Mazmuna geçiň

Türkmen tamdyry

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mukaddes tamdyry ýasamak işi öz içine hiç bir halkyňka meňzemeýän birnäçe täsin däpleri alýar. Tamdyr salnanda öňi bilen onuň salynjak ýeri seçilip alnyp, sähetli günleriň birinde «Bismilla» bilen işe başlanýar. Fizika ylmynda «biomeýdan» diýen düşünje bar. Biomeýdan giden bir meýdanyň içindäki aýratyn bölek bolup ekerançylyk ýa-da gurluşyk işlerine ýarawsyz bolýar. Bu ýeri adam saglygy üçin hem zyýanly hasaplanýar. Ata-baba nesilden nesle geçip gelen tamdyry ýasamak däbinde türkmen zenany bu meseläni öz- özünden çözüpdir. Sähetli güni zenan tamdyryň hemişelik durjak ýeri diýip çak eden ýeriniň «duzuny» barlap görýär. Halkymyzyň mähriban enä deňeýän topragyndan üç çümmük alynyp dadylýar. Topragyň tagamy mukaddes tamdyry ýasaýan zenanyň göwnüne ýarasa, onda ol bu ýeri saýlap alýar. Has dogrusy kalplar birleşýär. Ruh Arşa göterilýär. Mukaddes tamdyr arassa toýundan ýasalýar. Arassa toýun owradylýar. Duz atylýar. Ýanan samanyň külkesi ýa-da halynyň garyndysy toýun bilen bilelikde suwa garylýar. Bu garyndy birnäçe gün saklanylýar. Oňa «palçygyň demini bermek» diýilýär. Demini alan palçyk ýugrumy ýeten hamyra meňzeýär. Palçyga göwni ýeten zenan işe başlaýar. Türkmeniň mukaddes tamdyry hiç hili çyzgysyz, ölçegsiz diňe zenanyň göz öňüne getirişi boýunça ýasalýar. Ol zenandan aýratyn ukyby talap edýär. Körük tamdyr üçin uly ähmiýete eýe. Şol sebäpden täze tamdyryň topragyny ýagny düýbüni esaslandyranda zenan onuň ýerini göz çeni bilen goýýar. Sözleýişde: «Belanyň körügi» ýa-da «Öýümiň körügi» diýen ýaly meňzetmeler giňden ulanylýar. Getirilen meňzetmeler hem körügiň tamdyr üçin nä derejede wajypdygyny açyk-aýdyň edýär. Körük tamdyryň içinde ýanýan oduň şemal çekmegini we soňra onuň içindäki küli aýyrmakda peýdalanylýar. «Öýümiň körügi» diýip ýaşy birçene baryp, bala-çagasyna öwüt-ündew berýän garry enä ýüzlenilýär. Çünki, ol öýüň ýaraşygy kimin hemmäniň söýgüsini gazanýar. Tamdyr bir günde ýasalmaýar. Palçyga ýanan samanyň külkesi we halynyň gyryndysynyň garylmagynyň sebäbi bu dürüşdeler tamdyryň uzak wagtlap durmagyny üpjün edýärler. Ýanan samanyň külkesi we halynyň gyryndysy palçygy berk saklaýar. Tamdyr ýagyş, gar ýaganda hem dargaman öz durkuny saklaýar. Topragyň tagamyny duýan, palçyga göwni ýeten zenan kem-kemden tamdyryň durkuny ýokaryk galdyryp ugraýar. Bu işde zenanyň üçünji ukyby öz-özünden açylýar. Zenan tamdyryň körük ýerini açyp goýýar. Kem-kemden ýokaryk galýan täze tamdyr zenanyň yhlasy netijesinde taýýar bolýar. Zenan körügiň üstünden goçuň şahynyň şekilini goýýar. Bu adat hökmünde mukaddes tamdyra bolan mukaddes söýgüni aňladýar, hem-de goçuň şahynyň göz-dil belasyndan goraýandygyna bolan ynanç türkmeniň süňňüne siňendir. Tamdyr taýýar bolandan soňra, onuň içine az-owlak goýun çörini atyp otlaýarlar. Bu iş birinjiden täze ýasalan tamdyryň «süňňüni gyzdyrmak» bolsa, ikinjiden çörek ýapyljak ýerleriniň ýylmanmagyna ýardam berýär. Ot haýal ýakylmaly. Häli-şindi dörjelenmeýär. Ol haýallyk bilen tamdyryň bütin durkuna ody ýetirmelidir. Tamdyryň çörek bişirmäge taýýardygyna gözi ýeten zenan hamyr ýugurmanyň ugruna çykýar. Täze tamdyrda çörek bişiren zenan buýsançly görünýär. Gadymy däbe eýerip, ol täze tamdyrda bişiren çöreklerinden goňşy-golama paýlaýar. Halk arasynda türkmeniň mukaddesligi tamdyr barada birnäçe yrymlar bar. Bu yrymlar päkligi, ýagşy niýeti ündew edýärler. Mysal üçin, ýaňy durmuşa çykyp gelen ýaş gelin ilkinji gezek tamdyra çörek ýapanda oňa döwletli, ýaşy birçene baran aýal ýardam berse, gelin soňra döwletli aýala öwrülýär. Tamdyr - öwülýä. Onuň daşyndan çarşenbe we anna günleri daň bilen üç gezek aýlansaň janyň sag, işiň rowaç bolýar. Tamdyra çörek ýapylyp durka gözüňi aýyrman seretseň, çörekler oňat bişmeýär. Gün ýaşyp, aýak ýygnanandan soňra tamdyryň ýanynda gezmek, onuň daş-töweregine suw dökmek günä hasaplanýar. Tamdyra ot goýberilende hem islän zadyňy odunlyk edinmek bolmaýar. Arassa odunda bişen çöregiň tagamy agzyňdan gitmeýär. Tamdyryň içerki diwarlary hem öz durkuny ýitirmeýär. Her ýylda bir gezek tamdyry täzeden suwamak parz iş hasaplanýar. Türkmeniň tamdyry milli mukaddeslik hökmünde biziň şu günlerimize gelip ýetdi. Bäş müň ýyllyk taryhynda ak bugdaýyň Watany adyny alan mähriban topragymyzda öndürilýän bugdaýdan taýýarlanýan türkmen çöregi—mukaddes çörek goja Zeminde ýaşaýan kalby päk ynsanlary-da özüne çekýär.

  • "Diýar" žurnaly. Aşgabat. 2006ý. №8. S.38-39.