Türkmen halkynyň kemala gelmegi
Mowzuk: Türkmen halkynyň kemala gelmegi.
Meýilnama
1. Türkmen halkynyň gelip çykyşy baradaky meseläniň Ruhnamada beýany.
2. Türkmenleriň gadymy ata-babalary.
3. Horosanlylar, alanlar, oguzlar.
4. Seljuk basypalyşlary. Türkmen halkyýetiniň kemala gelip başlamagy.
Edebiýatlar
1. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. Aşg. 2001
2. A. Dgijiýew. Очерки происхождения и проромирования туркменского народа в эпоху средневсковая. Ашх. 1991.
3. А. Росляков. Происхождение туркменского народа. Ашх 1962.
4. Abulgazy Bahadyr han. Türkmenleriň nesil daragty. Metbugat – 1991
5. Türkmenistanyň taryhy I –nji kitap Aşgabat – 1994.
6. M. Annanepesow. S. Atagarryýew Türkmenistanyň taryhyndan materiallar I – tom. Aşgabat 1995
7. A. Karryýew, B.T. Moşkowa, A.N. Noçonow, A.Ýu Ýakubowskiý. Очерки из истории Туркменского народа и Туркменистана в VIII- XIX вв. Ашх 1954
8. Türkmen halkynyň gelip çykyşynyň, dünýä ýaýraýşynyň we onuň döwrüniň taryhynyň problemelary. Aşgabat – 1993
Taryhdan bilişimiz ýaly Türkmenistanyň häzirki territoriýasynda iň gadymy döwürlerden bäri Kaspi deňziniň kenarlarynda, Amyderýanyň aşak akymlarynda, Uzboýyň ugrunda gadymy balykçylar, daglarda we çöllerde bolsa ilkidurmuş awçylary ýaşapdyrlar. Mundan 8-9 müň ýyl öň Türkmenistanyň iň gadymy ýaşaýjylarynyň bir bölegi ekerançylyk bilen meşgullanyp başlapdyrlar. Beýleki bir bölegi bolsa mundan 4 müň ýyl öň awçylyk durmuşyndan maldarçylyga geçipdirler. Mallaryň sanynyň barha artyp başlamagy bilen ol taýpalar täze öri meýdanlary gözläp göçüp-gönüp ýaşap başlapdyrlar. Ilatyň sanynyň artmagy bilen baglanşykly mundan 3-3,5 müň ýyl ozal çarwalaryň uly bölegi Günorta Türkmenistan, Eýran hat-da Hindistan ýerlerine aralaşyp başlapdyrlar. Şeýlelik bilen demirgazykdaky çarwa taýpalar bilen Günorta Türkmenistandaky oturymly ekerançylyk bilen meşgullanýan ilatyň garyşmak prosesi kem-kemden bolup geçipdir. Ol taýpalary gadymy pars, grek, Hytaý, Wizantiýa ýazuw çeşmelerinde massagetler, parfiýalylar (parlar, parnlar), alanlar, skifler, eftalylar, ýueýjiler (toharlar), saklar, girkaniýalylar, kaspililer, tapurlar we ş.m diýip atlandyrypdyrlar. Kähalatlarda gadymy ata-babalarymyza “Sak-massagetler”, ýa-da dag-sak-massaget taýpalary diýip atlandyrypdyrlar. Bu taýpalar taryhyň uzak dowamynda watanymyzda ornaşypdyrlar. Ahalda, Etrekde, Tejen derýasynyň aşak akymlarynda, demirgazyk gündogar Eýranda parfiýalylar ýaşapdyrlar. Parfýan halkyýeti bu ýerde öňden ýaşaýan ýerli ilat bilen demirgazykdan göçüp gelen sähraly çarwalaryň gatyşmagy netijesinde emele gelipdir.
Murgap jülgesinde bu döwürde başga bir halkyýet-margianynalylar ýaşapdyrlar olar esasan ekerançylyk bilen meşgullanpdyrlar. Mundan başgada ilatyň bir bölegi çarwaçylyk, ýene-de bir bölegi senetçilik bilen meşgullanypdyrlar.
Amyderýanyň aşak akymynda üçünji bir halkyýet döräp, olara horezmler diýip at beripdirler.
Parfiýalylar Murgaplylar we Horezmliler Eýran diller maşgalasyna girýän dillerde gepläpdirler.
Sähra taýpalary bolan dahlar, massagetler, sarmatlar özleriniň hojalygy, ýaşaýyş obrazy we durmuşy boýunça bir-birlerine has ýakyn bolupdyrlar. Alymlaryň uly bölegi bu taýpalary türkmenleriň ata-babalary hasaplarlar. Ýokardaky agzalan taýpalaryň ählisi ýewroit jynsyna degişli bolupdyrlar. Olar birek-biregi bilen ykdysady we syýasy durmuşda baglanşykly bolupdyrlar. Horezmliler massaget taýpalaryndan, parfiýalylar we margiýanylylar bolsa demirgazykda sähraly taýpalaryň nesillerinden bolup, dahlara, massagetlere w Sarmatlara ýakyn bolupdyrlar. Parfiýalylaryň, horezmlileriň we margiýanlylaryň nesilleri hem birneme gijiräk türkmen halkynyň düzümine giripdirler.
