyz arkadag bolup durandyr. Beýik Serdarymyzyň “Bize doly hakykaty açyp görkezýän taryh gerek. Taryhy ajyda bolsa, süýjüde bolsa doly we dogruçyl beýan etmeli” diýen gyzyldan – gymmatly sözleri taryhçy alymlarymyzyň, arheologlarymyzyň öňünde uly wezipe, borç bolup durýar. Hem-de taryhy öwrenmeklige ýol ýörelge bolup durýar.
Taryh ylmy ähli umumy taryhy, ýörite we kömekçi taryhy derslerini öz içine alýar. Ähli umumy taryhy dersi jemgyýetiň ösüşine, aýry-aýry ýurtlaryň we halklaryň taryhyny öwrenýär. Ýörite taryh dersi jemgyýetçilik durmuşynyň aýry-aýry taraplarynyň ykdysady, syýasy, medeni, harby, döwlet we hukuk jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň taryhyny öwrenýär.
Kömekçi taryhy dersi – öz derňeýän ugrunda çeşmäniň daşky sanyny bermekdäki wezipeleri çözmek maksady bilen özboluşly usullary we tehniki ugurlary işläp düzýän derslere aýdylýar. Kömekçi taryhy dersleriň çözýän we derňeýän meseleleri waka barada ýazuw görnüşinde habar berýän çeşmäniň häsiýeti onuň görnüşi bilen kesgitlenýär. Kömekçi taryhy dersleriň her haýsynyň özboluşly usullary we derňeýän dersi bar. Emma maksady birdir. Taryhy çeşmäniň ähli taraplaryny derňäp, onuň döremegi barada bar bolan maglumatlary bermek kömekçi taryhy dersleriň arasynda görnükli irny çeşmeşynaslyk ylmy tutýar. Şonuň üçin hem ol aýratyn ders hökmünde geçilýär. Taryhy çeşmeleri ýuze çykaryp, ony öwrenmegiň we peýdalanmagyň usullaryny işläp düzmek bilen meşgullanýan ylma – çeşmeşynaslyk diýilýär. Bu ders taryhy geçmişden galan çeşmeleri, ýagny tapyndylary öwrenýän dersdir.
Bu dersiň esasy wezipesi: taryhy çeşmäniň gelip çykyşyny ýüze çykaryp, mazmunyny açyp görkezýär, çeşmäniň döremeginiň sebäplerini we şol wagtky ýagdaýyny anyklamakdan ybarat. Bu dersiň maksady: taryhy çeşmeleriň ýüze çykarlandan soň ylmy ulgama salmak, tankydy derňewi geçirmegi öwrenmekligiň we ony peýdalanmaklygyň usulyny düzmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň çeşmeşynaslyk dersi: Türkmenistanyň taryhy boýunça çeşmeleri gözläp tapmagyň, derňemegiň we ulanmagyň usullaryny we tärlerini öwrenýär.
Beýleki kömekçi taryh dersler çeşmeşynaslyk bilen berk baglanyşykda bolýarlar.
Epigrafika – daş plitalarynyň ýüzüňe, süňklere, agaçlara, palçykdan ýasalan zatlara, guburlara jaýlara edilen ýazgylary öwrenýär.
Poliografiýa - Ýazuw çeşmeleriniň daşky alamatlaryny, yazuw üçin nähili serişdeleriň ulanylandygyny, olaryň gurluşyny we ýazuw aýratynlyklaryny öwrenýär.
Popirologiýa, Berstologiýa, Numizmatika, Stragistika, Gerandika, Hronologiýa, Metrologiýa, Toponomika, Antropologiýa, Ahtroponimika, Arhiwedeniýa, Geniologiýa, Arheologiýa ýaly kömekçy taryhy dersler bilen çeşmeşynaslyk berk baglanyşyklydyr.
