Türkmen tahýasy
Türkmen tahýasy - medeni gymmatlyklarymyzyň biridir. Ol milli başgaplaryň arasynda çeperçilik taýdan gaýtalanmajak kämil bezelişi bilen tapawutlanýar. Ynsan başynyň täjine deňelýän tahýanyň täsin nagyşlarynyň mazmunyna kalbyň iň päk arzuw-hyýallary, maksat-myrady, gadymy ynançlar, paýhas-parasatly ruhy ýörelgeler siňdirilipdir. Türkmen tahýasynda ene topragyň ýylysy, zenan kalbynyň mähri, gözel tebigatyň ajaýyplyklary jemlenendir. Başgabyň çeper bezelişiniň pelsepe dünýäsine içgin aralaşaňda, bir zada magat göz ýetirýärsiň. Tahýanyň mazmun pelsepesiniň ýumagyny çözläp başlaňda, nazaryň, owalbaşda, ynsan ýaşaýşynyň ilkinji şertleri: topragyň, suwuň, ösümlikleriň keşbini janlandyrýan gadymy nagyşlarda eglenýär. Mälim bolşy ýaly, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän arheologik ýadygärliklerden tapylýan küýze önümleriniň ýüzüne haşamlanan damjanyň, tolkunyň, akar suwuň, agajyň, baldagyň, ýapragyň, gülüň, gozanyň keşbini suratlandyrýan nagyşlar özüniň döreýiş gözbaşyny mundan ýedi-sekiz müň ýyl ozalky eýýamlaryň jümmüşine alyp gidýär. Munuň şeýledigini, Jeýtun medeniýetine degişli ýadygärliklerden tapylan gymmatlyklar doly subut edýär. Hut şol döwürde ýaşan gadymy pederlerimiziň ynanjyna görä, damjanyň, tolkunyň, suwuň nagyşlardaky keşbi bereket-rysgal, hasyl bolçulygyny döredýärmiş. Ösümligiň, baldagyň, ýapragyň, gülüň, gozanyň keşbini janlandyrýan nagyşlar bolsa ynsana ýaşaýyş, uzak ömür, dowamat, bagtyýarlyk eçilýärmiş. Mysal üçin, ýigitleriň ak gaýma tahýasyndaky «süňşük» nagşy damjanyň şekilindäki nokatlardan düzülýär. Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda gyz tahýalarynda giňden ýaýran «egrem» ýa-da «egremli algam» nagşy suwuň, tolkunyň çeper şekilidir. Tagtabazar etrabynda ýaýran çaga sümmenlerinde «daragt» nagşy meşhurdyr. Biri-birine sepleşip gidýän «kelleli pudak», «tumarly pudak», «pür pudak» ýaly nagyşlar hem ýaşaýşyň, ömür dowamatynyň nyşany hasaplanypdyr. Erik güli, bägüliň şekili (pytta nagşy) bakylyk, janly tebigatyň gözelligi ýaly ajaýyp durmuş, nesil dowamaty ýaly röwşen maksat-myratlaryň beýanydyr. Ýeri gelende aýtsak, ene-mamalarymyz bägül nagşynyň jadyly güýjüniň bardygyna ynanypdyr. Şoňa görä hem bu nagyş köp çaga arzuwlanýan maşgalalarda sümmen tahýasynyň depesine haşamlanyp, doga-tumar hökmünde arzylanyp gelnipdir. Gündogar Türkmenistanda çaga tahýalarynyň «bägül keşde» nagşy häzirki günlerde hem giňden meşhurdyr. Keremli türkmen topragy dürli röwüşli güllere beslenendir. Baharyň ajaýyp gülzarlygynyň täsin gözelligi türkmen tahýasynda ömürlik orun tutupdyr. Pederlerimiziň ruhy dünýäsinde gül abadanlygyň, söýginiň, mukaddesligiň nyşany hökmünde ykrar edilipdir. Dürli ölçegdäki we görnüşlerdäki gülleriň çeper keşbi çaga we gyz tahýalarynda giňden ýaýrandyr. Mysal üçin, Ahal we Mary welaýatlarynda gyzlaryň gültahýasynyň merkezi nagşy «gülýaýdydyr». Gülýaýdy nagşynda gülüň täsin keşbini emele getirýän uşak keşdeler dörtburçlugyň içindäki uly bolmadyk pişme görnüşli şekillerden ybaratdyr. Ýeri gelende aýtsak, gülýaýdy nagşy toý dessurlarynda ulanylýan el işleriniň köpüsine haşamlanýar. Meselem, durmuşa çykýan gyz üçin ýörite dokalýan haly, kilim önümlerine gülýaýdy bagtyň şärigi, köpelgiçligiň nyşany hökmünde haşamlanýar. Bu nagşa Gündogar Türkmenistanda «pürzaýa» diýilýär. Mundan başga-da gülýaýdy aýatlyk hala, çaga sallançagynyň düşegine haşamlanýar. Gadymy nagyşlaryň ýene bir görnüşi, bugdaý sümmülini ýadyňa salýar. Ol hasyllylygyň, rysgal-berekediň, halallygyň nyşany hökmünde tahýanyň gözel zynatynda aýratyn orun alypdyr. Gündogar Türkmenistanda erkek kişileriň gadymy tahýalaryna bugdaý dessesiniň keşbini çeper wasp edýän «bugdaý bogumy», «bugdaý» nagşy haşamlanypdyr. Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň käbir obalarynda sümmüliň keşbi gyz tahýalaryna ak reňkli sapak bilen haşamlanyp, ol «arpajyk» ady bilen meşhurdyr. Tahýa nagyşlarynyň arasynda «alaja», «üçburçluk», «sekizburçluk», «pişme», «hamtoz», «gyzyl aýlaw», «dadran», «goçbuýnuz» ýaly doga-tumar hasaplanylýan nagyşlar hem giňden ýaýrandyr. Bu nagyşlaryň mazmunyna gadymy pederlerimiziň ynanç-ygtykadyna görä, ynsany bela-beterden goraýan güýç çaýylypdyr. Tahýa berkidilýän gözmonjugyň, düwmejikleriň, gaňrowyň, dagdan agajynyň bir bölejiginiň, igdäniň şäniginiň, üçburçluk görnüşinde eplenen matadan tikilýän dogajygyň pelsepe mazmuny hem hut şu gadymy ynanç bilen baglydyr. Şu maglumatlaryň tassyklaýşy ýaly, durky bilen gözellige, ylahy syrlara beslenen türkmen tahýasyna haşamlanýan her bir nagşyň täsin pelsepe dünýäsi - çuňňur many-mazmuny bar. Şoňa görä, bu nagyşlar çeper el sungatynyň ähli görnüşlerinde, şeýle hem binagärlik we zergärçilik önümlerinde giňden ýaýrandyr. Mahlasy, tahýa nagyşlaryna oguz taglymaty, sada halk parasaty müdimi nyşan, bagtyýarlygyň ajaýyp owazy, soňlanmajak dessany bolup ýazylypdyr.
Edebiyat
[düzet | çeşmäni düzet]- "Medeniyet" žurnaly. 2014ý. №5. Aşgabat. S.74-75.