Gadymy ilatdan soňky asyrlarda haýsy türkmen tireleriniň emele gelendigi barada maglumatlar az. Berk asyryň belli alymy Mahmyt Kaşgary halaç tiresiniň gözbaşyny eftalitlerden alyp gaýdýandygyny belleýär. Ol tutuş türkmeniň aslyny halaçlylar bilen baglanyşdyrýar. Eftalylar türkmenleriň abdal tiresiniň ata-babasy hem hasaplanýar. Orta asyrlar döwründe abdallar türkmenleriň özbaşdak tiresine öwrülipdirler. Abdal tire bölümleri başgyrtlaryň, özbekleriň, gazaklaryň düzüminde-de bar.
S.P.Tolstow massagetleriň augassi tiresini oguzlaryň ata-babasy, VIII-X asyrlarda Syrderýanyň aýaklarynda ýaşan oguzlary-da alanlaryň ( san- skirlaryň bir şahasy) nesilleri hasaplaýar. Bu regionda alanlardan öň gadymy sak massaget taýpalary ýaşap olar Eýran diller toparyna girýän dillerde gepläpdirler.
A.A.Poslýakow taryhy etnologik materiallara esaslanyp, tekeleriň dak neslinden, ýomutlaryň bolsa sarmat neslinden kemala gelendigini tassyklaýar. Umuman, Türkmenistanyň gadymy ilaty hasaplanýan taýpalar umumy territoriýada ýaşan, dil, medeniýet we gelip çykyşy boýunça bir-birine ýakyn tire birleşmeleridir. Türkmenleriň, halkyýetleriň düzümine dürli dilde gepleýän tirelere hem goşulypdyr. Beýle ýagdaý her bir halkyň kemala gelmeginde bolup geçýän taryhy hadysadyr.
Alymlaryň bir topary türkmen halkynyň kemala gelmeginde Alynky Aziýadan göçüp gelen halklaryň ilkinji nobatda arileriň esasy rol oýnandygyny belleýär. Göçüp gelen we göçüp giden taýpalaryň, halkyýetleriň belli bir böleginiň watanymyzda galyp, ýerli ilatyň düzümine goşulandygy dogry. Ýöne bu ýagdaý ýerli halkyň bütin durkuny düýpli üýtgedip, onuň köklerini ýok edip bilen däldir. Şoňa göräde türkmenleriň kemala gelmegini haýsyda bolsa bir ýurtdan gelen az sanly taýpalary kesgitländir diýip bolmaz.
Ariler barada ilkinji maglumatlar b.e öňki VI asyryň soňky çärýeginde ýazylan Bisutin ýazgylarynda berilýär. Ariýa ýurdy ýagny ariýleriň ýaşan ýerleri Türkmenistanyň çäkleri bilen hem goşulyşýar. Orta asyr çeşmeleriniň maglumatlaryna görä “Ariýa ýurdy” Parfiýa bilen Margiýananyň aralygyndaky ýerler bolupdyr. Onuň merkezi häzirki Sarahs etrabynyň çäklerinde bolupdyr. gadymy türkmenleriň taryhy barada köp iş bitiren rus alymy L.N. Gumilew VII-VIII asyrlarynda Syrderýya bilen Amyderýanyň aýaklarynda türkleşen arileriň ýaşandygyny belleýär. Onuň pikiriçe türkleşen ariler parfiýanlaryň-türkmenleriň ýa-da guzlaryň kowumdaşlary bolupdyrlar. Şu we beýleki köpsanly maglumatlara daýansak ariýler türkmen halkynyň kemala gelmegine belli bir derejede gatnaşandygy hakykatdyr.
Ýurdumyzyň territoriýasynda mundan müňýyllyklar öň ýaşap ilaty türkmenler diýip atlandyrmak bolmaz. Olar biziň gadymy ata-babalarymyzyň diňe bir köküdir, ol halklar beýleki halklaryň kemala gelmegine hem öz goşandyny goşandyrlar. Şu sebäplere göräde soňky müň ýyllyklarda, esasan hem b.e.V asyrynda çenli ülkämiziň ýerlerinde ýaşan adamlardan Türkmenistanyň gadymy ýaşaýjylary, türkmen halkynyň ata-babalarynyň, onuň düzüminiň bir bölegi diýip hasap etsek dogry bolar. Olar birneme soňraky döwürde türkmen halkynyň kemala gelmeginiň hamyrmaýasyny goýupdyr.
Türkmen halkynyň kemala gelmeginde türki taýpalar ilkinji nobatda gunlar hem uly rol oýnapdyrlar. Olaryň ilkinji ýaşan ýerleri gadym dünýä taryhyndan belli bolşy ýaly hytaý, mongoliýa sebitleri bolupdyr. Gunlaryň döwletiniň gülläp ösen döwri b.e.öň III asyryň ahyrlary we b.e.öň II asyryň başlarydyr. Gunlaryň hany Oguzhan (b.e.öň 209-174 ýý) bolupdyr. Gunlar Mongoliýadan Hindistana we Kaspi deňzine çenli ägirt uly territoriýany özüne tabyn edipdir. Oguz hany Hytaýda Maodun diýip atlandyrypdyrlar. Belli Gündogary öwreniji A. N Bernştamyň bellemegine görä gun urugyndan Hoýan diýen bir adam patyşa saýlanypdyr. Bu sözüň mongola manysy “öküz” diýmekdir. Şeýlelikde, oguz sözi “öküz” diýen manyny aňladypdyr.
