Mazmuna geçiň

Türkmen ak öýüniň gurluşy we umumy meýdanlary.

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Töweregimizdäki gurşap alan tebigatda adamyň hut özüniň gündelik ýaşaýşyny dowam etdirmegi üçin dürli zerurlyk bar. Olaryň biri hem ýaşalýan ýer, ýaşaýyş jaýy, öý bolup durýar. Öý ynsanyň ýaşamagy, şonyň bilen birlikde kesgitli çäklerde, ýagny öýüniň umumy meýdanlarynyň içinde mümkin bolan gündelik durmuş hajatlaryny kanagatlandyrmaga niýetlenendir. Ýaşaýyş jaýynyň adam üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmaty bar. Öýde rahat dynç alynýar. Adamyň tebigy gurluşy onuň süňňi bellibir wagt ölçeginiň dowamynda hereket edeninden soňra kesgitli wagt aralygynda dynç almagyny gutarnykly talap edýär. Dynç almak bilen adamyň süňňi täze güýç toplaýar. Toplanan güýç adamyň mundan beýläk ýaşamagy üçin gerek bolan zerurlyklaryň kanagatlandyrylmagyna gönükdirlendir. Halkymyzyň köp asyrlyk taryhyna ser salanymyzda ata—babalarymyz özleriniň ýaşamaklary, dynç almaklary üçin öz döwrüne mahsus bolan amatly ýaşaýyş öýlerini gurupdyr. Çylşyrymly bolmadyk ak öýler esasy ýaşaýyş jaýlary bolup hyzmat edipdir. Öýiň içindäki üstki bölegi ýörite ölçeg abzallary ýa—da gurallary bilen ölçenende birligi—meýdan bolup durýar. Ak öýleriň umumy meýdanlary öz nobatynda ýaşaýyş hem—de peýdaly meýdanlara bölünýär. Ak öýleriň umumy meýdanlary diýilende, öýiň içinde, ýeriň üstki böleginde adamyň hereket edip ýa—da ýaşap bilýän ýerine, öý goşlarynyň we emläkleriniň, beýleki zatlaryň, ýeriň üstünde goýlan ýerlerini goşmak bilen hasaplanandaky öýüň umumy giňişliginiň ýäklerine düşünmek bolýar. Giňişlik ak öýiň umumy meýdanlarynyň serhedinden başlanýan çäginiň meýdanlaryny doly öz içine alýar. Öýiň umumy meýdanlarynyň daşynyň serhedi tärim bilen araçäkleşýär. Ak öýleriň daşky bölegi bolan tärim, öýiň umumy meýdanlarynyň daşky çyzygy bolup hyzmat edýär. Diwarlar diýende, töweregimizi gurşap alan tebigatdan gönüläp, ak öýiň umumy meýdanlarynyň çägine geçmäge päsgelçilik döredýän tärime, onuň daşyna örtülýän keçäniň ýa—da palasyň, örülen gamyşyň birleşmeginden emele gelen özboluşly böwede düşünmeli. Ak öýleriň aşaky böleginiň diwarlary ýer bilen gönimel galtaşýar. Öýüň ýaşaýyş we peýdaly meýdanlaryny emele getirýän umumy meýdanlaryň giňişliginiň daşky bölegi ak öýleriň esasy daýanç sütünleri bolan tärim bilen araçäkleşýär. Sebäbi öýüň umumy meýdanlarynyň giňişliginiň çägi tärimiň başlanýan ýerinde gutarýar. Tärimiň başlanýan ýeriniň çyzygy öýüň umumy meýdanyna degişli giňişligiň gutarýan nokadydyr. Ak öýleriň umumy meýdanlarynyň ululygy ýa—da kiçiligi öýüň esasy daýanç sütüni hasaplanýan we “Ganat” diýlip, atlandyrylýan tärimleriň sanyna bagly. Esasan alty, sekiz we on iki ganatly ak öýler köp gurlupdyr. Käbir edebiýatlarda dört ganatly ýagny, jemi dört sany tärimden gurlan ak öýler hakynda gürrüň edilýär. Ýöne öýleriň esasan alty ýa—da sekiz hem—de on iki ganatly bolandygy köp sanly ýazuw çeşmelerinde bellenilip geçilýär. Öýleriň, esasan şeýle ululykda bolanlygy kitaplarda bellenilip geçilýär. Tärimleriň sanyndan belli bolyşy ýaly, köp sanly tärimli öýleriň umumy meýdanlarynyň giňişliginiň ölçeg birliginiň san görkezijileri uly meýdany aňladýar. Az sanly tärimli öýleriň umumy meýdanlarynyň ölçegi kiçi, ýöne özüne mahsus bolan giňişligi eýeläpdir. Öýler öz gurluşynda tärimleriň sany, umumy meýdanlarynyň tutýan giňişligi bilen özaralarynda tapawutlanýar. