Mazmuna geçiň

Türkmenistanyň ''Halkbank'' döwlet täjirçilik banky

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Türkmenistandaky Banklaryň Sanawyny Bärden Görüp Bilersiňiz Türkmenistanyň "Halkbank" Paýdarlar Täjirçilik Banky geçen asyryň 20-nji ýyllaryndan bäri şu günki güne çenli öz işjeňligini dowam edip, halkymyzyň ýakyn hyzmatdaşydyr.

Bu bank özüniň baý taryhy we köp ýyllyk tejribesi bilen, müşderilere ýokary hilli bank hyzmatlaryny amala aşyrýan diýarymyzyň baýry banklarynyň biridir.

«Halkbank» Paýdarlar Täjirçilik Banky
Headquarters744013, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 154
Established2001 ýyl
OwnershipTürkmenistan
Governing bodyHäkimiýet
PresidentSkript ýalňyşlygy: "getValue" funksiýasy ýok.
Websitehttps://halkbank.gov.tm/
Tel +993 (12) 44-48-37, +993 (12) 44-49-27

Fax +993 (12) 22-79-03

Email info@halkbank.gov.tm

Bankyň Taryhy

[düzet | çeşmäni düzet]

Mälim bolşy ýaly, 2001-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen, Türkmenistanyň Süýşürintgiler banky Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky diýip atlandyryldy we onuň hukuk oruntutary boldy.

Bankyň “Halkbank” diýip atlandyrylmagy tötänleýin däldir, çünki bu bank halkyňkydy we halkyňky bolubam galar.

“Halkbank” ak saçly gojalarymyzdan başlap, Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar nesillerine, ýurdumyzyň dürli gatlakdaky adamlaryna hyzmat edýär, şeýle hem eýeçiligiň dürli görnüşindäki edara görnüşli taraplar we telekeçiler bilen iş salyşýar.

Şu günki gün “Halkbankyň” işine düşünmek, onuň işine dogry baha bermek we ertirki güne nazar aýlamak üçin Türkmenistandaky süýşürintgiler işiniň taryhyna göz aýlamak ýeterlikdir.

Ýurdumyzda ilkinji amanat kassasy 1923-nji ýylyň 4-nji awgustynda açylýar.

Ilkinji amanat kassalarynyň üsti bilen goýumlary kabul etmek, döwlet zaýomlaryň obligasiýalarynyň girewine karz pullary bermek ýaly amallar, şeýle-de geçirimler, hasaplaşyk, akkreditiw we beýleki amallar ýerine ýetirlipdir.

Wagtyň geçmegi bilen bankyň amanat kassalary Türkmenistanyň dürli künjeklerinde hereket edip başlapdyr.

1941-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda amanat kassalarynyň 419-sy hereket edipdir.

Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen, amanat kassalary ýurduň harby zerurlyklaryny maliýeleşdirmekde ähmiýetli rol oýnapdyr.

Harby çykdajylaryň 6-dan bir bölegine golaýy amanat kassalarynyň ýardam bermeginde paýlanan zaýomlaryň hasabyna ýapylypdyr.

Amanat kassalarynyň üsti bilen Türkmenistanyň ilaty tarapyndan goýlan pul serişdeleri we gymmatlyklary gorag fonduna we goşun fonduna geçirilipdir.

1963-nji ýylda amanat kassalary Döwlet bankynyň garamagyna berilipdir.

1988-nji ýyldaky bank özgertmeleri iki derejeli bank ulgamyna (Merkezi bank we ýöriteleşdirlen banklar) geçmegi netijesinde döwlet zähmet amanat kassalary ilata we edara görnüşli taraplara hyzmat etmek boýunça ýöriteleşdirlen döwlet banky hökmünde Süýşürintgiler bankyna öwrüldi.

1993-nji ýylyň 30-njy aprelindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen SSSR Süýşürintgiler bankynyň Türkmenistan respublikan banky Türkmenistanyň Süýşürintgiler bankyna öwrüldi, 2001-nji ýylda bolsa onuň ady Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky diýlip üýtgedildi.

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe "Halkbank" PTB köp sanly taslamalary üstünlikli durmuşa geçirip, ynamly öňe barýar.

Şu günki gün “Halkbank” ýurdumyzda giňden tanalýan iri maliýe guramasy bolmak bilen, diňe türkmenistanlylaryň däl, eýsem daşary ýurtly müşderileriň hem bank hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmagyň hötdesinden gelýär.

Kartdan Karta Pul Geçirmek

[düzet | çeşmäni düzet]

Türkmenistanyň "Halkbank" PTB-y şahsy taraplara hasaplaşyk–kassa hyzmatlarynyň aşakdaky görnüşlerini hödürleýär:

  • Bellik: Kartdan karta pul geçirim hyzmaty diňe "Goýum bank kartyna" degişlidir.

ATM terminaly arkaly kartdan karta pul geçirmek

[düzet | çeşmäni düzet]

1)Pul Geçirimleri Saýlaň;

2)Geçiriljek Kartyň Belgisini Giriziň;

3)Pul Mukdaryny Giriziň We Tassyklaň.

Internet arkaly kartdan karta pul geçirmek

[düzet | çeşmäni düzet]

1)Geçirimlere Basyň;

2)Geçiriljek Kartyň Belgisini Giriziň;

3)Pul Mukdaryny Giriziň;

4)Telefonyňyza Iberilen Kody Giriziň We Tassyklaň.

Programma arkaly kartdan karta pul geçirmek

[düzet | çeşmäni düzet]

1)Geçirimlere Basyň;

2)Başga Kartlara Düwmesine Basyň;

3)Karty We Pul Mukdaryny Dolduryň;

4)Tassyklaň.

"Sanly-Kart"

[düzet | çeşmäni düzet]

“Sanly kart” – bu NFC we QR-kod tehnologiýalaryny ulanyp, galtaşyksyz töleg amallaryny geçirýän funksiýany hödürleýär. Telefonyňyzda NFC ýok bolsa, munuň üçin programma çaltjak tölegi amala aşyrmak üçin kartyňyzy QR-kod hökmünde işe girizýär.