Gunnlaryň taryhynda, däp-dessurynda türkmenleriň jemgyýeti dolandyryşyna, medeniýetine şaý-seplerine meňzeşlikler köp. Şeýlelikde, türkmen halkynyň etniki düzüminde gunnlaryň uly orny eşger durler.
Alymlaryň bir topary oguzlaryň ata-babalary öň Türkmenistanyň çäklerinde ýaşap, Altyndepe zamanyndan soň, Altaýa sary göçüp gidipdirler. Bu proses b.e.öňki I müň ýyllygyň ortalarynda güýçlenipdir. Şolaryň arasynda soňra “Gunlar, hunlar, oguzlar” adyny alan tirelerde bolupdyr. Olar häzirki Mongoliýa, Altaý, kähalatlarda Hytaý sebitlererine çenli baryp ýetip, şol ýerde mekan tutupdyrlar diýen pikiri öňe sürýärler. Ýöne biz bu pikri bilen aňyrsynda ýeterlik delilleriň ýatmazlygy sebäpli doly ylalaşyp bilmeýäris.
Biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda Türkmenistanyň territoriýasynda emele gelen Parfiýa döwletiniň düzümine giren halklar hem türkmen halkynyň kemala gelmeginde belli bir orun tutýar. Sebäbi Horosanlylaryň parfiýalylaryň we margiýanlylaryň bir bölegi gadym zamanlarda Türkmenistanyň demirgazyk çöllüginde ýaşan çarwa taýpalary bolan dahlaryň, massagetleriň we sarmatlaryň ata-babalary bolupdyrlar. Bir topar taryhçylar türkmenleriň mürçe taýpasynyň gadymy parfiýalylar bilen etniki baglanyşygy bar eken pikre uýýarlar. Emma biziň pikirimize görä, parfiýalylaryň diňe bir mürçeliler bilen etniki baglanyşygy bolman, eýsem olaryň tutuş Günorta Türkmenistanyň ilaty bilen etniki baglanşygy bar. Bu mesele boýunça akademik A.A. Roslýakowyň “Horosan oblastrynyň ilaty parfiýalylaryň, margiýanlylaryň hat-da dahlaryň nesilleri” diýen pikri taryhy hakykata has ýakyn görünýär. Alymyň ýokardaky agzalan taýpalar IV-V asyrlarda başlap “Horosanlylar” diýen umumy at bilen atlandyrylypdyr, özlerinde ýewropeýid jynsyna degişli bolup, pars, täjik dillerine ýakyn eýran dillerinde gepläpdirler diýip gelýän netijeside gaty ynandyryjylykly.
Türkmenleriň etnogenezinde eftalitler ady bilen belli bolan türki dilli taýpalar hem möhüm yz galdyrypdyrlar. Entek alymlaryň arasynda eftalitleriň düzümi, dili barada gutarnykly pikriň bolmazlygyna garamazdan, olaryň düzüminde dahlaryň, massagetleriň, hionitleriň, gunnlaryň bolandygyny ylym subut edýär. Hat-da käbir ýazuw çeşmeleri olary “Ak gunnlar” diýip hem atlandyrýarlar. Türkmen urug-taýpalarynyň toparlanşyklaryndan bäri bolan “abdallar” Eftalitleriň nesillerinden hasaplanýar. Olaryň ýas däplerinde sarmatlaryňka, gunnlaryňka meňzeşlikler bar. V-VI asyrlarda Horosan we Dehistan eftalitleriň esasy ýaşan ýerleri bolupdyr.
VI asyryň 60-njy ýyllarynda türki kowumlaryň uran zarbasy esasynda eftalitler döwleti ýaşamagyny bes edipdir. Olaryň özleri bolsa türki halklar bilen goşulyşyp gidipdirler.
VI asyrda Altaýyň, Gazagystanyň we Merkezi Aziýanyň çarwa taýpalarynyň birleşmegi netijesinde türk kaganlygy döreýär. VI-VIII asyrlarda kaganlygyň düzümine giren taýpalaryň özara gatnaşyklary netijesinde, olaryň bir-birlerine ýakyn bolan gepleşik dillerinden hemmesi üçin bir umumy “türki” dili döräpdir.
B.e.1 müňýyllygynda Horosanda we Dehistanda köp sanly taýpalar, şol sanda bir-birlerine has ýakyn kowumdaş türki taýpalar ýaşapdyrlar. Kaspi deňziniň gündogar kenaryna aralaşan türki taýpalar bolsa kem-kemden has günbatara – Wizantiýa aralaşypdyr.
Türkmenistanyň territoriýasynda türki däl taýplaryň türkleşmek döwri IX asyrdan irräk, ýagny bu ýerlere oguzlar aralaşmanka başlanypdyr. Bu proses oguzlaryň IX-X asyrlarda köpçülikleýin gelmeklikleri bilen has güýçlenipdir. Taýpalaryň birnäçesi oguzlara gatyşmak bilen dillerini ýitiripdirler we türkmenlere bütinleý gatyşyp gidipdirler.