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, ak öýleriň umumy meýdanlary öýüň ýaşaýyş hem—de peýdaly meýdanlarynyň çäkleriniň bitewi jemini öz içine alýar. Öýüň umumy meýdanlarynyň jemi adamlaryň ýaşamak, olaryň gündelik durmuş hajatlaryny kanagatlandyrmak hyzmatyny hem ýerine ýetirýär. Umumy giňişligiň bir bölegi bolan ýaşaýyş meýdanlary raýatyň diňe ak öýde ýaşamagy üçin niýetlenen ýeri bolup durýar. Şeýle meýdanlar adamlaryň diňe ýaşamagyna niýetlenip, hut şonuň üçin hem ulanylýar. Ak öýleriň umumy meýdanlary biziň töweregimizi gurşap alan tebigat bilen öýüň aralygynda ýerleşýän diwarlar arkaly bölüýär. Öýüň peýdaly meýdanlary bolsa öýüň içki giňişliginiň kesgitlenen ýerine görä, diwarlar hem—de ýaşaýyş meýdanlary bilen araçäkleşýär. Ýöne öýüň diňe ýaşaýyş meýdanlary diwarlar bilen araçäkleşmän hem biýär. Munuň şeýle bolamagynyň sebäbini ýurdumyzyň çäklerinde ýylyň dowamynda howanyň pasyllara görä üýtgeýändigi bilen düşündirmek bolar. Mundan hem başga adamyň süňňi jana ýakymly howanyň öýüň içinde bolmagyny talap edýär. Töweregimizi gurşap alan giňişlikde howa sowuk bolanda adamyň bedeni ýyly howanyň bolmagyny isleýär. Ýaşaýyş meýdanlary öýüň diwarlary bilen araçäkleşen halatlarynda az hem bolsa bellibir derejede ýaşaýyş üçin amatly bolmadyk ýagdaý ýüze çykyp biýär. Muňa has sowuk howaly günlerde anyk göz ýetirmek bolar. Töweregimizi gurşap alan giňişlikdäki howanyň yssy wagty hem öýüň diwarlaryny emele getirýän serişdeler gyzýar. Hut şeýle sebäpler üçin ak öýleriň ýaşaýyş meýdanlary öýüň aşaky bölegi hasaplanýan diwarlary bilen gönümel araçäkleşdirilmeýär. Türkmeniň ak öýüniň umumy meýdanlarynyň giňişliginiň içki bölegi öýüň daşynyň diwarlary ýaly diwarlar arkaly bölünmändir. Muňa garamazdan öýüň umumy meýdanlary öz nobatynda biziň günlerimizdäki ýaly ýaşaýyş hem—de peýdaly meýdanlara öz döwrüne mahsus bolan häsiýetde bölünipdir. Has dogrysy, umumy meýdanlaryň çäginde belli—belli ýerler kesgitlenipdir. Şeýle ýerlere özboluşly atlar hem dakylypdyr. Kesgitli ýerler diňe özüniň niýetlenişine görä hem peýdalanylypdyr. Tärimiň içki, ýagny umumy meýdanlara ýüzüni tutup duran tarapynyň ýer bilen galtaşýan ýeri öýüň iç tarapyndan gönülenip, tegelek görnüşinde çyzylanda emele gelýän çyzyk diwarlar bilen umumy meýdanlaryň arasyny bölýär. Öýüň bosagasyny goşaňda, öýüň gurluşyna görä, emele gelýän tegelek çyzyk öýüň umumy meýdanlarynyň çägini aýdyň kesgitleýän serhet bolup hyzmat edýär. Öýiň diwarlarynyň daşky bölegini örülen gamyş tutýar. Gamyş açyk asmanyň astyndaky ýeriň üstki bölegi arkaly ak öýüň umumy meýdanlarynyň araçägini kesgitleýär. Örülen gamyş arkaly öýüň meýdanlary hasaplananda emele gelýän san görkezijini diňe umumy meýdanlar diýip, hasaplamak dogry bolar. Sebäbi şol meýdanlaryň jemi öz içine öýüň diwarlarynyň galyňlygyny hem alýar. Diwarlaryň galyňlygy goşulyp hasaplananda, az ölçegdäki giňişlik hem bolsa öýüň umumy meýdanlarynyň san görkezijileri artýar. Öz nobatynda öýüň diwarlary umumy meýdanlar bilen biziň daşymyzy gurşap alan giňişligi bölýän araçäk bolup hyzmat edýär. Turkmenleriň milli mirasy bolan ak öýler öz gymmatyny hiç wagt ýitirmez.

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetiniň Halkara Gatnaşyklar hünäriniň 2—nji ýyl talyby Nurmyrat Atabaýew.