Mazmuna geçiň

Türkmen elipbiýi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Türkmen elipbiýi — latyn grafikasyna görä ýazylyp 1993 ýyldan bäri Türkmenistanda durmuşyň ähli pudaklarynda ulanylmaga başlandy. Ol 1930-njy ýyllarda ulanylan latyn we ondan soň 1991-nji ýyla çenli ulanylan Kiril elipbiýden tapawutlanýar. Türkmen elipbiýinde 30 sany harp bar.

Bular:

A B Ç D E Ä F G H I J Ž K L M N Ň O Ö P R S Ş T U Ü W Y Ý Z
a b ç d e ä f g h i j ž k l m n ň o ö p r s ş t u ü w y ý z
latyn kiril IPA latyn 1993 latyn 1992-1993 latyn 1927-1940
A a А а [a] A a A a A a
B b Б б [b] B b B b B b
Ç ç Ч ч [ʧ] Ç ç C c C c
D d Д д [d] D d D d D d
E e Е е [e] E e E e E e
Ä ä Ә ә [æ] Ä ä Ea ea Ә ә
F f Ф ф [ɸ] F f F f F f
G g Г г [g~ʁ] G g G g G g
H h Х х [h~x] H h H h H/X h/x
I i И и [i] I i I i I i
J j Җ җ [ʤ] J j J j Ç ç
Ž ž Ж ж [ʒ] £ ſ Jh jh Ƶ ƶ
K k К к [k~q] K k K k K/Q k/q
L l Л л [l] L l L l L l
M m М м [m] M m M m M m
N n Н н [n] N n N n N n
Ň ň Ң ң [ŋ] Ñ ñ Ng ng Ŋ ŋ
O o О о [o] O o O o O o
Ö ö Ө ө [ø] Ö ö Q q Ө ө
P p П п [p] P p P p P p
R r Р р [r] R r R r R r
S s С с [θ] S s S s S s
Ş ş Ш ш [ʃ] $ ¢ Sh sh Ş ş
T t Т т [t] T t T t T t
U u У у [u] U u U u U u
Ü ü Ү ү [y] Ü ü V v Y y
W w В в [β] W w W w V v
Y y Ы ы [ɯ] Y y X x -
Ý ý Й й [j] Ұ ÿ Y y J j
Z z З з [ð] Z z Z z Z z

Çekimli we çekimsizler

[düzet | çeşmäni düzet]

a, e, ä, y, i, o, ö, u, ü harplary çekimli sesleri, beýleki harplar bolsa çekimsiz sesleri aňlatmak üçin ulanylýar.

Ulanylan çeşmeler

[düzet | çeşmäni düzet]