VIII-XIII asyrlarda Merkezi Aziýada şol sanda Türkmenistanyň häzirki territoriýasynda köp sanly çarwa taýpalaryň etnosyýasy birleşikleri bolup geçýär. Türk kaganlygyna, aram halyfatlygyna, seljuklar imperiýasyna, Horezm şalar döwletiniň tabynlygyna giren ýurtlarda we ýerlerde ýaşaýan halklaryň özara ýakynlaşmaklygy olaryň etniki düzüminde, dilinde we medeniýetinde belli bir umumylygy döredipdir.
Türk kaganlygynyň dargamagy bilen baglanyşykly onuň düzümine giren oguzlar VII asyrda Semireçýe tarapdan Syrderýanyň aşak akymlaryna göçüp gelip, ýerli massaget – alan-gunn taýpalary bilen goşulypdyrlar. Ýerli taýpalaryň birnäçeleri bolsa türkleşip, ownuk tireler hökmünde oguzlaryň düzümine giripdirler. Eýýäm VIII asyrda oguz taýpalarynyň has güýçleniş uly birleşmä öwrülen döwründe, oguz ülkesinde ýaşaýan türki dilli taýpalaryň esasy bölegi goşulşypdyrlar. Oguz iliniň tireleri “dokuz oguz, ýedi oguz, üç oguz, gara oguz, göç oguz, uç oguz we daş oguz” diýilip atlandyrylypdyr. Birnäçe wagtdan soň olaryň birnäçesi oguz birleşmesinden bölünip aýrylypdyr we beýleki türki dilli halklaryň kemala gelmegine gatnaşypdyr.
Ähli türki taýplaryň arasynda türkmen halkynyň kemala gelmeginde esasy orny oguzlar oýnapdyrlar. Olar Orta Aziýanyň çäklerinde b.e.öň VI-VIII asyrlarynda peýda bolupdyrlar. Oguz taýpalary kem-kemden Orta Aziýa sähralarynyň hem-de Gazagystanyň köp ýerlerine ýaýran, ýerli ýew jynsyna degişli ( alonlary, aslary we beýlekileri özüne tabyn edipdiler, olar bilen goşulşypdyrlar. Şeýlelik bilen Orta Aziýa sähralarynda türki diller sistemasy giň ýaýran, gadymy Eýran dillerine ýakyn dillerde gepleýän ýerli maldarçylyk taýpalaryny gysyp çykarypdyrlar.
Oguzlary b.e. başlarynda dürliçe atlandyrypdyrlar. Hytaýlylar “gäsler”, araplar “Guzlar” diýip atlandyrypdyrlar. Oguzlaryň irki taryhy barada dürli maglumatlar bar. Oguzlaryň nesilbaşysy Oguzhan bolupdyr.
Rowaýatlara görä Oguzhan mundan 5-5,5 müň ýyl öň ýaşapdyr. Beýleki bir maglumatlara görä, ol Muhammet pygamberiň döwürdeşi bolupdyr. Oguzhanyň 6 ogly (Günhan, Aýhan, Ýyldyzhan, Gökhan, Deňizhan, Dagdan) bolup, olaryň her haýsyndan 4 perzent, jemi 24 aýy 24 tiresiniň nesilbaşysy hasaplanýar.
Orhon oguz ýazuw çeşmelerinde VI asyrda oguzlaryň Merkezi Aziýada, Altaý daglarynyň ýaýlalarynda, Orhon derýasynyň jülgelerinde taýpa birleşmesini döredenleri barada maglumatlar bar.
Oguzlar Syrderýanyň aşak akymlaryna göçüp gelenlerinden soň VIII asyryň ahyrlarynda güýçli birleşmä öwrülipdirler. Oguz birleşmesiniň kemala gelen döwründe onuň düzüminde salyr, baýat, kaýy, içwür, balkdar, dekdeli garkyn we beýlekiler bolupdyr.
IX asyrda oguzlar uly güýje öwrülip Syrderýanyň Aral deňzine guýýan ýerinden Balkan daglaryna çenli aralykda güýçli döwlet döredipdirler. Taryhy edebiýatlarda IX-XI asyrlar oguzlaryň asyrlaryna öwrülipdir. Bu döwürde oguzlar ýene-de bir topar halklary türkileşdiripdirler. Ýöne IX asyrda oguzlarda entek umumy bir gepleşik dili bolmandyr. Eýýäm X asyrdan başlap türki dil oguz diliniň esasy diline öwrülipdir. Diýmek X asyrda oguzlar öz ilindäki beýleki halklary türkileşdiripdirler.
IX asyrda oguz birleşmesinde üç topar: Salyr-gynak, ýazyr we gaýy-baýat döreýär. Salyr-gynyk birleşmesine eýmirler, gaýy-baýat birleşmesine bolsa baýakdyrlar, gypjaklar giripdirler. Amyderýanyň düzüminde bolsa alanlar kumlar, oguzlar giripdirler. IX asyrda Salyr-gynyk birleşmesi Günorta Gündogar Gazagystanda, Syrderýanyň jülgelerinde gaýy-baýatlar Merkezi Gazagystanda ýazyrlar bolsa Kaspiniň Gündogar kenarynda uly Balkanda , Jänekde, Maňňyşlakda we Ustýurtda ýerleşipdirler.