Taryhçy alyma geçmiş barada maglumatlary diňe taryhy ýadygärlikler berip bilýär. Onuň üsti bilen taryhçy anyk taryhy maglumatlary ýygnaýar we ony derňeýär. Çeşmesiz belli bir waka barada netije çykaryp bolmaýar. Umumy alanda taryh ylmynyň özi hem bolup bilmeýär. Şol sebäpli her bir ylmy işiň şowlulygy taryhy çeşmäniň sanynyň hiline, taryhyň ony derňeýär. Çeşmesiz belli bir waka barada netije çykaryp bolmaýar. Umumy alanda taryh ylmynyň özi hem bolup bilmeýär. Şol sebäpli her bir ylmy işiň şowlulygy taryhy çeşmäniň sanynyň hiline, taryhyň ony derňeýşine baglydyr.
Turkmenler hakynda yazylan cesmeler
[düzet | çeşmäni düzet]Adamzadyň geçmişine degişli sähelçe maglumat berip bilýän islendik zat taryhy çeşmedir. Adam tarapyndan döredilen her bir zat taryhy maglumat bermäge ukyplydyr. Maddy (arheologik, arhitektura) tapyndylar taryhyň gadymy döwürlerini bilmekde “geçmişde näleriň görünýändigini” (Magtymguly) saýgarmakda baha ýetmez maglumatdyr.
Taryhy çeşmäni ýüzleý derňemeklik hem-de olaryň az bolmagy taryhyň ýoňulmagyna getirýär. Taryhy çeşme diýip – jemgyýetçilik durmuşyny hadysalarynyň adamzat jemgyýetiniň ösüş kanunalaýyklarynyň taryhy şaýatlyklary saklanyp galan geçmişiň galyndylaryna aýdylýar. Bu adam zähmetiniň galdyran ýazgylary: maddy medeniýetiň görnüşleri ýazuw ýadygärlikleri, däp-dessurlary, jemgyýetiň ösmegi bilen ylmy barlagyň kämilleşmegi bilen ylymda ulanylýan çeşmeleriň sany barha köpelýär. Olaryň düzümi çylşyrymlaşýar. Taryhy ýadygärlikleriň köplügi, her dürliligi olary ylmy taýdan toparlara bölmeklik zerurlygyny ýüze çykarýar. Ähli taryhy çeşmeleriň uly alty sany topara bölünýär. Olar aşakdakylardan ybarat.
- Ýazuw ýadygärlikleri – hem iki sany uly topara bölünýär: Epigrafiki we grafiki ýazuw ýadygärlikleri. Epigrafiki – gadymy ýazgylar, daşa süňke, agaja, demire, keramika ýazylan hatlar. Mysal üçin Dariý I-niň “Behistun” ýazgylary Müsürdäki, Marguşdaky tapylan keramiki ýazgylar degişlidir. Grafiki – ýaýlaryň diwaryna, gap-gaçlara, papirusa, pergamena, kagyza ýazylan ýazgylar degişli. Mysal üçin Müsürdäki papirusalara ýazylan ýazgylar, Strabonyň “Geografiýa” diýen işi.
- Maddy ýadygärlikleri hem iki sany topara bölünýär. Ýagny ýer üsti we yerasty maddy ýadygärlikler. Ýer üsti maddy ýadygärligine – binalar, ýerüsti guburlar, ýaşaýýş jaýlary, adamlaryň ýaşan gowaklary degişlidir. Ýerasty maddy ýadygärliklerine – ýerasty guburlar, ýeriň aşaky gatlagyndan tapylan möhürler zähmet gurallary, küýzeler we küýze döwükleri degişlidir. Maddy ýadygärlikleri – arheologiýa ylmy öwrenýär. Öz işlerinde arheologlar, antropologiýanyň, etnografiýanyň, fizikanyň, himiýanyň, geologiýanyň maglumatlaryny ulanýar. Şonuň üçin hem käwagtlar taryhyň gadymy döwri öwrenilende arheologiýa ýadygärlikleri ýeke-täk taryhy çeşme bolup durýar. Taryhyň giçkiräk döwri öwrenilende taryhyň we medeniýetiň maddy ýadygärliklerini ulanmaklyk wajyp bolup durýar.
