Türkmen gelin toýy
Bu makala Wikipediýa ülňilerine laýyk däl. Makalany üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa okyjylaryna ýardam edip bilersiňiz. |
Türkmen gelin toýy Gelin toýy türkmen toýlarynyň iň naýbaşysy hasap edilýär. Ata-babalarymyzyň dowam edip gelýän bu uly we arzyly toý adamyň durmuşynda ýatdan çykmajak dabaralaryň biri. Türkmen arzuw-niýetlere beslenip, ogul öýermäge, gyz çykarmaga çagalarynyň ýaş wagtyndan taýýarlyk görüp başlaýar. Gyzyň sepini düzetmegiň, oglana halat toplamagyň aladasy bilen bolýar. Ýöne “Oguldyr döwletiň başy...” diýlişi ýaly, ogul perzende aýratyn nazar bilen garalýar. Ogul öýermegiň özboluşly lezzeti bar. Öýüň dolýar, täze bir maşgala emele gelýär. Dowamatyň dowam bolmagyna ýol açylýar. Türkmen ir döwürlerden bäri toýuny uludan tutmagy halapdyr, oňa kän myhman çagyrylýar, özi-de birnäçe günläp dowam edýär. Gadymda türkmen toýlarynyň üç günden başlap, ýedi güne çenli dowam etdirilýändigini söýgüli şadessanlarymyzyň üsti bilen bilýäris. Türkmen toýlarynda onuň eýesi toýuň has dabaraly, şatlykly, ýatda galar ýaly bolmagy üçin elinde baryny orta goýýar. Özge hiç bir halkyňka meňzemeýän ol toýlarda türkmeniň ynsanperwerligini, myhmansöýerligini, elaçyklygyny, ruhy rüstemligini äşgär edýän ajaýyp sypatlar ýüze çykýar. Türkmen toý üçin hiç zadyny gaýgyrmaýan, oňa tutumly taýýarlyk görýän milletdir. Ol özüniň gerimi, dabarasy bilen göreni haýran edýär. Ogul öýermek ýaly uly toýlarda at çapdyryp, göreş tutulýar, ýaglyga towsulyp, “ýüzük bukdy” oýnalýar. Bagşy aýtdyrylyp, deprek kakylyp, tüýdük we gyjak çalynýar. Ogul öýermek (gelin toýy) toýy häzirki döwürde üç günläp dowam edýär. Oňa “ ýalan çelpek”, “çyn çelpek”, gelnalyjy günleri girýär. Toýuň ilki güni ýapylan çelpege ýalan çelpek diýilýär. Ol gün goňşy-golamlar, dogan-garyndaşlar üýşüp, gudalara äkidilmeli saçak üçin iki gap çelpek ýapylýar. Onuň daşyndan toýa gelenlere we myhmanlara jübütden epläp, çelpek paýlaýarlar. “Çyn çelpek” güni ýapylan çelpek bolsa, toý güni gelen-gideniň öňüne äbermek, toýa getirilen saçaga salmak üçin ýapylýar. Türkmen maşgalasynda toý tutup, ogul öýerilensoň, täze dörän maşgala özbaşyna öý dikip bermek onuň ata –enesiniň ýerine ýetirmeli borjy bolupdyr. Gelin alnyp berlen ýigide özbaşdak öý tutulypdyr. Bu ýerde öýlenmek- öý gurmak diýen düşünjäni berýär. Ir zamanlarda öýlenmekçi bolýan ýigide sähra tarapa ýaýy atdyrypdyrlar, onuň peýkamynyň düşen ýerinde ýurt tutulyp, toý toýlanypdyr. Wagtyň geçmegi bilen toý däpleri döwre görä baýlaşyp, onuň üsti ýetirilip gelinýär. Däp-dessura baý türkmen halkynyň gelin toýlary her etrapda öz aýratynlygy we üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar. Gelin toýy süýjülik bilen açylýan gudaçylykdan başlanýar. Türkmenlerde bu meselä juda inçe çemeleşilýär. Halk arasynda “ Gudaçylyk-müň ýylçylyk”, “Gudamyň gudasy-çorbamyň goýusy” diýen pähim bar. Durmuş toýunyň manysy, ähmiýeti örän uly. Ol gyzyň hem ýigidiň geljekki ykbaly barada çynlakaý oýlanylyp, ölçerilip-dökülip çözülýär. Durmuş toýunyň tutulmagy bilen täze bir maşgala döräp, ol iki tarapyň ömürlik garyndaşlyk gatnaşygyna ýol açýar. Şonuň üçin bu meselede “Ýedi ölçäp, bir kes” diýen pähimden hem ugur alynýar. Guda bolunjak maşgalanyň asly, il içindäki at-abraýy, gelinligiň el işleriniň çeperligi, başarnygy we öwrenilýär.