Gadymy oguz tireleriň esasy bölegi Seljuk basypalyşlary döwründe, şol basypalyşlara bilen baglanyşykly Zakawkazýe, ýakyn Gündogara, Owganystana, Hindistana, göçüp gidipdirler. Olaryň käbirleri soňky asyrlarda-da özbaşdak tire höküminde saklanyp galsa, bellenen birleri bolsa türkmen taýpalarynyň düzümine ownuk tireler hökmünde goşulyp gidipdirler. X asyrdan başlap “oguz” we “türkmen” sözlügi bilelikde ulanylyp başlapdyr. Ýöne “Oguzlar türkmenlerdir” diýen pikire sözüň doly manysynda uýmak nädogry bolar. Sebäbi türkmen halkynyň kemala gelmeginde oguzlara degişli bolmadyk tireleriň we taýpalaryň uly orun tutýandygyny bellemek gerek. Ýöne şol bir wagtda oguzlaryň türkmen halkynyň düzüminde möhüm goşuljy bolup durýandygyny bellemek zerur. Şu sebäbe görä-de türkmen halky oguz we oguz däl taýpalaryň, tireleriň gatyşmagynda döräpdir. IX asyrda oguzlar Syrderýanyň töwereklerindäki sähralarda, Aralyň günortalarynda, Kaspiniň demirgazyk ýakalarynda ýaşaýan gypjak, fin-ugor taýpalary bilen duşmançylykly ýagdaýda ýaşapdyrlar. Bularyň arasyndaky bäsdeşlik XI asyrda hem dowam edipdir. XI asyryň ortalarynda oguzlar gypjaklardan ýeňilipdirler. Şondan soňra olaryň bir topary Günorta Ukraina, Balkan ýarym adasyna, Horezm, Mawerennahr ýerlerine, Horosana göçüpdirler. XI asyryň ikinji çärýeginden başlap XIII asyryň başlaryna çenli oguzlar dürli taryhy sebäpler bilen baglanyşykly Türkmenistanyň çäklerine göçüp gelmeklerini dowam etdiripdirler.
Käbir taryhçy alymlar türkmen tire birleşmesi eýýäm VI-VII asyrlarda özbaşdak etnos bolupdyr. Onuň düzümine türkmen, teke, ýomut we birnäçe tireler giripdir diýen pikire uýýarlar. Biz bu pikir bilen hem çeşmeleriň bu pikri doly tassyklamakdygyny göz öňünde tutup ylalaşmarys. VIII asyr Hytaý ekspedisiýasynda we Orhon –oguz ýazgylarynda “türkmen” adalgasy ýatlanýar. Türkmen tire birleşmesi gelip çykyşy boýunça oguzlara ýakyn. Olar bilen garyndaş bolupdyr. oguz birleşmesiniň gowşap başlan halatlarynda türkmen tire birleşmesi güýçlenipdir. Şondan soň oguzlaryň, seljuklaryň tire birleşmesine goşulan ähli tire-taýpalara “türkmenler” diýipdirler. Türkmen halkynyň kemala gelen döwründe Türkmenistanyň çäklerinde başgada birnäçe türki dilli taýpalar ýaşapdyrlar. Olar hem soňky döwürde türkmen halkynyň düzümine goşulyp gidipdirler.
Türkmenistanyň gadymy ilaty hasaplanýan halklaryň, tireleriň antropologik (jyns) görnüşi ýewropapisint (ýewropeoid) jynsynyň hindi Orta ýer deňiz şahasynyň Kaspiý wariantyna degişlidir. Olar süýri kelle bolupdyrlar. Antropologlaryň kesgitlemegine görä süýri kelle tipli adamlar Türkmenistanyň çäklerinde indi birnäçe müň ýyllykdan bäri ýaşap gelýär. Umuman antropolog we taryhçy alymlaryň pikirlerine görä süýri kelle tip emeli döredilen ýa-da ýurdumyzyň ýerlerine başga ýerlerden göçüp gelen taýpalaryň getiren fizologik alamatlary däldir. Ol Türkmenistanda kemala gelen ýerli, tebygy antropologik keşpdir.
Türkmen halky kemala gelende, oňa Türkmenistanyň gadymy ilatyndan ata –babalarymyzyň esasy kökünden köp däp-dessurlar, maddy we ruhy medeniýetiň miraslary geçipdir. Türkmen gelin-gyzlarynyň söýgüli gyzyl reňki, şaý-sepleri, döreden ajaýyp halylary öz gözbaşyny ata-babalarymyzyň durmuşynyň jümmüşinden alyp gaýdýar. Gadymy döwre degişli gap-çanaklaryň ýüzündäki nagyşlaryň köpüsi häzirki döwürde türkmen halkynyň milli sungatyna öwrülipdir. Häzirki türkmen donunyň, sakgal-murtunyň formasy, telpegi gadymy ata-babalarymyzdan miras galypdyr. Ylmy barlaglar we tapyndylar Orhon – oguz ýazgylaryna meňzeş hatlaryň häzirki Türkmenistanyň ýerlerinde VI-VII asyrlardan peýda bolandygyna güwä geçýär. Umuman, ýurdumyzyň gadymy ilaty hasaplanan tireleriň, taýpalaryň birnäçe soňrak kemala gelen türkmen halkyna goýan maddy we ruhy mirasy sanardan kändir.
