Mazmuna geçiň

Türkmenistan we Päkistan mynasybeti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Türkmenistany we Päkistan mynasybeti – Ilki bilen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Päkistan barada aýdan ajaýyp sözlerini getirmek isleýäris: “Biz Päkistana özümiz üçin iň ýakyn döwlet, taryhy ykballaryň umumylygy, milli häsiýetdäki haýsydyr bir çala göze ilýän meňzeşlik, dünýä garaýyşda, birinji nobatda bolsa, öz-özüňe garaýyşda umumylygy bolan halk hökmünde garaýarys”.

Päkistan 1947-nji ýylyň 15-nji awgustynda Hindistandan bölünip aýrylyp, özbaşdak döwlet bolupdy. Päkistan dörän wagty onuň paýyna köpräk oba hojalyk sebitleri düşüpdi.Garaşsyzlygyny alyp, ýaňy ýörjen-ýörjen bolan ýurtda senagaty tarpdan diýen ýaly döretmelidi.

1971-nji ýylda Gündogar Päkistan bölünip aýrylyp, özbaşdak Bangladeş döwleti döredi . 1973-nji ýylda Päkistanyň Konstitusiýasy kabul edilip, ýurduň Yslam Respublikasydygy kanuny taýdan berkidildi.

70-nji ýyllarda Zülfikar Ali Bhuttonyň ýolbaşçylygyndaky Halk partiýasy ýurdy dolandyrdy. Bhuttonyň hökümeti sebitde parahatçylygy berkitmekde birnäçe işleri etdi. Mysal üçin, 1972-nji Päkistan SEATO harby birleşmesinden çykdy. Bangladeşi resmi taýdan ykrar etdi. Hindistan bilen diplomatik gatnaşyklary dikeltdi (1976 ý.).

1977-nji ýylyň saýlawlarynda Z.A.Bhuttonyň hökümeti ýeňilse-de, saýlawyň netijelerini galplaşdyryp, häkimiýetde galmaga synanyşdy. Emma muňa häkimiýete garşy güýçler razy bolmady. Syýasy dartgynlylyk emele geldi. Şeýle şertlerde 1977-nji ýylyň iýulynda Ziýa ul’Hakyň ýolbaşçylygynda döwlet agdarylyşygy bolup, ýurtda harby düzgün ýene-de dikeldilýär.

General Ziýa ul’Hak ýurtda düzgün-tertibi berkitdi. Daşary syýasatda Günbatar döwletleri bilen ýakynlaşdy. SSSR-iň Owganystana goşun girizmegine garşy çykdy. Owganystanda sowet goşunlaryna göreşýän güýçleri goldady. 1988-nji ýylda awiaheldkçiliginde aradan çykdy. 1988-nji ýylyň noýabryndaky saýlawlarda Halk partiýasy ýetip, onuň öňbaşçysy Benazir Bhuttonyň (jezalandyryp öldürilen Z.A.Bhuttonyň gyzy) ýolbaşçylygynda hökümet düzdi. 1990-njy ýylyň awgustynda dörän syýasy galagoplulyk döwri Benazir Bhutto häkimiýetden çetleşdirildi. Üç ýyl arakesmeden soň Bhutto gaýtadan häkimiýete geldi. 1993-nji ýylyň saýlawlary netijesinde ýurduň prezidentligine saýlanan Sardar Faruh Ahmet han Legari 1996-njy ýylyň ahyrynda Bhuttonyň hökümetini häkimiýetden çetleşdirildi.

1997-nji ýylda geçirilen saýlawlarda Päkistanda iň irki partiýa bolan (1906 ý. döredilen) Musulman ligasy ýeňiş gazanyp, Mian Nawaz Şarif ikinji gezek häkimiýete geldi (ol 1990-1993 ýý. hem ýurdy dolandyrypdy). 2000-nji ýyldaky syýasy dartgynlylyk ýurtda ýene-de döwlet agdarylyşygyna getirdi. Häkimiýete general Perwez Müşerref geldi.

Dokma senagaty päkistan ykdysadyýetiniň iň esasy pudagy hasaplanýar. Ýurduň ähli girdejsiniň 28%-ni senagat, 25%-ni oba hojalyk pudagy berýär. Beýleki yslam ýurtlarynda bolşy ýaly, ýurduň ykdysady-syýasy durmuşy yslamyň ýörelgeleri boýunça alnyp barylýar. Mysal üçin, banklaryň işinde süýthorçylyk ýazgarylyp, göterimler gadagan edilendier.

Päkistanyň daşary syýasatynda Hindistan bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak ugrunda göreşýär. Ol Goşulmazlyk hereketiniň agzasydyr. Päkistan EKO guramasynyň çäklerinde Türkiýe, Owganystan, Eýran hem-de Merkezi Aziýanyň garaşsyz döwletleri bilen işjeň gatnaşyklaryny ýola goýdy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan XX asyryň soňky on ýyllygynda Päkistanyň esasy hyzmatdaşyna öwrüldi. EKO döwletleriniň Yslamabat maslahatynda (1995 ý. marty) Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ilkinji gezek Türkmenistanyň bitaraplygy hakyndaky teklibi orta atypdy. Päkistan guramanyň beýleki agzalary bilen bilelikde Türkmenistanyň bu teklibini ikelläp goldady. Geljekde Türkmenistan Owganystanyň üsti bilen Päkistana özüniň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny satmagy göz öňünden tutýar. Päkistanyň täze ýolbaşçysy Perwez Müşerrefiň özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny Türkmenistana guramagy päkistan-türkmen dostlugynyň ýene bir nyşanydyr.