Mazmuna geçiň

Türkmenistan-Hytaý gatnaşyklary

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Türkmenistan-Hytaý gatnaşyklary.

1991-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Hytaý Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi. 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda iki döwletiň arasynda ilçileriň derejesinde diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Şol ýylyň 19-23-nji noýabrynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Hytaýa ilkinji resmi sapary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda täze sepgitleri açdy. 1994-nji ýylyň 20-22-nji aprelinde HHR-iň Döwlet geňeşiniň başlygy Li Peniň Türkmenistana resmi sapary boldy. 1998-nji ýylyň 30-njy awgustyndan 4-nji sentýabryna çenli aralykda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Hytaýa ikinji gezek resmi sapary boldy. Türkmenistanyň ýolbaşçysy Szýan Szemin bilen duşuşygynda Türkmenistanyň Hytaý ýaly beýik döwletiň tejribelerini öwrenýändigi barada: “Biziň “10 ýyl abadançylyk” geçiş maksatnamamyz siziň tejribeleriňiziň gös-göni täsiri esasynda döredi” diýip belledi.

Şu güne çenli Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda döwletara we hökümetara resminamalaryň 30-a golaýyna gol çekildi. Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy söwda-ykdysady, medeni we bilim ugurlarynda alnyp barylýar. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 50 mln. dollardan geçdi. Türkmenistanda Hytaýyň maýadarlarynyň gatnaşmagynda kärhanalaryň 10-sy gurulýar. Hytaý hünärmenleri Günbatar Türkmenistanda nebit ýataklaryny özleşdirmäge gatnaşýarlar. 2000-nji ýylyň 5-7-nji iýuly aralygynda HHR-iň döwlet başlygy Szýan Szeminiň Türkmenistana resmi sapary boldy.

Bilelikdäki türkmen-hytaý Jarnamasyndan bölek “Taraplar ähli ýurtlaryň öz syýasy, ykdysady ulgamyny we sosial gurluşyny kesgitlemäge, öz ýaşaýşyny üpjün edýän modeli saýlap almaga we öz ýurdunyň ýagdaýlaryna laýyklykda adam hukuklaryny goramaga haky bardyr. Islendik bahana bilen, şol sanda “Adam hukugynyň özygtyýarlylykdan artykmaçlygy” hakdaky tezisi we garaşsyz döwletleriň özygtyýarlylygyny dsgermezlik etmek üçin “ynsanperwer gatyşmak“ teoriýasyny peýdalanyp hem hiç bir ýurduň başga bir özygtyýarly ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmaga haky ýokdur diýip hasap edýärler”.

Saparmyrat Nyýazow. Türkmen milleti, türkmen döwleti we dünýä:Müňýyllyk we XXI asyr, döwürleriň we siwilizasiýalaryň gatnaşygy (BMG-niň “Müňýyllygyň Assambleýasy“ diýen maslahatynyň öň ýanyndaky oýlanmalar).-A., “Ruh“, 2000, 6-7 sah.