Oguzlaryň uly toparlanşygynyň Türkmenistanyň çäklerine aralaşmagy, güýçli Seljuk döwletiniň emele gelmegi hem-de giň möçberdäki seljuk basypalyşlary bilen baglanşykly Orta Aziýadaky oguzlaryň we beýleki käbir sähraly taýpalaryň seljuklaryň töweregine jemleşmegine getirýär. Eýýäm şol taýplaryň ählisine türkmenler diýip at beripdirler. Şu döwürden başlap seljuklar biýen at bilen diňe Seljugyň hakyky nesillerini Soltan urugyny atlandyrypdyrlar. Oguzlar ady bolsa türkmen halkynyň düzümine giren beýleki taýplaryň atlary ýaly ýuwaş-ýuwaşdan ýatdan çykyp başlar. Türkmen halkyýetiniň döremekligi şeýleräk ýol bilen gidip, onuň düzümine oguz döwleti dargandan soň Orta Aziýanyň çäklerinde galan Oguzlar hem-de halaçlylar, garlyklar we ş.m girýär. Seljuklaryň seljuklaryň basyp alyjylykly uruşlary döwründe türkmenleriň köp sanlysy basylyp alynan ýerlere aýratyn hem Ýakyn Gündogara – Azerbeýjana, Ermenistana, Kiçi Aziýa käbir bölekleri bolsa Siriýa we Yraga göçüp gidýär. Birneme soňrak türkmenleriň bir bölegi Efiopiýa çenli baryp ýetýärler. Bu ýerlerde Seljuk döwleti dargandan soň türkmen hanlary tarapyndan dolandyrylan (Rum Soltanlygy-Kaysary – Rum, Garagoýunly we Akgoýunly we beýleki döwletler döreýär. Wagtyň geçmegi bilen bu günbatar türkmenler Orta Aziýa bilen arany doly kesýärler. Birneme gijräk olar ýerli ilat bilen goşulşyp azerbejan türk halklarynyň düzümine girýärler. Türkmen diýen at bolsa ýuwaş-ýuwaşdan ýitip gidýär. Şol bir wagtda hut häzirki biziň günlerimizde Turkiýada, Siriýada, Yrakda türkmenleriň köp sanlysy ýaşamagyny dowam etdirýär.
Türkmenleriň bir uly bölegi XII asyrda halaçlylaryň hanlary bilen Hindistana Hiwa we Ganga derýalarynyň hasylly ýerlerine aralaşýarlar. Halaçlylaryň serdary Bagtyýar we onuň nesilleri Bengal ýa-da patyşa bolýarlar, birneme gijiräk 1290-1320-nji ýyllarda halaç serdarlary Hindistany dolandyrýarlar. Türkmen hanbegleri XII-XV asyrlarda Hindistanyň syýasy durmuşynda uly orun tutýarlar. Emma Hindistana gelen türkmen taýpalary wagtyň geçmegi bilen owganlar hem-de türki taýplar bilen, ýerli hindiler bilen goşulşyp gidýärler.
Türkmenleriň üçünji bir toparlanşygy beýlekiler bilen onça bir baglanşykly bolmaýarlar. Bu topara Semireçýedäki, Merkezi Aziýadaky garlyklylar, argular, tuhsiler we beýlekiler girýärler. Olar seljuk hereketlerine gatnaşmaýarlar, gaýtam oguzlar bilen duşmançylykly ýagdaýda ýaşapdyrlar. Ýöne wagtyň geçmegi bilen Merkezi Aziýada “türkmen” diýen at edil Orta Aziýada oguz diýen adyň ýitişi ýaly ýitip gidýär.
Şeýlelik bilen X-XI asyrlarda döräp başlan ilkinji we gadymy türkmen halkyýeti doly kemala gelmän böleklere bölünýär, dargaýar. Diňe türkmenleriň bir bölegi Orta Aziýada galýar. Esasy bölegi bolsa Ýakyn Gündogarda, Hindistana göçüp gidýär, Merkezi Aziýada ýaşamagyny dowam edýär. Emma bu etraplardaky türkmenler ýerli halklar bilen goşulyşyp doly ýok bolup gidýärler.
XI asyrda Türkmenistanyň çäklerinde galan bölegi has ygtybarly we durnukly hasaplanyp, şolardan hem türkmen halky kemala gelýär. Seljuklar hereketi wagtynda türkmenleriň Orta Aziýada galan bölegi, esasan hem, dürli Oguz uruglary we taýpalary bolan ýazyrlar, salyr, baýat, çowdyr, garkun, igdir, gaýy tuturga, bekteli taýpalarynyň bir bölegi oturymly ýagdaýa geçip, maldarçylykdan el çekmedik bolsa-da ekerançylyk bilen meşgullanyp başlaýarlar. Olar oturymly durmuşa geçenlerinde oturymly horosanlylaryň we horezmlileriň ýakynynda ornaşýarlar. Olar kem-kemden bir-birlerine ýakynlaşýarlar. Bu ýagdaý olaryň önümçiligine , durmuşyna, medeniýetine, diline täsir edýär. Oguzlar senetçilik, ekerançylyk endiklerini horosanlylardan kabul edip aldylar. Horosanlylar bolsa öz gezeginde täze goňşylardan, köp zatlary ylatýtada maldarçylyk barada endikleri, gepleýiş dilini ulanyp başladylar. Şeýdip ilmeşen oguzlar we ýerli horasanlylar bir-birlerine ýakynlaşyp hojalyk we medeniýet barasyndaky bir-birlerini baýlaşdyryp ugraýarlar.