- Etnografiýa ýadygärlikleri – halklaryň gadymy durmuşynyň biziň döwrümize çenli ýeten galyndylary degişlidir. Taryhy diňe bir maddy ýa-da ýazuw ýadygärlikleri bilen däl-de halklaryň däp-dessurlary, baýramçylyklary bilen hem şöhlelendirip bolýar.
- Halk döredijiligi – bu ýadygärliklere rowaýatlar, aýdymlar, nakyllar, atalar sözi degişlidir. Adamzat taryhynyň gadymydöwürlerini öwrenmekde halk döredijiligi edil arheologik ýadygärligi ýaly esasy çeşmeleriň biridir. Mysal “Hiada” we “Odisseýa” poemalary rowaýatlaryň esasynda ýazlan Türkmen halkynyň “Görogly” we ş. meňzeşler.
- Singiwistika ýadygärlikligi – (dib) muňa geografiki atlar, adam atlary, gadymy dilleriň galyndylary, alnan sözler degişlidir. Gadymy halklaryň haýsy etnosa degişlidigini bilmekde, halklaryň ondan-oňa göçüşlerini öwrenmekde gadymy döwürdäki jemgyýetçilik gatnaşyklaryny dini, medeniýeti, durmuşy öwrenmekde dil hakyndaky ylym kömek edýär.
- Kino wakalaryň, taryhy şahslaryň suratlaryndan başgada taryhçylar kinohronika (hadysalaryň hronologik ýazuwy) maglumatlaryndan peýdalanýarlar.
Şu ýazuw ýadygärlikleri – çeşmeşynaslygyň esasy ugrudyr.
Taryhy çeşmeleriň öwrenilişi
[düzet | çeşmäni düzet]Taryhy çeşmeler tapylandan soň, esasy wezipesi ony öwrenmeli. Olar öwrenilenden soň bolsa, ylmy esasda taryha ýazylýar. Taryhyň ilkinji kanuny ýalan sözlemezlikdir. Şu ýerde bir sorag gelip çykýar, tapylan çeşmeleri ýa-da tapyndylary nädip öwrenmek? Tapylan tapyndynyň ilki bilen ýazue çeşmemi ýa-da maddy çeşmedigini bilmeli. Öwrenilýän tapyndy nireden tapylypdyr, nämeden edilipdir, haçan döräpdir, kim tarapyndan edilipdir we ol name gerek bolupdyr diýen soraglaryň ählisini anyklamaly.
Çeşmeleriň içki we daşky tankydy bar. Daşky tankyt – tapyndy nämeden edilen, haýsy ýerlerde duş gelýär, döwrüni bilmeli, nireden taplany bilmeli.
Içki tankyt – ýazgylaryň içindäki hatlary öwrenmeli. Ýazgyny derňemek üçin başga ylma ýüz tutmaly. Ýagny ýazlan ýazgylary dogrumy ýa ýalan maglumat berýärmi şony bilmeli. Taryhçy çeşmäni eline alyp one düzetse onda ol hakyky taryhçy däldir.
Taryhy çeşmeleriň içinde has takyk we az maglumat berýäni maddy ýadygärlikdir. Ol taryhyň 99% -ni maglumat berýär. Ýazuw ýadygärlikleriniň az maglumat berýänliginiň esasy sebäbi ony ýazylşy ýaly kabul edip bolanok. Sebäbi dürli döwürlerde şolar, patşalar hanlaryň ýanynda kätibi bolupdyr. Kätipleriň käbiriniň hojaýynyna ýaranmak üçin maglumatlary ösdürip ýazan bolmaklary hem mümkin.