XI asyr filology Mahmyt Kaşgary Oguzlar ýerli ilat bilen gatyşanlarynda özleriniň sözleriniň bir bölegini ýadyndan çykarandygyny, olaryň deregine pursiýan sözlerini ulanyp başlandygyny belleýär. Ol sözleriniň esasy bölegi ekerançylyga we senetçilige degişli sözlerdir.
XI-XIII asyrlarda Türkmenistanyň ekerançylyk zologynda horosanlylar we horezmliler san taýdan garanyňda oguzlardan köp bolup, olaryň ösüş derejesi hem ýokary bolupdyr, şu sebäbe görä-de yza galak oguzlaryň horosanlylar bilen gatyşmaklygy kyn boljakdy. Emma mongollaryň basyp alyşlary ýagdaýy düýpgöter üýtgetdi. Oturymly ekerançylar, şäher ilaty basypalyjylardan gaty uly zyýan çekdi. Şäherler ilatsyz galdy, ekerançylyk medeniýetine gazaply zerba uruldy. Hojalykda we maldarçylykda birinji orna turki dilli göçme we ýarym göçme taýpalar geçip başlaýar. Bir bölegi oturymly ýagdaýa geçen bu taýpalar XIII-XV asyrlarda türkmenler diýen ady gutarnykly alýarlar. Türkmenistanyň Eýran dilli gadymy ekerançylykly ilatyň galyndylary kem-kemden türkmenleriň arasynda ýaýrap gidýärler, olaryň dillerini kabul edýärler hem-de özlerine türkmenler diýip at berýärler.
Gönorta Türkmenistan mongollar tarapyndan aýratyn güýçli tozduryldy. Bu ýerde baýat, sanjar we beýleki türkmen taýpalary hem-de türkmenler bilen kem-kemden ýakynlaşan we olaryň dilini we däplerini kabul edip oturymly Horasanlylaryň galyndylary ýaşapdyrlar. Köp şäherlerde we obalarda oturymly ýagdaýa geçen maldarlar we ekerançylyk bilen meşgullanýan ilat bilelikde ýaşap bir-birleri bilen goşluşýarlar. Nohurly, mürçeli, änewli, möhinli türkmen taýpalary şeýle yagdaýda döreýärler. Magtym taýpasy we käbir beýleki taýpalar hem şeýleräk ýagdaýda kemala gelýär.
XIII asyrda türkmenleriň uy bölegi Demirgazyk Türkmenistana we Mangyşlaga ýygnanypdyrlar. Köne oguz taýpalary we beýleki göçme taýpalaryň – salyrlaryň gowgurlaryň, gaderleriň we beýlekileriň galyndylary hem-de özleriniň baştutanlary adyny alan täze taýpalar, meselem, XIII asyryň aýaklarynda – XVI asyryň başlarynda ýaşap Ärsarybabanyň adyny alan Ärsarylar şol ýere ýygnanypdyrlar. Beýle taýpalar dürli halkyýetlerden emele gelipdirler. Muňa mysal hökmünde Hydyrili, Alili we ş.m aýtmak bolar.
Demirgazyk Türkmenistanda (Balkan daglarynyň sebitinde, Mangyşlakda, Uzboýyň we Sarygamyşyň kenarlarynda) salyrlarda çowdurlardan, igdirlerden, ärsarylardan, hydyrililerden we alililerden başga-da tekeler, ýomutlar, saryklar, gökleňler, ýemreliler, arabaçylar, ata we beýleki ownuk taýpalar ýaşapdyrlar.
Türkmen halkyýetiniň kemala gelmek prosesiniň tamamlanmagy XIV-XV asyrlara degişlidir. Oturymly ýagdaýa geçen sähraly taýpalaryň we Günorta Türkmenistandaky oturymly gadymy ilatyň galyndylarynyň birikmegi, esasan şol wagtda tamamlandy.
Türkmenleriň esasy ata-babalary oguzlar we demirgazyk Horosanyň şolar bilen gatyşan oturymly ilaty hasaplanýar. Bulardan başga-da türkmenleriň sostawyna abdal, aram galmyk, gypjak, garlyk, mongol, tatar, merkit, mukry, agar, keraýly, halaç ýaly häsiýetli atlardan bolan uruglary we öz wagtynda Türkmenistanyň territoriýasynda ýaşap, türkmen halkyna goşulan beýleki halklaryň atlary bilen atlandyrylýan uruglary hem görýäris.
Käbir türkmen taýpalary (meselem seýit, şyh, hoja taýpalary) özleriniň gelip çykyşy boýunça ähtimal, musulman ruhanylary bilen baglanyşykly bolmaly.
Halkyň kemala gelmeginde onuň özen kökleriniň hemmesiniň täsiri ýetýär. Täze kemala gelen halka öňki oturymly hasaplanýan ilatdan antropologik keşp geçýär.
Türki dilli taýplaryň türkmen halkynyň kemala gelmeginde esasy orun tutandygy sebäpli olaryň dili türkidir. Şeýlelikde, türkmen halky ýewropapisint keşpli-süýri kelleli, türki dilli halk bolup, etnos höküminde kemala gelipdir. Emma welin türkmenlerde mongol jynysynyň sypatlarynyň galyndysy-da mese-mälim duýulýar. Türkmen dili gaty köp taýplaryň miwelerine bölünip gelen bolsada, ähli türkmen taýplary üçin düşnükli dil hem şol wagtda emele geldi. Ol dile horosanlylaryň, horezmlileriň dillerinden we türkmenleriň sostawyna giren başga-da köp taýpalaryň hem-de halkyýetleriň dillerinden gelip goşulan kän sözler bilen baýlaşdyrylan oguzlaryň dili esas boldy.
Alymlaryň bir topary XIV-XV asyrlarda Tire-urug birleşmeleriniň emele gelmegi bilen baglanyşykly türkmen halkynyň kemala gelmegi baradaky garaýyşlar bilen ylalaşmak “türkmen halky X-XI asyrlarda oguz, seljuk hereketleri, seljuklar dinastiýasynyň ýolbaşçylygynda merkezleşen türkmen döwletiniň esaslandyrylmagy türkmen halkynyň kemala gelmeginiň deslapky şertidir” diýip “eýýam şol döwürde X-XI asyrlarda umuman milli düşünje hem-de umumy dil döräpdi” diýen pikire uýýarlar. Emma biziň pikirimize entek X-XI asyrlarda Horosanyň we Horezmiň ýerli ilatynyň türkileşmek prosesi doly bolup geçmändi. Bu prosesiň bolup geçmegi üçin Seljuklaryň bary-ýogy 100 ýyl gowrak agalyk eden döwri ýeterlik däl diýip hasap edýäris. X-XI asyrlarda Alynky Aziýa göçüp giden dürli taýpa-tireleriň özlerini “türkmenler” diýip atlandyrmakda umumy milli düşünjäniň, ýagny türkmen halkynyň kemala gelendigine esas bolup hyzmat edip bilmez. Sebäbi entek bu döwürde ýokarda belleýşimiz ýaly gelmeşen oguzlaryň we seljuklaryň özlerini “türkmenler” diýip atlandyrylmagyna garamazdan entek ýerli ilatyň arasynda türkleşmek prosesi tamamlanmandy.
Alymlaryň bir toparynyň X-XI asyrlarda türkmen halkynyň halk höküminde kemala gelmegi onuň içgin ösüşiniň netijesidir diýen meselesinde hem jedele ýer goýýar. Sebäbi bu ýerde hem edil ýokardaky agzalan delili gaýtalamak ýerlikli diýip hasap edýäris. Sebäbi entek horosanlylaryň, horezmlileriň gelmeşek taýpalar watanyna täzeden dolanypdyr diýip hasap edeli, oguzlar bilen assimilýasiýalaşmak prosesi doly bolup geçmändi. Şu pikirdäki alymlaryň türkmen “halkynyň kemala gelmeginde daşky faktor höküminde oguzlaryň, seljuklaryň uruşlary halkyň döremek prosesini çaltlandyrdy” diýip gelen netijesinde hem jedele ýer kän. Sebäbi her bir uruş tozgunçyltga getirýär. Tozgunçylyk bolsa halkyň kemala gelmegine elmydama tersine täsir edýär. Ýöne şu ýerde meselä başgarak çemeleşilse ýagny oguzlaryň, seljuklaryň Türkmenistana aralaşmagy, olaryň merkezleşen döwlet döretmegi Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýan taýpalarda halkyýetiň emele gelmegine täsir edip, ýerli ilatyň goşluşmak, türkleşmek prosesini çaltlaşdyrdy diýip hasap edilse biziň pikirimizçe dogry bolýardy.
Taryhy edebiýatlarda ykrar edilişine görä, oguzlar mangolpisint (mongoloid) jynsyna degişli diýip hasap edilýär. Bu pikir IX-X asyrlarda ýaşan al-Masudyň: “Türkmenleriň oguz tiresiniň adamlarynyň boýlary pesdir we gözleri kiçidir” diýen ýazgysyna esaslanýar. Emma alymlaryň esasy bölegi bu pikire uýmaýarlar. Oguzlaryň Syrderyanyň aşak akymlarynda, Horezm sebitlerinde ýaşan toparlary X asyrda süýri kelle görnüşli bolupdyr. Ony arap geografy Mukaddesiniň (Mandisiniň – X asyr) işleri we arheologik maglumatlar subut edýär. Biz hem şu pikir bilen ylalaşmak isleýäris. Şol bir wagtda hem edil beýleki halklarda boluşy ýaly oguzlarda mongolpisint jynsly toparlaryň bolandygyny pikir etmek kyn. Sebäbi iki eýyamyň sepgidinde Tura - Altaý ugurlary boýunça halklaryň beýik göçüp gonşy dowam edende, mongoloid sypatly adamlaryň Altaýdan Turana gelmegi seýrek bolmandyr.